“Sportdyr saglygyň aýdyň gözbaşy”

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

“Sportdyr saglygyň aýdyň gözbaşy”[düzet | çeşmäni düzet]

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ruhybelentligi we sagdynlygy özüne hemra edinen türkmen türgenleri bu günki gün halakara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp özleriniň gujur gaýratlaryny görkezip hormatly ýerleri eýeleýärler.Ýurdumyz birnäçe halakara derejesinde geçirilýän ýaryşlar ýerine öwrüldi . Biziň Türkmenistan döwletimizde mälim bolşy ýaly, ýeňil atletika boýunça ýaryşlarda programmanyň iň özüne çekiji we gyzykly görnüşleriniň biri gysga aralyklara ylgaw hasaplanylýar. Ýaryşlara gatnaşmaklygyň wagty sekuntlar bilen ölçelýär, daşynda seredäýeniňde bolsa şeýle hem däl ýaly. Ylgaýjy startdan ylgawy çalt başlaýar, onuň aralykda ylgaýşy has hem çalt ylgaýar. Ylgaw boýunça ýaryşa gatnaşmagyň zähmetini çekmedik tomaşaçy hem şondan pes ylgamaryn öýdenok. Ylgaw wagtynda oňat netije üçin sportsmeniň ençeme ýyllar irginsiz we tutanýerli türgenleşendigini bolsa, ol bilmeýär. Gatnaşýan iri ýaryşlaryndan soň olaryň derrew ylgawda öz güýçlerini synamaklaryna kömek berilmegini haýyň edýän wagtlary seýrek bolmaýar. Emma köp halatlarda olar aňk-taňk bolýarlar, özleriniň tomaşaçy wagtynda çalt hem göze ilmeýän bolup görünýän ylgawy uzak wagta çekýän maşk we uly tagallalar talap edýän bolup başlaýarlar. Dogrysyny aýdanynda, seretmek ylgamakdan has ýeňil bolup çykýar. Ýeňil atletikada ýokary netijeleri nähili gazanmak bolar diýlen sowala – diňe tutanýerli, irginsiz türgenleşik diýip,, jogap bermek bolar. Emma ýeňil atletika haýsy maşklaryň girýändigini hemmeler aýdyň göz öňüne getirip bilmeýärler. Ylgaw we ýöremek adamzadyň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, adamlaryň ýol geçmekleriniň esasy usuly bolup hyzmat etýär. Diňe çalt hereket etýänler we özi we öz doganlary üçin azyk tapyp hem howp abanan mahalynda öz wagtynda gaçyp sypyp bilýärdiler. Köp aw edýänler we ylgaýanlar çalt hem-de çydamly bolýardylar. Biziň ata-babalarymyz iň dürli päsgelçilikleri ýygy-ýygydan geçmeli bolýardylar: diwar ýa-da jar, ýykylan agaç ýa-da suwly ýap. Olaryň üstünden ylgap barşyna badyna, käte bolsa hatda eli başga bir serişdeli geçmeli bolýardylar. Şeýle zatlar bilen meşgullananlar çakgan bolýardylar, olaryň hereketleriniň çaltlylygy, çydamlylygy ösýärdi, aýaklarynyň güýji artýardy.

Ahyr soňunda bolsa aw etmegini, hüjüm etmeginiň we goranmagynyň usuly metalliki snarýadlary zyňmakdyr. Olar ýa-ha daşdy, ýa-da tötänden tapylan haýsydyr bir zatdy, ýogsam hem gysgajyk agaç saply, zyňylýan ýarag we naýza ýaly ýörite taýýarlanylyp zyňylýan zatlardyr. Olary zyňýan ähli kowum-garyndaşlary tarapyndan söýülýän we hormatlanylýan iň güýçli adam bolýardy. Şeýle adamlar hakynda ertekiler we aýdymlar düzülýärdi, olar ýarym adam , ýarym hudaý hasaplanýardylar, olar hemmeler tarapyndan hormatlanýardy. Grekleriň Gerakli hakynda, üç rus batyrlary Ilýa Muromsy, Alýoşa Popowiç we Dobrynýa Nikitiçi, türkmen eposynyň gahrymany Görogly we beýleki halk ertekileriniň gahrymanlaryny mysal getirmek bolar. 

