Absolýut ýygnalma

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Absolýut ýygnalma - hatarlaryň we integrallaryň ýygnalma görnüşi. Eger-de san hatarlarynyň (u_1 + u_2 + ...u_n + ...) çlenleriniň absolýut ululyklaryndan düzülen hatar \left|u_1\right| + \left|u_2\right| + ... + \left|u_n\right| + ... ýygnalsa, onda ol san hatarlaryna absolýut ýygnalýan hatar diýilýär. Absolýut ýygnalýan hatarlaryň häsiýetleri gutarnykly jemleriň häsiýetlerine meňzeşdir. Goşmak we çlenme-çlen köpeltmek boýunça absolýut ýygnalan hatarlar halka emele getirýär. Eger I = \int_0^\infty f(x)\,dx bilen birlikde I = \int_0^\infty \left|f(x)\right|\,dx ýygnalsa, onda I-e absolýut ýygnalan integral diýilýär.