Abdyllahan gala

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Täze Merw galalarynyň ilkinjisidir. Şahruhyň döwürdeşi bolan taryhçy Abdyrazzak Samarkandynyň bellemegine görä Şahruh bu galanyň gurluşyk işlerini dolandyrmak žçin guramaçy emeldarlardan Alaeddin Kukeltaşy, Musany hem-de edenli hökümet işgäri Emiraly Şeýanyny belläpdir. Seýdip häzirki Baýramaly şäheriniň demirgazygyna sepleşip oturan, orta asyr döwrüne degişli Täze Merw galasy - Abdyllahan gala bina edilipdir. Göwrümi boýunça gadymy Merw galalaryndan has kiçi bolan bu galanyň daş ýüzi 24×24×5 sm. ölçegdäki çig kerpiçler bilen, içi bolsa Soltan Sanjar mawzoleýiniňkä görä kiçeçräk dörtgyraň kerpiçler bilen, diwary her bir metr beýiklikde 5 sm. içe gidýän görnüşde salnypdyr. Galanyň gapdal diwarlarynyň uzynlygy 630 metrden 695 metre çenli bolup, olaryň saklanyp glan ýerleriniň galyňlygy 2,5-3 metrden 6 metre, beýikligi hem 5-7 metre çenli ýerýär.Galanyň daşyndan diwardan omzaşyp daşa çykýan egme görnüşli 44 sany gorag diňleri salnypdyr. Galanyň gündogar, günbatar we günorta diwarlarynda derwezeler bolupdyr.