Ýaponiýa Tokugawo Sýogunlygy döwründe
Öçür! | |
Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň. | |
Sebäp | ensiklopedik makala däl |
Ýaponiýa Tokugawo Sýogunlygy döwründe.
M E Ý I L N A M A S Y
1. Tokugawo Sýogunlygynyň döremegi.
2. Ýurduň döwlet gurluşy. Daýhanlaryň ýagdaýy.
3. Ýaponiýanyň daşary syýasaty.
Ýaponiýa XVII asyryň başlarynda syýasy dagynyklyk döwrüni başdan geçirýärdi. Yurt birnäce maýdajyk hanlyklara bölünipdi. XVII asyryň başlarynda 260 sany ululy-kiçili hanlyklar bardy. Ýurtda ýeke-täk bir imperator bardy, ýöne ol diňe dini işlere seredäýmese hanlyklaryň içki işlerine, döwlet işlerine gatýşmaýardy. Imperator edil häzirkisi ýaly arassa simwoliki görnüşde bardy.
Ýurt ýokarda aýdyşymyz ýaly 260 bölege bölünip, milli bitewilik ýokdy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşymyzyň Mukaddes Ruhnamada aýdyşy ýaly “Döwlet milli ruhuň gaýmagydyr. Hut şol sebäpden milli döwlet millete mahsus ähli ruhy-ahlaky sypatlarynyň amal bolmagyny, syýasy erk arkaly bir ýere jem bolmagyny alamatlandyrýar… Milli döwlet milletiň öz durmuşyny içki taýdan gurnamagyň taryhy usulydyr. Hut milli döwletde milletiň ýaşaýyş ukyplary bir ýere jemlenýär.” Dagap barýan merkezleşen ýapon döwletini täzeden döretmek ugrunda XVI asyryň ahyryndan başlap göreş başlandy. Geliň merkezleşen ýapon döwletiniň sýogunlyk ady bilen döreýşine seredeliň!
1598-nji ýylda täze tagta geçen ýaş imperator Hideýosi 5 sany baş ministrlerden ybarat bolan dolandyryş edarasyny döretdi. Olaryň arasynda Iýeýasy Tokugawo hem bardy.1600-nji ýylda I.Tokugawo açykdan-açyk häkimiýet ugrunda göreşe başlady. Garşydaşlaryndan üstün çykyp 1603-nji ýylda ol täze döwletiň döredilendigini jar etdi. Özüni sýogun, döreden döwletini bolsa Tokugawanyň sýogunlygy diýip atlandyrdy. “Sýogun” sözi “baş serkerdebaşy” diýmegi aňladýardy. Sýogunlyk 1603-1867-nji ýyllar arasynda Ýaoniýany dolandyrdy.
Täze döwrüň başlarynda Ýaponiýanyň 18 mln. çemesi ilaty bardy. Iýeýasu Tokygawo ýerli hanlaryň hiç birini-de tagtyndan aýyrjak bolup ýa-da hanlyklary ýok etjek bolup durmady. Hanlar babatda ol hem geçirimlilik hem gazaplylyk etdi. Başgaça hanlaryň öň özüne garşy gidenlerini yzarlap,ýok etjek bolman geçirimlilik edipdi, ýöne hanlar indi öňküsi ýaly öz hanlygynda han özi soltan özi däldi. 1634-nji ýylda sýogun (Iýemissu Tokugawo) olaryň ählisine öz çagalaryny, aýallaryny ýurduň merkežinde girewine goýup gitmegi (sinkinkotaý) tabşyrypdy. Olar oz hanlygynda maşgalasyz işlemelidiler. Eger-de bardy-geldi han dönüklik edip, sýoguna garşy gidäýse onda ol maşgalasyndan el üzmelidi. Merkeze, maşgalasynyň ýanyna gatnamaga welin rygsat berilýärdi. Sýogun hanlar babatda beýle syýasaty bölünip aýrylyjylyk hereketiň bolmagynyň öňüni almak üçin durmuşa geçirýärdi.
