Abdylkadyr
Abdylkadyr Jezaýyry | |
Doglan wagty we ýeri | Abdylkadyr İbn Muhýiddin İbn Mustafa El Hasani El Jezaýyry Sentýabr 6, 1808 Guetna, Cezayir-i Garp Welaýaty, Osmanly Imperiýasy |
---|---|
Aradan çykan wagty we ýeri | Maý 26, 1883 Şam, Siriýa Welaýaty, Osmanly Imperiýasy |
Käri | Ýolbaşçy Esger |
Milleti | Arap |
Etnikasy | Alžir |
Abdylkadyr (1808-1883) - alžir halkynyň fransuz kolonizatorlaryna farşy azat edijilik göreşinde ýolbaşçysy. Alžiriň milli gahrymany. Onuň asly gurply feodal urugyndan bolupdyr. 1832-nji ýylda Günbatar Alžiriň taýpalary Abdylkadyry hökümdar edip saýlaýarlar (tiz wagtda ol emir titulyny alýar). Talantly serkerde, akylly we gujurly syýasatçy Abdylkadyr 1832-47 ýyllarda Alžirdäki fransuz okkupantlaryna garşy gozgalaňa ýolbaşçylyk edýär. Abdylkadyr alym, operator we şahyr hökmünde Alžirde halk mekdepleriniň döredilmegine ýardam edýär, gymmatbahaly golýazmalaryň kitaphanasyny döredýär. 1847-52 ýyllarynda Fransiýada ýesirlikde bolýar; soňra Damaskide ýaşaýar we ol ýerde din taglymaty bilen meşgullanýar. 1860-njy ýylda Damaskide guralan hristiýan gyrgynçylygy wagtynda, ol druzlaryň hem-de maronitleriň arasyndaky duşmançylygyň bes edilmegi ugrynda çykyş edýär.