Abort

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Abort (latynça: abortus - çaganyň wagtyndan öň düşmegi) - 1) göwredäki çaganyň öz-özünden düşmegi, aýrylmagy. Göwredäki çaga 12 hepdä çenli düşse oňa irki, 13-28 hepdä çenli düşse-giçki abort diýilýär. Grip, brusselýoz, toksoplazmoz, ýatgynyň kiçiligi, ganyň rezus deň gelmezligi ýaly agyr we hroniki keseller çaganyň öz-özünden düşmegine sebäp bolýar; 2) emeli ýol bilen çaga düşürmek medisina kömegi bilen diňe wraçlar tarapyndan ýörite keselhanalarda geçirilýär. Keselhanadan başga ýerde ýa keselhanada bolsa-da bikanun esasda, ýa-da ýörite medisinia bilimi bolmadyk adam tarapyndan emeli ýol bilen göwreliligi togtatmak howpludyr. Ol çaga bolmazlygyna we her hili aýal keselleriniň döremegine sebäp bolýar.