Mazmuna geçiň

Şyh Attaryñ mawzoleýi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

DIÝARYMYZYÑ MUKADDESLIKLERI

▶ ŞYH ATTAR

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan watanymyzyñ her künji müñlerçe ýyllyk taryhy öz goýnunda gizläp saklaýar. Biz öz ençeme müñ ýyllyklara uzaýan taryhymyzy düýpsüz ummana meñzetsek, onda häzirki günlere çenli gelip ýeten käbir taryhy ýadygärliklerimizi ol ummanyñ bary-ýogy birnäçe damjasy ýa-da äpet aýsbergleriñ suwuñ ýüzüne çykyp bize görnüp duran ujypsyzja bölegi diýip düşünsek dogry bolar. Diýarymyzyñ diñe Balkan welaýatynyñ Magtymguly (öñki Garrygala) etrabynda şeýle taryhy ýadygärlikleriniñ we mawzoleýleriñ birnäçesi bar. Şibli baba, Magtym Agzam, Seýit Nejepi, Şyh Attar ýaly taryhy mawzoleýler bu aýdanlarymyza iñ gowy mysaldyr. Mes toprakly Sumbar jülgesiniñ ugrunda duş gelýän antik döwürlere degişli gonamçylyklar, tapylýan dürli tapyndylar we zikgeler bu behişdi jülgede birwagtlar Änew, Dehistan, Marguş, Goñurdepe, Altyndepe, Nusaý medeniýetleri bilen egin deñläp duran medeniýetiñ gülläp ösendigine yşarat edýär. Etrap merkezinden 100 kilometrden gowrak uzaklykda, Sumbar derýasynyñ ýokarky akymynda ýerleşýän Könekesir obasy hem geçmişiñ biziñ günlerimize gelip ýeten yzlaryny özünde saklaýan gadymy obalaryñ biridir.

♣ Şyh Attaryñ kümmeti haçan we kim tarapyndan gurulypdyr?!

Könekesir obasy diýlende köpleriñ ýadyna meşhur bagşylar Nurmuhammet Meredow, Döwletgeldi Ökdirow, şahyr Allaýar Çüriýew, alym Nursähet Baýramsähedow düşer. Emma bu obadan çykyp gojaman daglara tarap ýüzüñi tutduryp ugranyñda, kiçiräk deräniñ içinde Şyh Attar mawzoleýiniñ bardygyny ýurdumyzda bu etrabyñ ýaşaýjylaryndan başga bilýän az-az bolsa gerek. Ýerli ýaşaýjylaryñ özem bu mawzoleýde ýatan şahsyýet barada we onuñ üstüne haçan we kim tarapyndan kümmet gurulandygy barada anyk taryhy maglumatlary bilenoklar diýen ýaly. Mawzoleýiñ özünde-de hiç hili ýazgy galdyrylmandyr, galdyrylanam bolsa häzirki wagta çenli gelip ýetmändir. Muña garamazdan ýerli ilat Şyh Attar öwlüýäsiniñ üstüne üç gezek yzly-yzyna zyýarat eden kişä bir gezek Mukaddes Käbä umra zyýaratyna gidip geleniñ sogabynyñ berilýändigine ýürek bilen ynanýarlar. Gynansak-da, häzire çenli Şyh Attar kümmetiniñ taryhyny öwrenip ylmy jemgyýetçiligiñ dykgatyna suwytly bir zat hödürlän taryhçy alymam bolmandyr. Birnäçe asyrlyk taryhynyñ bardygyna garamazdan kümmetiñ ady 1966-njy ýylda Türkmenistan SSR-niñ Ministrler Soweti tarapyndan tassyklanan taryhy ýadygärlikler baradaky sanawa-da goşulmandyr. Şeýle-de bolsa, bu taryhy binanyñ gurluş aýratynlyklary bilen orta asyr gündogar ymaratçylygyny deñeşdirip görenimizde we ondaky ulanylan kerpiçlerden çen tutulanda, onda onuñ XIII asyra degişli bolmagy mümkin diýen netijä gelse bolýar. Könekesirli Allanazar aganyñ aýtmagyna görä bu gadymy kümmetiñ gurulan wagtyndan bäri 800 ýyl dagy geçen bolmaly.

♣ Şyh Attar kim bolupdyr?!

Kümmet baradaky maglumatlaryñ ýok diýerlik derejede az bolşy ýaly, Şyh Attaryñ özi barada-da maglumatlar juda azdyr. Ýerli ilatyñ aýtmagyna görä Şyh Attar pähim-paýhasly, dana, il içinde sarpalanýan, ot-çöplerden dermän-däri ýasap dertlileriñ derdini dep edýän güýçli tebip we pir bolupdyr. Dogrudanam onuñ tebip bolandygy hakykata juda ýakyn görünýär. Sebäbi arap dilinde her dürli ot-çöplerden derman-däri ýasaýan adamlara "attar" diýipdirler. Şyh Attar ýaşan döwründe belent mertebelere ýeten dini ulama bolan bolmaly. Sekiz asyrlyk kümmet hem ol aradan çykandan kän wagt geçmän gurulan bolmagy ahmal. Sebäbi halk dirikä sylaglan-sarpalan adamsyny aradan çykansoñam oña goýan hormatyny goýmagyny dowam etdirýär. Bu adamkärçilikli häsiýet musulman halklarynyñ arasynda aýratynam türkmen halkyna mahsus. Kümmetiñ töweregindäki ýognas billi äpet-äpet çynarlar we ýylyñ dört paslynda akyp duran durnagöz çeşme birwagtlar bu ýerlerde ýaşaýyşyñ pajarlap ösendiginiñ aýdyñ subutnamasydyr. Bu öwlüýä barada söz açylanda, bir gynandyryjy ýagdaýy agzaman geçmezlik mümkin däl. Kümmetiñ oba bilen aralygy bary-ýogy üç kilometr bolsa-da, oña barýan ýoluñ näsazlygy ýylyñ gyş paslynda Şyh Attar öwlüýäsine zyýarata barýanlaryñ ýoluny kynlaşdyrýar. Hernäçe ýerli ilatdan başga bu öwlüýäni bilýänler az diýsegem, ýurdumyzyñ dürli künjeklerinden oña zyýarata barýanlar ýok däl. Gelejekde oña barýan ýola asfalt düşeljekdigine umyt bilen garaşýarys. Eger oña barýan ýol bejerilse, diñe zyýarat nukdaýnazaryndan däl-de, taryhymyzy öwrenmek üçinem iññän ähmiýetli we sogaply iş bolardy. Şeýle hem Şyh Attar barada has giñişleýin maglumat agtaryp tapjak we ony halk köpçüliginiñ dykgatyna ýetirjek alymlarymyzyñ orta çykjakdygyna-da pugta ynanýarys. Şu makalany okanlaryñ her birine Şyh Attara üç gezek zyýarat edip, Mekge-Medinä zyýarata gidip geleniñ sogabyny almak miýesser etsin! Goý, Şyh Attaryñ eziz ruhy bizden şat bolsun!


© Has TÜRKMEN