Žiraf
![]() |
Bu makalada üpjün edilen maglumatlar hakynda salgylanma görkezilmändir. Bu maglumatlaryň ygtybarlylygy belli däl. Bu mowzuga degişli ygtybarly çeşme bilýän bolsaňyz makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly salgylanma üpjün etmek bilen okyjylara ýardam berip bilersiňiz. Degişli ýörgünli salgylanmalar görkezilenden soňra bu duýduryşy öçürmegi unutmaň. |
Synpy - süýdemdiriji
Otrýady - goşatoýnaklylar
Maşgalasy - žiraflar
Žiraflar jahanyň iň uzyn boýly jandarydyr. Olaryň boýy 4,5-5 metre, agramy takmynan ýarym tonna ýetýär. Bu owadan jandar ýokary tizlikde (sagatda 50 km) ylgamagyň hötdesinden gelýär. Olar afrikanyň sawannalarynda ýaşaýarlar we esasan ýasş agaçlaryň ýapraklary bilen iýmitlenýärler. Žiraflar bir-gije gündiziň dowamynda 100 kilogram çemesi iymit iýýärler. Žiraflaryň tegmilleri ýapraklaryň reňkine menzeş bolonson, olary ýyrtyjylarynň gözüne ilmeginden goraýar. Žiraflaryň boýnunyň uzyn bolmagy bolsa beýiklikde ýerleşýän ýapraklary aňsatlyk bilen iýmegine ýardam berýär. Krokodiller žiraflaryň esasy duşmanlarynyň biridir. Olar suw içip durka, beýlekisi garawullaýar. Žiraflar ýolbarsdyr barsdan depmek arkaly goranýarlar. Bu urgy şeýle bir guýçli bolup, hatda ýyrtyjyny öldürip hem bilýär. Umuman Žiraflar parahat jandardyr. Olaryň arasynda oňuşmazlyklar örän seyrek yagdayda bolyar. Žiraflar biri-birini boýny bilen urmak arkaly uruşýrlar. Žiraflaryň göwreliligi 14 aýa çekýär. Olaryň çagasy dünýä inende boýy 2 metre ýetýär we birnäçe günden soň enesiniň yzyny eýerip bilýär. Žiraf çagasynyň ilkinji depdedaki ýaşaýşy olar üçin diýseň howpludyr. Şol wagt olaryň her üçünjisi ýyrtyjylaryň dişinden ölýärler. Žiraflar 20-30 ýyl töweregi ýaşaýarlar.