Mazmuna geçiň

Ýatgynyň miomasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
ÝATGYNYŇ MIOMASY

Ýatgynyň miomasy aýal jyns agzalarynyň köp duş gelýän howply däl täze döremesidir. Olar öz düzümi boýunça myşsadan ýa-da birleşdiriji dokumadan ybarat bolup bilýärler. Agdyllyk edýän dokumanyň görnüşine baglylykda howply däl täze döreme fibromioma (birleşdiriji dokuma köp – bu seýrek ýagdaý) ýa-da mioma (myşsa dokumasy köp – 5:1 gatnaşykda) diýip atlandyrylýar. Onuň düzüminiň 75-85% yagdaýlarda myşsadan ybaratlygyny göz öňüne tutup, soňky ýyllar ony "mioma" diýip atlandyrmak dogry bilindi.

Ýatgynyň miomasy 20-40 ýaş aralygynda emele gelýändir. Operatiw bejergi köplenç 30-50 ýaş aralygyndaky aýallarda geçirilýär. Soňky ýyllarda miomanyň "ýaşarandygyny" belläp geçmelidir.

Geçen asyryň 60-70 ýyllarynda 30 ýaşa çenli aýallarda mioma sebäpli geçirilýän operasiýalar gaty seýrek duş gelýärdi. Häzir bu ýaşda geçirilýän operasiýalaryň ýygylygy 5% barabardyr. Aýbaşydan galma döwrüne ýeten aýallarda onuň ýüze çykyşy 30-35%-e deň bolup durýandyr.

Mioma düwünleri köplenç ýatgynyň bedeninde (95% ýagdaýlarda), seýrek ýagdaýda ýatgynyň boýunjygynda (5%) döreýär. Ösüş häsiýeti boýunça mioma düwünleri garyn boşlugyna tarap, ýatgynyň içine tarap we ýatgynyň öz myşsa süýümleriniň arasyna ösüp biler. Köplenç ýatgynyň dürli ýerlerinde köpsanly mioma düwünleri emele gelip biler.

Ýatgynyň miomasynyň emele gelmeginde bedende ýüze çykýan gormonal üýtgeşmeler esasy orny eýeleýändir. Çişiň döremegine, aýal jyns agzalaryň gormonlarynyň (estrogen we gestagen) emele gelmeginiň bozulmalary, aýry-aýry estrogen birleşmeleriniň (estron we estrodiolyň) mukdarynyň ýokarlanmagy itergi berýär. Käbir barlagçylaryň bellemegine görä, ganda diňe estrogen gormonlary köpelmän, androgenleriň (testosteron) hem derejesi ýokarlanýandyr. Ondan başga-da, miomanyň myşsa dokumasynyň aýal jyns gormonlaryna we androgenlere ýokary duýgurlylyk häsiýetiniň barlygy anyklanyldy.

Dokumanyň has hem progesterona bolan ýokary duýgurlylygy, çişi gestagen serşdeleri bilen bejermegiň ýerlikliligi barada netijäni çykarmaga kömek edýär.

Ýatgynyň miomasynyň kliniki alamatlary onuň ýerleşişine, ölçeglerine, aýalyň ýaşyna, bar bolan bedeniň başga kesellerine baglydyr. Esasy alamatlaryna agyry we aýbaşy aýlawyna bagly ýa-da bagly bolmadyk gan akmalar degişlidir. Gan akmalaryň gaýraüzülmeleri höküminde ýürek-damar ulgamynyň işiniň bozulmagy we gan azlylyk ýüze çykyp biler.

Hemişe duýulýan, syzlaýan häsiýetli agyrylar çişiň çalt ösýän ýagdaýynda ýüze çykýar.Bu agyrylar çişiň dokumalary we nerw süýümleri basmagy netijesinde döreýär.

Aýbaşy döwründe ýüze çykýan agyrylar miomanyň ýatgynyň myşsasynyň gatynda dörän ýagdaýynda köp duş gelýär. Şu agyrylaryň döremegi, bu döwürde ýatgynyň ýygrylmagynyň güýçlenýänligi bilen düşündirilýär. Mioma düwnünde gan aýlanşygy bozulanda, agyrylar güýjeme häsiýete eýe bolýandyr. Burgy towlaryna meňzeş agyrylar ýatgynyň içine tarap ösýän düwünlerde köp duş gelýär. Güýjeýän agyrylar garyn boşlugyna tarap ösýän düwünleriň “aýajygynyň“ towlanmagy sebäpli hem ýüze çykyp biler.

Miomalarda iň köp duş gelýän alamat – gan akmalardyr. Gan akma miomaly näsaglaryň 5-7% duş gelýändir. Aýbaşy aýlawynyň bozulmagy bilen ýüze çykýan ýatgydan gan akmalar näsaglaryň 15-20% ýüze çykýandyr. Käwagt uly mioma düwünleri hem gan akma getirýän däldir. Tersine, uly bolmadyk mioma gan damarlaryny zaýalap we ýatgynyň myşsa gatlagynyň gan aýlanşygyny bozup, gan akmalara getirip biler. Mioma düwünleri polip görnüşde bolup, ýatgynyň agzyndan çykyp ("dogulýan mioma"), uly gan akmalaryň sebäbi bolup biler.

