Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň täze we iň täze taryhy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mowzuk: Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň täze we iň täze taryhy

MEÝILNAMA

1. Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň täze we iň täze taryhynyň mazmuny.

2. Täze we iň täze taryhyň wezipeleri we esasy döwürleri.

3. Täze we iň täze taryh dersi boýunça esasy çeşmeler we edebiýatlar.

Dünýä taryhy pikirlerinde täze we iň täze taryh düşünjesi has ir emele geldi. Ilki bilen italiýalylar dünýä taryhyny 3 döwre bölýär: antik, orta asyr, täze döwür. Täze döwür häzirki döwrüň başlangyjy hökmünde öňe sürülýär. Täze we iň täze taryh bu siwilizasiýanyň ösüşinde bir döwür hökmünde taryha girdi.

Häzirki zaman taryh ylmynda butindünýä taryhy döwürleýin beýan edilýär. Siz eýýam dünýä taryhynyň 1-nji we 2-nji döwürlerini geçdiňiz. Olar haýsylar?

Elbet-de gadymy dünýä taryhy ýa-da orta asyrlar taryhy öwrenilende siz şol döwürleriň haçan başlanandygy, haçan bir döwrüň ýerine beýleki döwrüň gelendigini bilýänsiňiz.

Häzirki zaman taryhy edebiýatlarda Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň täze we iň täze taryhy döwrüni XVI asyryň ortalaryndan XXI asyryň başlaryna çenli kesgitleýärler. Bu döwür ondan öňki döwürlere seredeniňde halklaryň durmuşyndaky bolup geçýän wakalaryň iňňän köp sanlylygy bilen, jemgyýetçilik hadysalaryň çuňlugy we ýokary derejeliligi bilen, ýagny hakykat ýüzünde täze siwilizasiýanyň döremegi bilen tapawutlanýardy. Dogrudan hem, hakykat ýüzünde ol täze döwürdi. Emma, bu döwre halklaryň ählisi bir wagtyyň özünde geçip bilmedi, halklaryň aglaba bölegi häli ösüşiň gyrasyndady. Täze jemgyýetçilik ösüşiniň (döwrüň) düýbüni Ýerwropada we Amerikada (Atlantik okeanyň kenarlarynda) ýerleşýän döwletler tutdy. Ortaýer deňziniň gadymy Ýewraziýa siwilizasiýasy üçin nähili ähmiýetli bolan bolsa Atlantik okeany hem Ýewroamerikan siwilizasiýasy üçin ähmiýetli boldy. Bu siwilizasiýa XIX asyrda bütin jahana ýaýrady.

Häzirki döwre çenli çap edilen edebiýatlarda täze taryh 2 döwre bölünýär. 1-nji döwür: Ýewropa we Amerika ýurtlarynda täze jemgyýetiň, täze gatnaşyklaryň emele gelmegi, kämilleşmegi döwri, 2-nji döwür XX asyryň dowamynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda emele gelen ýagdaýlar, olary ýeňip geçmek we ş.m. döwri. Esasan hem 1-nji döwür hat-da täze taryhyň tutuş döwri bize has gyzykly hem ýakyn döwürdir. Sebäbi bu döwürde adamlaryň häzirki zaman möhüm meseleleriniň esaslary goýulypdy. Umuman täze döwrüň gazananlarynyň wajyp şerti hökmünde bellemeli ýagdaýlaryň biri, ol hem bu döwürde adamlar, jemgyýet tebigaty özüne boýun egdirmek bilen onuň iňňän uly baýlyklaryna eýe boldy.

Täze taryhyň 1-nji döwri XVII asyrda bolup geçen iňlis rewolýusiýasyndan başlanyp tä frank-prus urşuna çenli dowan edýär. Bu döwrüň esasy wakalary we ýagdaýlary: Angliýadaky, Fransiýadaky, Amerikadaky we beýleki rewolýusiýalaryň ýeňmegi, esasan Angliýadaky senagat öwrülişigi, önümçiligiň (industrial) senagat görnüşiniň emele gelmegi, milli hereketleriň, uruşlaryň bolmagy we birnäçe milli döwletleriň döremegi we ş.m. Umuman bu döwürde jemgyýetçilik gurluş ösýärdi we kämilleşýärdi.

Täze döwrüň gazanan uly üstünlikleriniň biri ol hem orta asyr gatnaşyklarynyň böwsülmegini gazanmak we adamyň, raýatyň azatlygyny we hukuklaryny ykrar etmekden ybaratdyr. Bu hadysa dünýäniň gurluşyny düýpli üýtgetdi we şol bir wagtda häkimiýetiň we eýeçiligiň belli bir toparlaryň elinde jemlenmäge şert döretdi. Şol bir wagtda jemgyýetde uruş we hereketleriň basylyp ýatyryş güýçleri hem emele geldi.

