Şamanizm
Şamaniz —Tutemiz, Animizm we Naturizm elementlerini öz içine alýan ynanç hem däplerdir. Gadymy türkmenleriň uly bir ýeke taňra ynananlygy dogrusynda kesgitleýji maglumat ýok. Hytaý çeşmelerine görä Orta-Azýada döwlet guran ugruglaryň barysynda gök taňry ynanjyna gabat gelýäris. Göktürkmen ýazgylarynda 6-njy we 7-nji asyrlarda gök taňrysyna bolan ynanjyň ösen nusgasyny görýäris we taňry adynyň başga taňrylary goşmadan ýekelikde ulanylandygyna gabat gelýäris. Şol bir wagtyň özünde gök türkmenler hem-de ilkinji uýgur hakanlarynyň döwründe heniz maddi barlyk bolan gök bilen onuň eýesi hasaplanýan ruhy barlyk biri-birinden aýrylmadyk bolsa gerek.
Kaşgarly Mahmyt «taňry »sözüniň düşündirişinde şeýle ýazýar: “Kapyrlar göge «taňry» diýýärler. Şonuň ýaly-da olar beýik bir dag ýa-da uly bir agaç ýaly gözlerine uly görünen her bir zada-da «taňry» diýýärler. Bu sözler irki türkmenlerde Taňry sözüniň görünýän Asman hem-de ;uly barlyk; manysynda gelmegi, maddy barlyk bolan asman bilen uly bir güýjüň (gudratyň) birleşmegini görkezýär. Şu günki şamanist türkmenler-de taňry sözüni irki türkmenlerdäki manysynda ýagny asman sözüniň ýerine ulanýarlar. Gün, aý, ýyldyz, ýyldyrym we ýel bilen bagly ynançlar hem gök taňry bilen gatnaşykdadyr.
Altaýly şamanistler güne and içýärler. Olaryň düşünjesine görä gün ene we aý atadyr. Şamanistleriň ynanjyna görä aý-gün tutulmagynyň sebäbi, günüň hem aýyň erbet ruhlara garşy söweşe girmekleri we kä ýagdaýlarda olaryň bu ruhlaryň tarapyndan tutulup garaňky dünýälere sürgün edilmegidir. Bütin türki dillerinde bu hadysany tutulmak sözi bilen beýan edilmegi, olaryň köne dinleriniň yzyny görkezýär.
Şamanistler aý-gün tutulan wagty, olary erbet ruhlaryň elinden gutarmak ücin uly gykylyk turzup deprek kakýardylar. Şeýle däp hem-de belli munasybet bilen, ertir irden turup üç gezek güne salam bermek däbi ýaňy ýakynlara çenli türkmenlerde-de saklanyp gelýärdi