Ýatkeşligi ösdürmegiň usullary
Ýat adamyň ýaşap geçen islendik pursatlaryny, ýagdaýlaryny, maglumatlaryny özünde saklaýan we geljekki günlerine ýetirýän ýokary derejeli mehanizmdir.
Ýat öz häsiýeti boýunça uzak wagtlylyk we gysga wagtlyk bolup bilýär. Ilkinji nobatda gysga wagtlyk bolup bilýär. Esasy maglumatlary beýnide saklamak üçin şu düzgznlerini berjaý etmek maslahat berilýär.
1. Ýadyňyzy gowulandyrmak üçin kadaly uky hökmandyr. Gije-gündiňiziň dowamynda 8 sagatlyk uky- beýni üçin zerurdyr. Beýni günüň dowamynda
2. Gyzykly kitaplary okamak. Haçanda kitap okalanda, beýni awtomatik usulda okalan maglumatlary ýatda saklaýar. Egerde kitapda beýan edilýän waka gyzykly bolsa, onda bu täsir hem ýokarlanýar.
3. Goşgulary ýat tutmak. Beýniniň işjeň ýagdaýda bolmagyna, ýatkeşligiňiziň ösmegine getirýär.
4. Sanlar bilen işleşmek. Telefon belgileri ýatdan bilmäge çalşyň!
5. Dynç almak, arassa howada gezelenç etmek ýatkeşligiňiziň ösmegine ýardam berýär.
6. Dogry iýmitlenmek.
7. Daşary ýurt dillerini öwrenmek.
8. Sport bilen meşgullanmak beýnä barýan kislorodyň mukdaryny ýokarlandyrýar, ýadyň bozulmagyna getirip biljek ýürek-damar, süýji keseliniň ähtimallygyny peseldýär.
9. Saz diňemek. Söýgüli sazyňyzy ses yrgyldylary beýnä baryp, beýnide işjeňleşme ojagyny döredýär.
10. Hemişe oňat zatlar hakda pikir etmek.
Jeren Gutlyýewa
Halkara Ynsanperwer Ylymlary we ösüş uniwersiteti