Mazmuna geçiň

Şöhleliler

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Bedeni şar şekilli, simmetriki gurluşly, çar tarapa gönükdirilen uzynly-gysgaly ýalanaýaklary biri-birleri bilen birleşen. Ol aýaklara anastomozirleşen aýaklar diýilýär. Bu aýaklaryň sany ýüzlerçe, hat-da müňlerçe hem bolup bilýär. Şöhleliniň bedeniniň ortasynda bir sany merkezi uly ýadro ýerleşýär. Olaryň köp ýadroly görnüşleri-de bolýar. Her bir ýadronyň töwereginde sitoplazma we ondan emele gelen örtük bolýar. Bu örtük köp deşikli bolup, olaryn üsti bilen ýadrolaryň töweregindäki sitoplazmalar biri-birleri bilen baglanyşýarlar. Şoňa görä-de şöhleliniň bedenindäki bütewi bir sitoplazma hasaplanýar. Şöhlelileriň iň uzyn aýaklary içki sitoplazma örtüginden, gysga aýaklary daşky sitoplazma örtüginden emele gelenler. Şöhlelileriň ýalanaýaklarynyň ýene-de bir görnüşi, aksapodiýalar bolup, olar örän inçe, edil sapak ýaly bolýarlar hem-de beden-de radius boýunça ýerleşýärler. Aýaklar suwda hereket etmeklige hem-de iýmitlikleri tutmaklyga kömek edýärler. Şöhlelileriň skelet ösüntgilerine spiskullar diýilýär. Şöhlelileriň köplenji görnüşlerinde çylşyrymly mineral skelet bolýar. Ol skeletiň düzüminde kremniniň turşusy we kükürt kislotasynyň stronsiý duzy bolýar. Bu maddalar skelete berklik berýärler. Şöhleliler jynssyz we jynsly ýollar bilen köpelýärler. Jynssyz köpelişde organizmiň ýadrosy, sitoplazmasy, umuman beden ikä bölünýär. Şunda skelet ikä-de bölünip bilýär, ýa-da haýsy bolsa-da bir osobda saklanyp-da bilýär. Skeletsiz osobda skelet täzeden emele gelýär. Jynsly köpelişde osob gametalara (gamontlara) bölünýär, olar jübütleşip zigotalary emele getirýärler. Zigotalar soňra bölünşip täze osoblary döredýärler. Şöhleliler metr ýekelikde we koloniýa (topar) bolup, deňiz suwlarynda, esasan-da ýyly suwlarda, örän aşakdaky gatlaklarda, hat-da 8000 çuňlukda hem ýaşaýarlar. Ýekelikde ýaşaýanlara Acanthometra elastica, topar bolup ýaşaýanlara Collozoum sp. degişli. Şöhlelileriň topary bir osobyň merkezinde ýerleşýän ýadronyň we onuň töweregindäki sitoplazmanyň bölünmeginden emele gelýär. Bu köp sanly osoblaryň her biriniň merkezi ýadrosy, onuň töwereginde sitoplazmasy, daşynda bolsa örtügi bolýar. Osoblaryň daşynda umumy sitoplazma we umumy örtük bolýar. Şöhlelileriň bedeninde suwotlarynyň iki görnüşi simbioz bolup ýaşaýar. Ýaşyl reňkli zoohlorella we garamtyl reňkli zooksantella bir öýjükli suwotlary bolup, şöhlelilere kislorod we iým çeşmesi bolup hyzmat edýärler. Şöhleliler bu suwotlary üçin goranyş sredasy we ulag serişdesi bolup durýarlar. Şöhlelileriň 8000-e golaý görnüşleri bäş sany otrýady emele getirýärler.