Ýertudana

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýertudana ýaz paslynda ilkinji ýetişýän miweleriň biri bolup, onuň özboluşly tagamy bar. Megerem onuň datly tagamyndan hiç kim ýüz öwrüp bilýän däl bolsa gerek. Ýertudanadan mürepbe we dürli şerbetler taýýarlanýar. Köpýyllyk ösümlik bolan ýertudana 4-5 ýyl hasyl berýär we ony tohumyndan ýa-da «murtjagazlaryndan» köpeldip bolýar. Ýertudana C witaminine we dürli minerallara baýdyr. Onuň düzüminde marganes, mis we nitrat ýaly minerallar köpdür. Gadymy Rimde ony dürli keselleri bejermek üçin hem ulanypdyrlar. Dünýäniň ýüzünde ýertudananyň 20-den gowrak görnüşi bardyr.

Ýertudana
Has use fruit
Taxon name Fragaria ×ananassa
Taxon rank Biologik görnüş
Parent taxon strawberries
Taxon common name Garden strawberry, Aedmaasikas, Puutarhamansikka, Guard-eerdbei, オランダイチゴ, Земляника садовая, Полуниця садова, 士多啤梨, 草莓, Aardbei, jahodník ananasový, 딸기, Havejordbær, Fragaria ×ananassa, mirandanera
Basionym Fragaria chiloensis var. ananassa
Has fruit type nucule
This taxon is source of strawberry, Fragariae folium, strawberry juice
Described by source Encyclopedia of Armenian Nature, Meyers Konversations-Lexikon, 4th edition (1885–1890), Encyclopædia Britannica 11th edition, The American Cyclopædia, The Domestic Encyclopædia; Or, A Dictionary Of Facts, And Useful Knowledge
Hardiness of plant 5
On focus list of Wikimedia project Wikipedia:Vital articles/Level/4
Taxon range Hytaý Halk Respublikasy
Commons gallery Fragaria × ananassa
Commons category Fragaria × ananassa
GRIN URL https://npgsweb.ars-grin.gov/gringlobal/taxonomydetail.aspx?id=244
OpenStreetMap tag or key Tag:crop=strawberry
Fragaria × ananassa

Peýdalary[düzet | çeşmäni düzet]

Düzümindäki C witamini bedeniň immunitetini güýçlendirýär, ýaralaryň bitmesini çaltlaşdyrýar, gan basyşy kadalaşdyrýar (peseldýär), dişleriň we süňkleriň emele gelmegine kömek edýär. Nitrat myşsalara ganyň we kislorodyň köp barmagyny üpjün edip, myşsalaryň ýadamagynyň öňüni alýar. Onuň düzümindäki mis deride kollageniň döremesini çaltlaşdyrýar. Ýertudanany ýa-da onuň suwuny derä çalmaklyk deriniň näzik we ak bolmagyna hem-de onuň garramagynyň öňüni alýar. Düzümindäki antosionin maddalary horlanmaga ýardam berýär. Ýertudanada aspirine meňzeş madda bar, bu madda bolsa kelle agyryny aýyrmaga kömek edýär.

Saglyk düzgünleri[düzet | çeşmäni düzet]

Iýmezden öň hökman ýuwmaly. Miwäni ýuwup sowadyjyda saklamaklyk maslahat berilmeýär, sebäbi ýuwlan miwe çalt zaýalanýar. Miwe ýyglandan soňra, ony sowadyjyda 3-7 gün aralygynda saklap bolýar.