Abiwert

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Abiwert (Bawert) - Kakanyň raýon merkezinden 4 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýän orta asyr şäherleriniň harabaçylygy. Ol ýerde biziň eramyzdan öň 1-nji müňýyllykdan başlap, tä 18-19 asyrkara çenli ýaşaýyş bolupdyr. Abiwertiň umumy tutýan meýdany 42 gektara barabar bolup, ol ýerde 18-nji asyrda Nedir şa döwründe türkmenleriň alyli taýpasy ýaşapdyr. Şäher gür ilatly bolupdyr. İlat, esasan, ekerançylyk we belli bir zerejede maldarçylyk bilen hem meşgul bolupdyr. Şäheriň daş-töwereginde gadymy ekerançylyk ýerleriniň sudury mese-mälim görnüp dur. Şäherde 3 sany howuz, birnäçe guýy bolup, olar ilata agyz suwy beripdir. Şäheriň 2 sany bazar meýdançasy bolup, onda senetçilik we oba hojalyk harytlary satylypdyr. 1876-njy ýylda Deregeziň hany Allaýar han Kaka sebitlerini basyp alandan soňra, Abiwert taşlanýar.