Şeýle hem jemgyýetde (döwletlerde) şahsyýetiň azatlygy, deňhukuklygy, önümçiligiň netijeliligi, durmuş adalatlylyk duýgulary hem emele geldi. Täze taryhyň 2-nji döwri hakynda, ýagny 1871-1917-nji ýyllar. Bu döwri öwrenmek, onda-da hakyky taryhy wakalaryň esasynda gaty wajyp meseledir. Ol esasan hem kapitalizmiň jümmüşinde synpy, milletara, dürli halklaryň arasyndaky gapma-garşylyklaryň ýüze çykmagy netijesinde emele geldi. Şol akymda hem sosialistik hyýaly pikirler hem ýüze çykdy. Ol pikirler bolsa öz gezeginde ýokardaky gapma-garşylyklary has hem ýitileşdirdi. Has soňraky döwürde rewolýusiýalaryň jemgyýetçilik ösüşiniň esasy görnüşine çykarylmagy şahsyýetiň erkin ösüşine böwet boldy. Ondan başgada adamlaryň aňyna dürli pikirleriň aňyýetiň ornaşdyrylmagy, mysal üçin: sosial-demokratik hereket, sosialistik rewolýusiýa, sosialistik gurluş we ş.m. bularyň hemmesi jemgyýetçilik ösüş däl-de aýry-aýry şahsyýetleriň, toparlaryň , partiýalaryň hyýaly pikirleridi. Şonuň üçin hem biz taryhy öwrenenimizde taryhy wakalara hakykat nukdaý nazaryndan çemeleşmelidiris. Ilki bilen hem ruhy Atamyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň nygtaýşy ýaly biz ajy-da bolsa, süýji-de bolsa, taryhy hakykaty bilmelidiris.

Birnäçe onýyllyklaryň dowamynda öňki SSSR-iň çäklerinde täze taryhy öwrenmek we öwretmek marksistik-leninçilik taglymatdan ugur almak esasanda amala aşyrylýardy. Soňky 10 ýyldan gowrak döwürde biz ol taglymaty Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň belleýşi ýaly doly inkär edýäris, sebäbi ol taglymat jemgyýetiň tebigy ösüşine gabat gelmeýärdi, ol taglymaty esaslandyryjylar adamzadyň ösüşiniň ugurlaryny we mazmunyny öňünden “kesgitlediler”. Mysal üçin: rewolýusiýalara çakdan aşa baha bermek, ýa-da işçiler synpynyň ýolbaşçylygynda ähli adamlaryň erkin ösüşini gazanmak ýa-da hususy eýeçiligiň deregine jemgyýetçilik eýeçiligini döretmek we ş.m.

Şonuň üçin biz ilki bilen täze taryh dersini öwrenmäge girişen mahalymyzda Ýewropa we Amerika ýurtlarynda (umuman ähli ýrtlarda) täze döwürde bolup geçern taryhy wakalara ynsanperwerlik nukdaý-nazaryndan çemeleşmelidiris. Bu wezipe juda kyn mesele. Şonuň üçin hem täze taryhyň esasy wezipelerinden biri ol hem ösüşiň olara baglanyşygyny açyp görkezmekden ybarat, şol ösüşde-de şahsyýetiň (adamyň) durmuş syýasy we maddy esaslarynyň giňelýändigini subut etmeli.

Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň täze we iň täze taryhy dersiniň wezipesinden ýene-de biri ol hem täze we iň täze döwürde bolup geçen rewolýusiýalaryň hakyky mazmunyny beýan etmekden ybarat. Sebäbi “sowetler” döwrüniň çap eden edebiyatlarynda bu mesele köplenç aýry-aýry syýasy guramalar bilen olaryň ýolbaşçylary bilen baglanyşdyrylýar. Biz indi öz sapaklarymyzda ýurtlaryň jemgyýetçilik ösüşinde dürli halklaryň we milletleriň özara gatnaşyklary esasynda amala aşyrylýandygyny subut etmelidiris. Şol bir wagtda täze we iň täze döwürde halklaryň ösüşiniň gyradeň dälligi sebäpli biz her bir ýurduň (döwletiň) ösüşini aýratynlykda yzygider beýan etmegi makul bildik.

Mertebesi belent Baky Beýik Prezidentimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşymyzyň bize peşgeş beren Atalyk kitaplarynda Watanymyzyň taryhyny düýpli öwrenmek bilen bir hatarda dünýä ýurtlarynyň taryhyny hem öwrenmeklige uly ähmiýet berilýär.

Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň täze we iň täze taryhy boýunça edebiýatlar barada gürrüň edilende biz ilki bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň üç Atalyk kiatplaryny onuň eserler ýygyndylaryny pähimlerini, paýhaslaryny we sargytlaryny, şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda Beýik Serdarymyzyň sözlän sözlerini, çykyşlaryny esasy taryhy çeşme hökmünde peýdalanmalydyrys.