Ähli oglanlaryň we gyzlaryň oňat sportsmen bolaslary, birinjiligi alaslary we rekordlar goýaslary gelýändir. Şeýle arzuw çagalyk döwründe kimde bolan däldir.Emma köp adamlar üçin ol şol arzuwlygyna hem galdy. Ilki batlara öz ýoldaşlarynyň öňünde gelşiksiz görünmekden utanmakdanmy, çekinmekdenmi, ýeterlik düşünjeliligiň we erkligiň ýoklugyndanmy ýa-da sport bilen meşgullanmaga ene-atalaryň biderek gadagan etmeklerindenmi, garaz olar sport durmuşyna girişip bilmändirler. Sportda gör näçe oňat zatlar bar! Öz netijeleriň ösýändigini we özüniň has güýçli, has çalt we ahs çydamly bolýandygyny bileninde gör nähili ägirt uly kanagatlanmak duýgusyna eýe bolýarsyň! Klasyň, mekdebiň, raýonyň, ýa-da şäheriň komandasynyň sostawyna goşulmak oňat zat. Ýeňil atletika bilen näçe ýaşdan meşgullanyp başlamaly? Belki 8 ýaşda, belki 12 ýaşda? Howludamy, köçedemi ýa-da nirededir bir boşlukda, haýsy ýaşda futbol oýnap başlandygyňyzy ýadyňyza salyň. Siz uzynly gün pökgi kowalap, onuň bilen örän yhlasly gyzygansyňyz. Mekdebe ýa-da sapaklaryňyzy taýýarlamak üçin öýüňize gitmeli bolanyňyzda bu oýny nähili gynanyp bes edensiňiz. Siz ylgaşan wagtlaryňyzy, çybyga atlanyp oýnan oýunlaryňyzy, böküp we zyňyp oýnan oýunlaryňyzy ýadyňyzdan çykaran dälsiňiz? Bularyň hemmesini çaga ýaş wagtynda edýär, diňmek siz ýeňil atletika bilen meşgullanyp biljek ekeniňiz. Emma bu makala eýýam ylgap bilýänler, jemgyýetçi instruktorlaryň kurslaryny gutaranlar üçin ýazylýar. Diňe olar üçin da 6-nji , 7-nji klaslarda okaýanlara hem ýeňil atletika bilen meşgullanmaga kömek edip biler. Ýeňil atletika bilen ýaňy meşgullanyp başlaýanlaryň toparyna nähili girmeli? Sportuň bu görnüşi boýunça gyzyklanyp başlan batlaryna, ýaşlary şu sowal gyzyklandyrýar. Ýeňil atletika bilen nädip meşgullanyp başlamaly? Size anyk jogap bermäge çalşarys. Ilkinji nobatda saglyk ýagdaýyny kegitlemek zerur, munuň üçin bolsa öz mekdep lukmanyňyzdan jikme-jik medisina gözden geçirilişinden geçmeli. Doktor ýeňil atletika bilen meşgullanmaga rugsat berenden soň, işe batyrgaý ýapyşyp bilersiňiz. Özüňizi ýeňil atletika seksiýasyna goşmagy haýyş edip, derrew bedenterbiýe mugallymyna ýüz tutuň.

