Abissal zona
Appearance
Abissal zona (grekçe: abyssos - düýpsüz) - deňizleriň we okeýanlaryň 2000 m we ondan hem çuň ýerleri. Bu zonada suw Ekwatora tarap örän haýal akýar. Mydamalyk temperaturasy +1-2 °C bolup, has çuň ýerlerde 0 °C golaýdyr. Abissal zonada ýaşaýan haýwanlaryň köpüsiniň gözü kör ýa-da örän uly bolýar. Bu ýerde bakteriýalardan hem-de saprofit suw otlaryndan başga ösümlikler duşmaýar.