Şarl Monteskýu
Bu makalada ulanylan käbir adalgalar akademiki terjimä esaslanmaýar, bular editoryň öz şahsy terjimesi. Bu terminleriň akademiki terjimesini bilýän bolsaňyz makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly dogry terjimeleri üpjün etmek bilen Wikipediýa ýardam berip bilersiňiz. Gerekli düzeltmeler amala aşyrlansoň bu duýduryşy öçürmegi unutmaň. |
Şarl Monteskýu (Charles-Louis de Secondat, Baron de La Brède et de Montesquieu) - 18.01.1689 - 10.02.1755. Fransuz kazy, akyldar we syýasy filosof. Ol megerem iň köp güýçler aýrylygy teoriýasy üstündäki işleri üçin tanalýan bolsa gerek.
Biografiýasy
[düzet | çeşmäni düzet]Bibliografiýa
[düzet | çeşmäni düzet]- Kanunlaryň ruhy (De l'Esprit des Lois)
Dünýägaraýyşlary
[düzet | çeşmäni düzet]Monteskýu ilkinji pozitiwistlerden we sosilogiýa ylmynyň ilkinjilerinden hasaplanýar.[1]
Kanunlar baradaky dünýägaraýşy[2]
[düzet | çeşmäni düzet]Monteskýu kanuny "goşuň tebigatyndan dogan mejbury gatnaşyklar" diýip kesgitleýär we Monteskýuwa görä hemme zadyň, ýaradylanlaryň; maddy dünýäniň; ynsandan ýokary barlyklaryň, haýwanlaryň we ş.m. ählisiniň kanunlary bardyr. Monteskýuwa görä Taňry ýaradyjy we esewançy sypatyndadyr, älemi kanunlara eýerip ýaradandyr. Monteskýuwa görä jismi ugrukdyrýan kanunlar kimin ynsanlary dolandyrýan kanunlar bardyr.
Monstekýuwa görä ynsanlar maddy barlyklardyr we ebedi kanunlar arkaly dolandyrylýandyr, taňry ynsanlara dini kanunlar bilen ýol görkezýändir. Ynsanyň tebigy we fiziki gurluşyna esaslanýan tebigy kanunlar bardyr. Parahatçylyk ilkinji kanundyr, ikinji kanun iýmitlenmedir, üçünji kanun nesil dowamatydyr, dördünji kanun bolsa öwrenme islegidir.
Halklar we jemgyýetler arasy gatnaşyk döwlet hukuky bilen berjaý edilmelidir, dolandyryjylar we dolandyrylanlar arasyndaky gatnaşyk syýasy hukuk arkaly berjaý edilmeli, kişiler arasyndaky gatnaşyk medeni hukuk arkaly berjaý edilmelidir.
Monteskýuwa görä her kanun öz jemgyýetine muwapykdyr, başga jemgyýetler üçin uýgun bolman biler. Kanunlar muwapyk jemgyýetiniň häsiýetine jaýdar bolmaly.
Monstekýu gulçylyga garşydyr. Monstekýu zenany gul hasaplaýan aňyýetiň klimat şertlerine baglydygyny öňe sürýär. Ol aýtmyşlaýyn yssy klimatlarda ýetginjeklik ýaşy irdir we durmuş gurma ýaşy hem şeýle irdir. Beýle klimatlarda poligamiýanyň (köp aýallylyk) ýaýbaňdygyny hem belläp geçýär Monteskýu.
Monsteksýu taňry kanunlaryny we tebigy kanunlaryny ynsan kanunlaryna ýol görkeziji diýip kesgitleýär.[2]
Monsteskýu sowuk klimatlarda - ýewropada - erkinlige esaslanan administrasiýa gurulýandygyny, yssy klimatlardaky sebitlerde - Aziýada - gulçylyk ýörgünlidigini belläp geçýär.[3]
Dolandyryş biçimleri baradaky garaýyşlary[4]
[düzet | çeşmäni düzet]Monteskýu 3 dolandyryş görnüşi barada dil ýarýar: Respublika, monarhiýa we despotizm ýa-da zalymlyk.