       Ýeňil atletikanyň görnüşleri

Ýeňil atletika maşklarynyň aşakdaky görnüşleri goşulýar: 1.Sportiw ýörüş 2.Ylgaw 3.Bökmekler 4.Zyňmaklar 5.Ýeňil atletikaň köp görnüşi. Sportiw ýörüş ýaryşlarda diňe uly ýaşly erkek adamlaryň ýaryşlarynyň programmasyna goşulýar. Ýöne oglanlaryň we gyzlaryň türgenleşiginde ol ulanylmalydyr. Beden terbiýe boýunça okuwlarda ylgaw 1-nji klasdan başlap ulanylýar. 13-14 ýaşly oglanlar we gyzlar 30,60 we 100 metr aralyklara geçirilýän ýaryşlara gatnaşýarlar. 15-16 ýaşda 200,300 we 400 metr aralyklar, ýetginjekler bolsa 800 metr hem goşulýar. 17 ýaşa ýetenlerinde gyzlara 800 metr, ýetginjeklere bolsa 1000 we 1500 metr goşulýar. Ondan başga-da 13-14 ýaşly oglanlar we gyzlar üçin 500 metre çenli kroslar ulanylýar. 15-16 ýaşly ýetginjeklerde aralyk 1000 metre, 17-18 ýaşda bolsa 3000 metre çenli ýokarlanýar. Şoňa laýyklykda gyzlar 800 we 1000 metre ylgaýarlar. Ýaşlar üçin estafeta ylgawy adatça dört etapda geçirilýär, etaplaryň uzaklygy ýaşa we jynsa baglanyşyklylykda deň we 60-dan 800 metre çenli üýtgäp durýar. Ýaryşlarda päsgelçilikli ylgaw 13 ýaşdan başlap ulanylýar, ýaşyň ulaldygyça aralyk we päsgelçilikleriň beýikligi artýar. Ylgap gelip uzynlygyna we ýokarlygyna bökmek boýunça ýaryşlar ähli ýaşlylarda geçirilýär. 15-18 ýaşly ýetginjeklere syrykly we üçürdikläp bökmek goşulýar. Ýetginjeklere we gyzlara granat, disk, tyg zyňmak we ýadro iteklemek 13 ýaşyndan rugsat edilýär.

              Ylgaw

Ylgaw –ýeňil atletika esasydyr. Dürli hünärdäki ýeňil atletikaçy öz türgenleşigine ylgamak maşkyny goşmak gerekdir. Türgenleşiklerde ylgaw her dürli wezipeleri çözmek üçin peýdalanylýar, olaryň iň esasy çaltlygy ele almak üçin ýörite maşklar we dürli çaltlyklarda ylgawyň özi ulanylýar, şunuň bilen bir wagtyň özünde çaltlygy we çydamlygy ösdürýärler. Ylgawyň birnäçe görnüşleri bar. Olara şu aşakdakylar degişli: Gysga aralyklara ylgamak, orta aralyklara ylgamak, estafeta ylgawy,ýerlerde ylgaw,päsgelçilikli ylgaw.

 Sport bilen meşgullanýanyň organizmini bellenen esasy işe taýýarlamakdyr. Bedeniňi ýeterlik ýazyşdyrman ylgawda, bökmekde oňat netijeler gazanyp bolmajakdygy düşnüklidir. Eger beden ýazyşdyrylmasa myşsalaryň dartylmagyna, damarlaryň süýnmegine we beýleki betbagtçylyklara getirmegi mümkin.Şol bolmasa türgenleşigiň doly bahaly bolmajakdygy hakynda bolsa gürrüň hem bolup bilmez. Bedeniňi ýazyşdyrmagyň beýleki wezipeleri hem bolup biler: güýjüni, çaltlygyny, çalasynlygyňy, batyrgaýlygyňy, aýgytlylygyňy we beýleki häsiýetlerini güýçlendirip biler. Bedeniň ýazyşdyrylan mahalynda okatmagyň beýleki bir näçe wezipeleri hem çözülip bilner. Şonuň üçin hem ilkinji okuwlardan başlap bedeniňi dogry ýazyşdyrmaga girişmek gerek. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sporta uly üns berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde welaýatlarda, etraplarda, obadyr şäherlerde döwrebap sport desgalary we mekdepleri gurlup ulanmaga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň bize görelde bolup sportyň dürli görnüşlerinden ussatlarça baş çykarmagy biz ýaşlary sporta bolan höwesimizi has-da artdyrýar. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň ömrü uzak jany sag, tutýan il-bähbitli , ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti. Nasiba Artykowa.