Mazmuna geçiň

Abdulla Kahhar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Abdylla Kahhar — Özbek edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan Özbegistanyň halk ýazyjysy Abdylla Kahhar 1907-nji ýylda Kokan şäherinde demirçiň maşgalasynda dünýä inýär. Orta bilimi Kokan şäherinde alan Abdylla 1925-nji ýylda Daşkente gelip "Gyzyl Özbegistan" gazetinde işleýär. Ol Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň pedagogika fakultetinde (1930) okaýar. Abdylla Kahhar "Sowet edebiýaty" žurnalynda jogapkär kätip, Özbegistan döwlet neşirýatynda redaktor (1954-1956) wezipelerinde işleýär. Abdylla Kahharyň döredijiligi 1924-nji ýylda başlaýar. Ilki "Mushtum" žurnalynda, "Yangi Farg'ogana" gazetinde onuň hekaýa, feleton habarlary neşir edilýär. Ýazyjynyň "Olam yasharadi" atly ilkinji hekaýalar ýygyndysy 1935-nji ýylda çap edilýär.

Meşhur eserleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Abdylla Kahharyň eserleriniň arasynda "Qoʻshchinor chiroqlar" hem-de "Sinchalak" (1958), "Oʻtmishdan ertaklar“ (1965) we "Muhabbat“ (1968) kyssalary möhüm orun eýeleýär. Olardan daşgary "Boshsiz odam“, "Anor“, "Bemor“, "Oʻgʻri“, "Dahshat“, "Millatchilar“, "Sanʼatkor“, „Adabiyot muallimi“, "Oʻjar“, "Asror" ýaly onlarça hekaýalar, "Shohi soʻzana“ (1949), "Ogʻriqtishlar“ (1954), "Tobutdan tovush“ (1962), "Ayajonlarim“ atly komediýalar, feletonlar, edebi-tankydy makalary hem ýazypdyr.

Baýraklary

[düzet | çeşmäni düzet]

Abdylla Kahhar Hamza adyndaky Özbegistan döwlet baýragynyň (1966) laureaty. Şeýle hem 2000-nji ýylda "Beýik hyzmatlary üçin" ordeni bilen sylaglanypdyr.