Respublikany Mosteskýu "halkyň ählisiniň ýa-da bir böleginiň hökmürowan güýje eýe bolmagy" hökmünde kesgitleýär. Oňa görä Respublika dolandyryşy öz içinde 2-ä bölünýär: demokratiýa we aristokratiýa. Güýç halkyň ählisinde bolsa bu demokratiýadyr, belli bir azlyk toparda bolsa onda bu aristokratiýadyr.
Monteksýu monarhiýany diňe bir kişiniň kanunlara tabynlykda ýurdy dolandyrmagy diýip kesgitleýär. Despotizmi bolsa diňe bir kişiniň kanunlary äsgermän garawsyz dolandyrmagy diýip kesgitlegýär.[4]
Demokratiýa hakdaky garaýyşlary[5]
[düzet | çeşmäni düzet]Mosteskýu demokratiýany halkyň hem dolandyrmagy hem dolandyrylmagy diýip kesgitleýär. Oňa görä hökmürowan güýje eýe halk elýeter işleri özi etmelidir, elýeterli däl işleri wekiline tabşyrmalydyr. Monteskýu halkyň şalar ýaly, belki şalardanam öte, wekillerden emele gelen geňeş tarapyndan dolandyrylmagy tarapdary. Bu geňeş agzalarynyň halk tarapyndan saýlanmagy tarapdary.[5]
Erkinlikler we güýçler üzňeligi meselesi[6]
[düzet | çeşmäni düzet]Monteksýu erkinlik sözi kimin köpmanyly söz ýokdygyny belläp geçýär. Monteskýu erkinligiň her kimiň her isläni edip bilmegi däl, kanunly - tertipli jemgyýetde islemegi ýeg bolan zady edip bilmegidigini, islemezligi ýeg zady edip bilmezligidigini belläp geçýär.
Güýçler üzňeligi
[düzet | çeşmäni düzet]Monteskýu kanun çykaryjy güýjüň kanun çykarmalydygyny; ýerine ýetiriji güýjüň söweşe we parahatçylyga karar bermelidigini, saýry ýurtlara wekil ibermelidigini we saýrywan wekilleri kabul etmelidigini, içerki we daşarky asudalygy berjaý etmelidigini; kazyýetçilik güýjüniň bolsa etmişlileri jezalandyrmalydygyny, düşünişmezlikleri çözmelidigini belläp geçýär. Monteskýu bu güýçleriň biri-birinde üzňe bolmalydygyny, aýry-aýry adamlaryň ygtyýarynda bolmalydygyny belläp geçýär.
Monteskýu kanun çykaryjy organy ýygnaga çagyrmak hukugynyň patyşada bolmalydygyny aýdýar, kanun çykaryjy organyň dowamly ýygnakda bolmagynyň hem peýdaly bolmajakdygyny aýdýar.
Patyşada kanun çykaryjy organyň kararlaryny weto etme hakynyň bolmalydygyny hem belläp geçýär Monteskýu, ýogsa kanun çykaryjy organyň zalymlyga ýüz urup biljekdigini belläp geçýär. Monteskýu kanun çykaryjy organyň ýerine ýetiriji organy togtatma güýjüniň bolmaly däldigini, diňe kanunlaryň nähili ýerine ýetirilýändigini barlamak hukugynyň bolmalydygyny belläp geçýär.[6]
Mertebesi
[düzet | çeşmäni düzet]Monteskýu tarapyndan ýazylan "Kanunlaryň ruhy" atly kitaby 1751-nji ýylda Rim Papasy tarapyndan okalmagy gadagan edildi. Jon Lak bilen bilelikde Monteskýu güýçler üzňeligi düşünjesiniň pionerlerinden hasaplanýar.
Salgylanmalar
[düzet | çeşmäni düzet]- ↑ GOYARD - FABRE, S., La philosophie du droit de Montesquieu, Paris 1973, 57-nji sahypa
- ↑ 2.0 2.1 Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul. 196-199-njy sahypalar. Türkiýäniň ýokary okuw jaýlary üçin gollanma kitap.
- ↑ Mostesquieu, a.g.e., L. XVI, 2.bap 523-nji sahypa
- ↑ 4.0 4.1 Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul. 199-200-nji sahypalar.
- ↑ 5.0 5.1 Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul. 200 - 201-nji sahypalar
- ↑ 6.0 6.1 Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul 207-210-njy sahypalar