Tokugawo Sýogunlygy üçünji sýogun Iýemissu Tokugawo döwründe has-da güýçlendi. Ol döwlet dolandyryşynda birnäçe täzelikler, üýtgeşmeler girizdi.
2.Ýurduň döwlet gurluşy. Daýhanlaryň ýagdaýy.
Sýogun iş ýüzüde imperatoryň elinden zor bilen häkimiýeti basyp alypdy. Ýöne ony doly ýurduň syýasy durmuşyndan çetleşdirip biljek däldi.Sebäbi Ýaponiýanyň ilatynyň esasy bölegi sintoizm dinine uýýardy.Bu din boýunça bolsa adam birnäce gezek bu dünýäde ýaşaýarmyş, özü-de onuň soňky gezek bu dünýä kim bolup geljegi onuň häzirki ýaşaýan wagtynda özüni nähili alyp barşyna, ýagşylyk-ýamanlyklarynyň , hudaýa, ynanyşyna baglymyş. Eger-de has gowy adam bolsa, diňe gowulykda özüni görkezen bolsa onda onuň imperator bolup dünýä inäymegi hem mümkinmiş. Ine ýokarky aýdylanlardan görnüşi ýaly imperator bolup dünýä inen adam asly gelip çykyşy boýunça beýlekilerden tapawutly adammyş.Ol hudaýyň ähli adamlaryň içinden iň gowysy diýip, saýlap-seçenimiş. Şonuň üçin adamlar özüni alyp barmakda imperatordan görelde alýardylar, oňa hudaýyn ýerdäki wekili hökmünde sežde edýärdiler, ony üýtgeşik adam hökmünde sylaýardylar, hormatlaýardylar.
Sýogun adamlaryň aňynda asyrlar boýy toplanan imperatora bolan söýgini, hormaty, ynanjy dessine ýok edip bolmajagyna düşünip, ony ýurduň syýasy durmuşyndan ýok edip bilmedi. Hatda ýurduň şol wagta çenli paýtagtyndan (Kioto şäherinden) çykarmaga-da milt etmedi. Imperator öňküsi ýaly öz köşgünde, öz köşk emeldarlary bilen bilelikde döwletiň hasabyna doly üpjün edilýärdi. Sýogunyň özi ýurduň paýtagtyny başga ýere-Edo şäherine (häzirki Tokio) geçirdi. Imperatora “döwlet işleriniň aladalaryndan arkaýyn bolup”, din işlerine ýolbaşçylygy alyp barmagy tabşyrdy. Ilat gatlaga: samuraýlara, dayhanlara, södagärlere, hühärmentçilere bölünipdi. Samuraýlar iň bir aýratyn hukukly harby adamlar bolup, diňe şolara ýarag dakynmak hukugy berlipdir. Olar üçin ýörite kanunlar ýygyndysy döredilipdir. Samuraýlar hem öz içinde birnäçe böleklere bölünýärdi(kuge, buke, hatamota). Hatamota gatlagyna degişli samuraýlaryň ýeri bolmandyr. Olardan goşun düzülipdir.
Samuraýlaryň soňky gatlagy barha garyplaşýanlygyna seretmezden, samuraýlaryň kodeksi boýunça olar harby işden başga işler bilen meşgullanmaga haksyzdylar.
Yurtda aýratyn hukukly serehjam beriji, gizlin işgärler bolup, olar messuke diýip atlandyrylypdyr. Olar ýerli dolandyryjylara tabyn bolman, gönüden-göni sýogun bilen iş salyşypdyrlar.
Segunlyk hanlardan resmi hiç-hili salgyt talap etmändir. Ýöne hanlaryň özleri sýoguna biri-birinden köp sowgat berjek bolup, aşa çykdaja galypdyrlar.
