Mazmuna geçiň

Ýazgylyç Aşyrow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýazgylyç Aşyrow 1959-njy ýylyň 17-nji maýynda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherçesinde dogulýar.

Ol Gökdepäniň 28-nji orta mekdebinde okaýar we Mylly Täçmyradow adyndaky çagalar sazçylyk mekdebinde tejribeli mugallym Baýram Bekmyradowyň synpynda akkordeon hünari boýunça başlangyç saz bilimini alýar.

Ýazgylyç Aşyrow 1976-njy ýylda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutyna okuwa girip, höwesjeň orkestriň dirižýory bölümini 1980-nji ýylda tamamlaýar. Şol ýyl hem sungat institutynyň kompozitorçylyk bölümine Türkmenistanyň halk artisti, professor Weli Muhadowyň synpyna okuwa girýär we ony 1985-nji ýylda tamamlaýar.

Ýazgylyç Aşyrow 1990-njy ýylda Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Ol dürli ýyllarda ýurdumyzyň sazçylyk mekdeplerinde, türkmen telewideniýesinde we radiosynda, Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşiginde, Türkmen döwlet medeniýet institutynda işleýär. Ol häzirki wagtda TMK-nyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynda sazyň nazaryýeti bölüminde mugallym bolup zähmet çekýär. Türkmen şahyrlarynyň goşgularyna 40-a golaý aýdymlar.

Ýazgylyç Aşyrowyň döredijilinde simfoniki we wokal žanrlary görnükli orny eýeleyär. Onuň simfoniki orkestr üçin "Çarh" atly eseri (1986 ý.)

Ilkinji gezek 1990-njy ýylda döwlet simfoniki orkestriň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy, dirižýory Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatow.

Ýazgylyç Aşyrow Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden 5 romansdan ybarat "Meňli" atly wokal toplumynda (1984 ý.) beýik şahyryň yşky lirikasyna degişli dürli häsiýetleri, duýgulary bermegi başarypdyr. Ý.Aşyrowyň dürli ýyllarda döreden eserlerinde kompozitoryň özboluşly saz dünýasine aralaşmak mümkindir.

Ýazgylyç Aşyrow dürli ýyllarda Turkmenistanyn sazçylyk mekdeplerinde, türkmen telewideniýesinde we radiosynda, Kompozitorlar birleşiginde, Türkmen döwlet medeniýet institutynda işledi.

Ýazgylyç Aşyrow häzir Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda mugallym bolup işleýär.

Eserleri: Simfoniki orkestr üçin poema (1985), simfoniki orkestr üçin "Çarh" atly eseri (1986), kirişli saz gurallary üçin kwartet (1983), fortepiano üçin wariasiýalar (1982), Magtymguly Pyragynyň goşgularyna 3 sany a'capella hory (1983), 5 romansdan ybarat "Meňli" (1984) wokal toplumy, Gurbandurdy Zeliliniň goşgularyna wokal toplumy (1983), fortepiano üçin 2 prelýudiýa (1981), skripka we fortepiano üçin pýesa, skripka we alt üçin 2 sany duet (1981). Dürli häsiýetli aýdymlaryň we romanslaryň 50 golaýy we başgalar. “Intizar enäniň aýdymy” (1984, goşgusy G. Wiýerunyňky, terjimesi A. Agabaýewiňki),

Ýaban Saparowyň goşgularyna aýdymlar: “Obamyň gyz-gelinleri” (1986),  “Ak ýyldyzlar, gyzyl güller” (1987), “Ak damjalar” (1987),  “Owgan aýdymy” (1989). Magtymguly Pyragynyň goşgularyna “Üç romans” (1987),  “Türkmennama” (1989), Gozel Şagulyýewanyň goşgusyna  “Men seni ýatlamda” (1990),

H. Allamyradowyň goşgularyna  “Sag git, aman gel, oglum” (1990),  “Jüýjejik” (1991), “Türkmennama” (1990)

“Gökdepäm” (1992, goşgusy Ilmyrat Pudakowyňky) “Saklansana söwer ýar” (1988, goşgusy G. Ataýewanyňky) “Beýik mertebe” (2008, goşgusy D. Annamyradowyňky) “Awaza” (2008, goşgusy O. Atahanowyňky) “Iň soňky jaň” (2009, goşgusy S. Geldiýewiňki)

“Seniň üçin” (2009, goşgusy S. Hydyrowyňky) “Galkynan zaman” (2010, goşgusy T. Taganowanyňky) “Galkynyşyň gadryn bilip ýaşalyň” “Ýaşasym gelýär” (2011, goşgulary Guljemal Garaýewanyňky), “Saňa” (2012, goşgusy Öwezdurdy Tejenowyňky), “Türkmen gelinleri, türkmen gyzlary” (goşgusy D. Aşyrowanyňky), “Seda” (2012, goşgusy N. Rejebowyňky), “Bagtyýarlyk mukamy” (2012, goşgusy S. Ilamanowyňky) we başgalar.