Miomada güýçli gan akmalar, ýatgynyň içki gatlagynyň (endometriýa) umumy meýdanynyň ulalmagy (miomada 10-15 esse ulalýar) we ýatgynyň ýygrylmagynyň bozulmagy bilen düşündirilýär.

Ýatgydan gan akmalar gan azlylygyň ýüze çykmagyna getirýär. Ol bolsa öz gezeginde, ýürek – damar ulgamynyň işiniň bozulmagyna, agzalarda gan aýlanşygynyň üýtgemegine getirip biler.Ýüregiň myşsa diwarjygynda hem maddalaryň alyş-çalyş ýagdaýy üýtgeýär. Mioma düwünleriň ýerleşişine we ululygyna baglylykda, peşew haltasy we peşew akarlar basyşa sezewar bolup biler.

Peşew akarlaryň basylmagy, esasan, mioma düwünleriň ýatgydan gapdallygyna ösen ýagdaýynda duş gelýär. Bu anatomiki bozulmalar böwregiň giňelmegine we peşew çykaryjy ýollaryň ýokançlyklaryna getirip biler.

Peşew çykaryjy ulgamyň başga bozulmalaryna ýygy-ýygy buşukma, peşew saklap bilmezlik ýagdaýy degişlidir.

Miomaly näsaglarda bagryň işiniň zeperlenmegi hem ýüze çykýar. Jyns gormonlaryň alyş-çalyş ýagdaýynyň bozulmagyna sebäp bolup, ol üýtgeşmeleriň öňden gelýänligi hem ähtimaldyr. Şonuň bilen bilelikde, gan azlylyk sebäpli bagyrda uglewod, ýag çalşygy hem üýtgeýändir.

Ýatgynyň miomasyndan ejir çekýän aýallarda aýbaşynyň gelmeginiň üýtgeýänligini belläp geçmelidir. Aýbaşy agyryly bolup, olaryň dowamlylygy uzalýandyr. Aýallarda aýbaşydan galma döwri gijigip, ol 50-55 ýaşa çenli dowam edip bilýär.

Ýatgynyň miomasyny anyklamak çylşyrymly däldir. Şonuň bilen bilelikde, kiçijik düwünleri, olaryň ýerleşişini, düzümini, howply täze döremelere öwrülmek howpyny öz wagtynda anyklamak wajyp çäreleriň biridir.

Semiz aýallarda, ýatgynyň yzky diwarynda ýerleşýän miomalary ginekologiki barlag netijesinde anyklamak hemişe başartmaýar. Ginekologiki barlag çişiň ölçegini, ýerleşýän ýerini, olaryň ösüş aýratynlygy barada maglumat berýär. Bir ýylyň dowamynda ýatgynyň ölçegleriniň ulalşyndan, miomanyň ösüş tizligi barada netije çykarýarlar. Ýylyň dowamynda ýatgynyň ösüşi göwreliligiň 4 hepdä laýyk gelýän ululygyndan kiçi bolsa-haýal ösüş, 4 hepdeden ýokary bolsa – çalt ösüş hasaplanýar.

Goşmaça anyklaýyş çärelerine USB, gisteroskopiýa, laporoskopiýa, sitologiki barlaglar degişlidir. Ultrases barlagy – mioma düwünleriň ululygyny, ýerleşýän ýerini anyklamaga kömek edýär. USB geçirilýän bejerginiň peýdalylygyny, mioma düwünleriň ösüş tizligini anyklamakda peýdaly maglumaty berýändir.

Gisteroskopiýa – bu usulyň kömegi bilen diňe ýatgynyň içki gatlagynyň ýagdaýy anyklanylman, ýatgynyň içine tarap ösýän düwünler barada maglumat alynýar. Gisteroskopiýa geçirlende, ýatgynyň içki gatlagyndan biopsiýa (bir bölegini) almaga, endometrioz bilen miomany aýyl-saýyl etmek mümkinçiligi döreýär. Miomany sarkomadan aýyl-saýyl etmek çylşyrymly bolup durýar.

Miomanyň çalt ösmegi, güýçli gan akmalar sarkomany güman etmäge esas döredip biler.

Laparoskopiýa – anyklaýyş çäreleriň jemleýji tapgyry höküminde geçirilýär. Ýatgynyň daşyna ösýän miomalary bilen ýumurtgalyklaryň çiş kesellerini aýyl-saýyl etmekde köp maglumat berýändir.

Dogry bejergini bellemek üçin bu soraglary çözmek möhüm bolup durýandyr. Sitologiki usul – has giňişleýin barlaglary geçirmek üçin näsaglary seçip almaga kömek edýär. Ýatgynyň miomasyny bejermek iki usul bilen alnyp barylýandyr: hirurgiki (operatiw) we konserwatiw (operatiw däl) usullar.