Sýogunlyk döwründe ýapon daýhanlary Aziýanyň beýleki döwletleriniň daýhanlary bilen deňeşdirende girdejisiniň köpdügi, ýöne syýasy hukugynyň çäkliligi bilen tapawutlanýar. Ýapon daýhany ýeri kärendesine alyp, girdejisiniň 40 –50 göterimini ýer ýesine bermeli eken. Ýeri gelende ýatlasak, ýapon daýhanlarynyň kadaly salgyt töleýän eken. Biz öň olaryň güýçli ezilendigi barada marksçylaryň taglymaty tutaryk edinip, ýalňyşypdyrys. Ýapon daýhany ýerden öz maşgalasyny doly ekläp bilipdir.
Daýhanlaryň üstünden gözegçiligi ýeňilleşdirmek üçin obalary bäşhowly düzgünini girizipdirler.Ol boýunça 5 hajalyj bir howla birleşdirilip, içinden birisi ýolbaşçy bellenipdir. Eger-de biri salgydy wagtynda töläp bilmse ýa-da başga bir düşünişmezlik ýüze çyksa ýolbaşçy jogap bermeli bolupdyr.
Ýapon daýhanynyň durmuşynyň ähli taraplary çäklendirilipdir. Mysal üçin: daýhana bürünç iýmek gadagan, ýüpekden edilen egin-eşik geýmek, uly öý edinmek, teatra, şowhunly yerlere barmak garaz gowy ýaşamak gadagandy.Ýapon daýhany juda garyp däldi,ol beýleki Aziýa ýurtlarynyň daýhanlaryndan gurplydy, az salgyt töleýärdi. Emma, şahsy azatlygy welin gaty çäklidi.
Ýaponiýada Edo, Osaka, Kioto Sakai, Nagasaki ýaly uly şäherler bardy. Şäher ilatynyň hak-hukugy oba ilatynyňkydan hem pesdi.
Daşary syýasaty.
Aziýa ýurtlaryna mahsus aýratynlyklaryň biri hem XVII asyrdan başlap olaryň köpüsi öz ýurtlaryny daşary ýurtlar üçin ýapmaga başlamagydyr. Şeýle ýurtlaryň biri hem Ýaponiýa boldy. Beýle syýasaty ýöretmäge hem Ýaponiýada hrestiýan wagyz-nesihat ýaýradyjylarynyň has köp ýaýramagy, olaryň ýpon däp-dessurlaryny äsgermezlikleri bahana boldy. Dogrudan-da XVII asyryň başlarynda ýurtda 700 müň resiýan missionerleri toplanypdy. Ýapon hökümetiniň missionerçiligi gadagan etmegine seretmezden olapyň öz işlerini dowam etdirmekleri hökümetiň has gazaply syýasata geçmegine getirdi. 1634-nji ýylda daşary ýurt dinleri buýryk bilen gadagan edildi.
1636 - njy ýylda bolsa kimde-kim uly uzak aralyga ýüzýän gämileri gursa, ýurdyny terk etmäge synanyşsa olüm jezasynyň garaşýandygy barada buýruk çykdy.
1637-nji ýylda Nagasakiniň golaýynda Simabara diýen şäherde daşary ýurtlylaryň meçew bermegi bilen uly daýhanlar gozgalaňy bolup geçdi. Daýhanlaryň 30-müňüsi tüpeňler bilen ýaraglanypdy, hökümet gozgalaňy kynlyk bilen basyp ýatyrdy. Şu gozgalaňdan soňra ähli daşary ýurtlylar ücin hem ýurduň ýapylýandygy ýglan edildi. Ýaponiýa daşky dünýäden üzňe galmazlyk üçin käbir çäreleri durmuşa geçirdi. Goňşulary koreýlere, hytaýlylara diňe Nagasaki şäherine ýylda iki gezek gelmäge we kotolikleriň gozgalaňyny basyp ýatyrmaga beren kömegi üçin gollandlara ýurda ýylda gelmäge rugsat berildi. Gollandlar Ýewropanyň täzeliklerini, täze çykan kitaplaryň bir nusgalygyny, täze enjamlardan bir nusgasyny getirip, Ýaponiýany dünýä täsinlikleri, täzelikleri bilen tanyşdyryp durmalydy.