Abdy Beg Şirazy
Abdy Beg Şirazy |
Abdy Beg Şirazy (Hoja Zeýnel - Abidin Aly Abdy beg Nüwidi Şirazy, 1515-80) - türki kowumlardan bolup, eserlerini pars dilinde ýazan görnükli şahyr. Ol 3 diwanyň, 3 hamsanyň hem birnäçe taryhy eseriň awtorydyr. Onuň diwanlaryna girýän şygyrlary heniz tapylanok. Şirazynyň hamzalarynyň birinjisine - "Mazharul asrar", "Jamy Jemşidi", "Mejnun we Leýli", "Heft ahtar", "A'ini Isgenderi"; ikinjisine - "Jöwheri ferd", "Defderi dert", "Ferdewsül arifin", "Enweri tejelli", "Haza'ini malkut"; üçünjüsine - "Rowzat as-sypat", "Duhtarul azhar", "Jennetul esmar", "Zynatul Awrak", "Sahyfatul yhlas" diýen eserleri girýär. Gündogardaky iň meşhur sýužet esasynda ýazylan "Mejnun we Leýli" peomasynda Emir Hysrow Dehlewiniň, Abdylla Hatyfanyň atdaş eserleriniň täsiri güýçli duýulýar. Şirazynyň bulardan başga "Takmilatul ahbar" atly eseri hem bar. Onuň "Salaman we Absal", "Tarabnama", "Dibaçatul beýan" diýen eserleri heniz tapylanok.