ABŞ – Türkmenistan gatnaşyklary
ABŞ – Türkmenistan gatnaşyklary
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy : “Biziň bu gün Ýewropanyň ähli döwletleri bilen hem ikitaraplaýyn bähbitli, ygtybarly gatnaşyklarymyz bar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gepleşigimiz we hyzmatdaşlygymyz gitdigiçe işeňňirleşýär” diýip belleýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy: “Amerikanyň Birleşen Ştatlary dünýäde iň bir güýçli, abraýly döwletleriň biri. ABŞ-yň Prezidenti Bill Klinton Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny goldaýandygyny, türkmen döwletiniň synmagyna hiç mahal ýol bermejekdigini nygtaýar. Bu türkmen üçin uly sylag-hormat dälmidir”.
ABŞ özüniň daşary syýasatynda Merkezi Aziýada Bitarap Türkmenistana aýratyn üns berýär. Ol Türkmenistanyň Bitaraplygyny goldaýar we oňa kepil geçýär. Ykdysady gatnaşyklarda ösýän Türkmenistana maýa goýumlaryny goýýar. Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli nebit-gaz taslamalaryny goldaýar. 1998-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň ABŞ-a resmi sapary wagtynda türkmen-amerikan gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmek barada resminamalara gol çekdi.
1990-njy ýyllarda ABŞ-yň ykdysadyýeti. 1990-njy ýylarda ABŞ-yň ykdysadyýetiniň dünýäde täsiriniň azalandygyna garamazdan, ol dünýä senagat önüminiň, oba hojalyk harytlarynyň we hyzmatlarynyň 25%-ni öndürýärdi. Bu görkeziji XX asyryň soňky 15 ýylyň içinde birmeňzeşligine saklanyp galdy. Ýogsam ol dünýäniň ähli gury ýer böleginiň 6%-ne we ilatynyň 5%-ne eýedir. XX asyryň ikinji ýarymynda ABŞ-yň jemi milli önümi üç esse artdy.
ABŞ käbir ugurlarda entegem dünýä öňdeligini saklamagyny dowam etdirýär. Olaryň hataryna biohimiýa we gen inženerligini, aerokosmiki barlaglary we tehnologiýalary, aragatnaşyk serişdelerini, kompýuter we habar beriş hyzmatlaryny goşmak bolar. Daşary ýurtlaryň bäsdeşligine duçar bolýandygyna garamazdan bu pudaklarda ABŞ uly üstünlik gazanýar.
1991-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-sinde Türkmenistan özüni özbaşdak Garaşsyz Döwlet diýip yglan etdi. Türkmenistan öz döwletiniň, öz baýlygynyň eýesi boldy.
1993-nji ýylyň Nowruz aýynyň 21-inden başlap Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň taryhy başlandy.
Hut şol ýylyň Nowruz aýynda Beýik Serdarymyz BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 44-nji sessiýasyna gatnaşan döwründe, ABŞ-nyň prezidenti Jorj Buş bilen duşuşyp daşary syýasat babatynda yglan eden “harby doktrinasy gatyşmazlyk syýasatyny goldamak barada” pikir alyşdylar.
Bu bolsa syýasy meselede öňe ädilen ädim boldy. ABŞ hem daşary syýasatynyň parahatçylykly ugra gönükdirilendigine ABŞ hem beýleki ösen iri döwletler ýaly Garaşşyz Bitarap Türkmenistan bilen şu günki günde özara hyzmatdaşlygy ýola goýdy. XXI asyryň başynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň derejesi has ösdi. Onuň aýdyň subutnamasy hökmünde 2002-nji ýylyň Nowruz aýynyň 4-inde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ABŞ-ň Türkmenistandaky adatdan daşary doly ygtyýarly ilçisini kabul etmegi hem-de şol duşuşykda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň 10 şanly ýyllygy bilen ABŞ-ň ilçihanasynyň beýleki wekillerini hem gutlady. Duşuşykda türkmen-amerikan döwletara gatnaşyklarynyň özara bähbitli taraplarynyň maksatnama laýyk wezipeleri kesgitlendi.
|