Mazmuna geçiň

70-80-nji ýyllardaky sebitara dawalar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

70-80-nji ýyllardaky sebitara dawalar.


Ykdysady, territoriýal, etniki, dini we milletara düşünişmezlikleriň esasynda ýüze çykan dawalaryň hataryna Kiprde täsir zolaklaryny paýlaşmak hem-de Egeý deňzindäki adalara eýeçilik etmek ugrundaky grek-türk dawasyny goşmak bolar. Ýapon deňzindäki käbir adalar meselesi Ýaponiýa bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky dawanyň sebäbine öwrüldi. Ispaniýa bilen Beýik Britaniýa Gibraltar meselesinde oňuşmady. 1982-nji ýylda Beýik Britaniýa Argentina degişli Folklend (Malwin) adalaryny basyp aldy.

Afrikadaky gapma-garşylyklaryň köpüsi halkara gatnaşyklarynda dartgynlyklara getirdi. Liwiýa bilen Çadyň arasyndaky dawa Fransiýa we ABŞ işjeň goşuldy. 70-nji ýyllarda Namibiýa meselesi ýitileşdi. 1988-nji ýylyň ahyrynda Angolanyň, Kubanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň arasyndaky gepleşikleriň netijesinde 1989-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap Namibiýanyň garaşsyzlygy yglan edildi. Ol ýerden Angolanyň, Kubanyň goşunlary çykaryldy. 80-nji ýyllarda ABŞ özüne ýaramaýan syýasy düzgünli döwletleriň käbirine dünýä göz edip, güýç görkezdi. 1983-nji ýylda ABŞ-yň Grenada goşun salmagy, 1989-njy ýylda Panama çozmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu babatda SSSR hem „akja jüýje“ däldi. Ol Angoladaky, Efiopiýadaky, Nikaraguadaky wakalara goşulypdy. Owganystanda 9 ýyllap yglan edilmedik uruş alyp barypdy.

„Çöldäki harasat“. 1990-njy 2-nji awgustynda Pars aýlagy sebitinde täze dartgynlylyk emele geldi. Yrak Kuweýti basyp alyp, ony Yragyň bir welaýaty diýip yglan etdi. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rugsady bilen 1991-nji ýylyň başynda ABŞ, Ýewropa döwletleriniň käbiri Yraga garşy „çöldäki harasat“ adyny alan söweş hereketlerini geçirdiler. Kuweýtiň garaşsyzlygy dikeldildi.

Şablon:UN-STUB