Hirurgiki usul saýlanyp alnanda,geçirilýän operasiýanyň göwrümi köp faktorlara baglydyr: ýatgynyň içki gatlagynyň we boýunjygyň ýagdaýy, aýalyň ýaşy, onuň geçiren beden keselleri we başgalar.

Ýatgynyň amputasiýasy (ýatgyny boýunjygyndan ýokarda aýyrmak) ýa-da ekstirpasiýa (ýatgyny boýunjygy bilen aýyrmak) ýatgynyň ösüntgileri we boýunjygyň ýagdaýyna baglylykda geçirilýändir.

Aşaky ýagdaýlar hirurgiki bejergi üçin görkezme bolup biler:

  1. Islendik ýaşda ýatgynyň miomasynyň uly ölçegleri (12 hepdelik göwrelilikden uly);
  2. Çalt ösýän ýatgynyň miomasy (bir ýylda göwreliligiň 3-4 hepdesinden uly);
  3. Miomanyň ýatgydan daşary ösmegi, aýajykly mioma düwünleri;
  4. Ýatgynyň içine ösýän mioma;
  5. Gan aýlanşygy bozulan mioma düwni;
  6. Mioma endometrioz bilen utgaşanda;
  7. Mioma ýatgynyň boýunjygynyň üýtgemegi bilen utgaşan ýagdaýynda;
  8. Mioma ýumurtgalyklaryň çişleri bilen utgaşanda;
  9. Mioma ýumurtgalyklaryň dowamly sowuklamasy we sowuklama çişleri bilen utgaşanda;
  10. Mioma agyrylar, gan akma,gan azlylyk bilen utgaşyp, bejergi peýda bermedik ýagdaýlarynda;
  11. Mioma sebäpli başga agzalaryň işinde bozulma ýüze çykan ýagdaýynda.

Miomanyň konserwatiw bejergisiniň esaslary geçen asyryň 70-80 ýý. işlenip düzüldi. Häzirki wagtda amaly lukmançylykda onuň birnäçe görnüşi peýdalanylýandyr.

Köpýyllyk barlaglar dörän miomanyň ýitip gitmeýänligini tassyklap, onuň ölçegleriniň aýbaşydan galma döwründe kiçelýänligini belleýärler. Şol döwre mahsus üýtgemeleri konserwatiw bejerginiň kömegi bilen döredip, miomanyň kiçelmegini gazanyp bolar.

Gormon serişdelerini ulanmak konserwatiw bejerginiň esasy bolup durýandyr.

Gormon serişdeleriň birnäçe görnüşleri ulanylýar.

  1. Gestagenler – norsteroidleriň toparyndan bolan norkolut, primalyut-nor serişdeleri. Estrogenleriň ýokarlanmagynyň öňüni alyp, çişiň öýjükleriniň köpelme häsiýetini azaldýandyr. Dogurmaga ukyply ýaşda, aýbaşy aýlawynyň 16 gününde 25 gün, 5–10 mg. kabul edilýär. Aýbaşydan galma döwrüne ýeten aýallarda 5 günde 26 gün, 3-9 aý aralygy kabul etmek maslahat berilýär.
  2. Estrogenleriň we gistagenleriň täsirini basyp ýatyryjy serişdeler – gestrinon – 7,5–10 mg-dan 4-12 aý aralygy maslahat berilýär.
  3. Gipofiziň gonadotropin gormonlaryny basyp ýatyryjy serişde – danazol – 200 mg-dan günde 1-2 gezek 3-6 aý berilýär.

Ýokarda agzalan serişdeleriň täsiri netijesinde 2-3 aýdan aýbaşynyň kesilmegi bolup geçýär. Gormon bejergi dowam edýän wagty, üç aýdan 1 gezek USB geçmek hökmandyr. 3-4 aý geçirilýän bejerginiň dowamynda çişiň ulalmagy anyklanylsa, bejergini bes etmek dogry hasaplanylýar.

Bejerginiň peýdaly netijeleri beren ýagdaýynda, diňe bir çişiň ösmegi saklaman, eýsem, onuň ululygynyň kiçelmegi (20% çenli) hem bolup geçýär.

Gormon serişdelerini ýokary gan basyşly aýallara, semizlikden, süýji keselinden, aýagyň warikoz keselinden ejir çekýän aýallara bermekden saklanmalydyr. Gormon serişdeleri bilen bilelikde, ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýan bejergini we gan azlylygyň bejergisini geçirmelidir.

Mioma düwünleri bejermekde ýokary ýylylyk berýän fizio bejergileri ulanmak bolýan däldir. Olar çanaklyk agzalaryň gan aýlanşygyny güýçlendirip, çişiň ösmegine getirip biler.

Ýatgynyň miomasy anyklanylan hemme aýallar ginekolog lukmany tarapyndan gözeçilige alynmalydyr. Lukman gormon bejergisi we hirurgiki bejergi üçin görkezmeleri dogry çäklendirmäni başarmalydyr. Hirurgiki bejergiden soň hem aýallar lukman gözegçiliginde galmagy dowam edýändir.