Ýalaňaç we Ýapyk tohumly ösümlikler
Ýalaňaç tohumly ösümliklere hakyky baldaklary, ýapraklary we kökleri bolan, köpeliş organlarynyň gurluşy has kämilleşen ösümlikler degişlidir. Olara arça, serwi, borjak, senuber ýaly ösümlikler mysal bolup biler. Bularyň tohum pyntyklary gozalaryndaky (şişkalaryndaky) teňňejikleriň üstünde açyk ýerleşýär. Şoňa göräde bu ösümliklere ýalaňaç tohumly ýa-da açyk tohumly ösümlikler diýilýär. Ýalaňaç tohumly ösümlikleriň ýabany we medeni görnüşleriniň birnäçesi bilen tanşalyň.
Borjak nämä ullanylar
[düzet | çeşmäni düzet]Türkmenistanyň çöllük we daglyk ýerlerinde giňden ýaýran ýalaňaç tohumly ösümlikleriň biridir. Ol gür şahalanýan, boýy 2 metre çenli ýetýän gyrymsy ösümlikdir Borjagyň ownuk gülleri başjagazlara ýygnandyr. Atalyk gül çogdamlary bir ýyllyk ýada köp ýyllyk şahalaryň bogunlarynda ýerleşendir. Onuň ýapraklary ýukajyk barda görnüşinde bolup, püre öwrülendir. Ýapragy suwy az bugardýandygy sebäpli, borjak toprakdaky azajyk suw bilen hem oňup bilýär. Borjagyň köki güýçli şahalanmak bilen topra gyň çuň gatlagyna aralaşýar. Borjagyň ýaş şahajyklaryndan taýýarlanylýan efedrin diýen derman lukmançylykda gökbogma, demgys ma, bokurdak sowuklamasy ýaly keselleri bejermekde, rahatlandyryjy serişde hökmünde peýdalanylýar. Gum borjagyny öri meýdanlarynda mal oty hökmünde peý dalanýarlar. Olaryň süýşýän çägeleri berkitmekde hem ähmiýeti uludyr.
Arça
[düzet | çeşmäni düzet]Ýalaňaç tohumly ösümliklerden ýurdumyzda köp ekilýän agaçlaryň biri hem arçadyr. Arça boýy 50 smden 20 me çenli bolan berk agaçdyr. Ol serwi agajy bilen bir maşgala lidir. Onuň agaç sütüni köp şahaly bolýar. Pürleri (ýaprak lary) teňňe şekilli bolup, uzyndan inçe we ujy ýitiden gataňsydyr. Olar şahalarda gür ýerleşýär. Arça, köplenç, iki öýli agaç dyr. Bir öýlüsi selçeň duş gel ýär. Tut, garagaç, derek, kerkaw, maklýura we beýleki agaç lardan tapawutly arça agajy elmydama gök öwsüp otur ýar. Ol gurakçylyga çydamly, toprak dannamaýan ösümlikdir. Arça örän gelşikli agaç bolany üçin, ony bezeg ösümligi hökmünde bagçylykda köp ulanýarlar. Arçanyň medenileşdirilen wirginiýa arçasy beýik, tikenli, adaty arça diýlen görnüşlerini şäherlerde, şäherçelerde, ýollaryň gyralarynda, seýilgählerde köp ekýärler. Häzirki wagtda türkmen arçasynyň ekiliş gerimi kemkemden giňelýär. Arça agajynyň ýabany ösýän görnüşleri Köpetdagda, Köýtendagda, uly Balkanda duş gelýär Arça agajyndan senagatda galam we agaçdan ýa salýan enjamlaryň birnäçesini taýýarlaýarlar. Mundan başgada arça gurluşyk enjamy hökmünde hem peý dalanylýar. Miwesinde efir ýagy, sirke, alma, garyn ja kislotalary bar. Miwesinden we gök pudajygyndan alynýan ýakymly ysly efir ýagy lukmançylykda inçe keseli, böwrek keselini bejermekde we ýara çalynýan melhem taýýarlamakda peýdalanylýar. Özünden bölüp çykarýan uçujy (fitonsid) maddalary bilen howany zy ýanly mikroorganizmlerden arassalaýar. Arçanyň ýabany ösýän görnüşleri dag eňňitleriniň yzgarlylygyny saklamaga kömek edýär. Ol uzak ýaşa ýan agaçdyr. Müň ýyl we ondan hem köpräk ýaşan arça agajyna duş gelmek bolýar. Uzak asyrlaryň dowamynda arçanyň halk tarapyn dan aýawsyz çapylmagy sebäpli, ol kemkemden azalypdyr. Dagyň aşaky eňňitlerinde arça az duşýar. Ol örän haýal ösýär we kynlyk bilen köpelýär. Şol sebäp li arçany aýawly saklamak möhümdir. Bu gymmatly agaç Türkmenistanyň tokaý hojalyklarynda 1977-nji ýyldan bäri ekilýär we köpeldilýär. Arçanyň ähli tut ýan meýdanynyň (arealynyň) bir bölegi Köpetdag we SüntHasardag goraghanalarynda ýerleşýär. Ol ýerde arça goralyp saklanylýar we köpeldilýär.
Serwi
[düzet | çeşmäni düzet]Serwi hem ýalaňaç tohumly ösümliklere degiş lidir. Ol ýylyň ähli möwsüminde ýaşyl öwsüp oturan agaçdyr. Boýy 20 me barabar, käbir ýurt larda onuň boýy 45 me ýetýänleri hem gabat gelýär. Agajynyň şahalary agaç sütüninden ýokarlygyna ösýär we sütüne gy sylyp durýar. Ýaprakly (pürli) pudaklary bir tekiz likde ýerleşýär. Baldagyn daky pürleri gögümtil ýada açyk ýaşyl reňkli bol ýar. Gozalarynyň uzynlygy 3 sm-e ýetýär. Ol togalak ýada düýbi bir az gysylan uzy nak dyr. Gozalarynyň reňki çalymtylmele we ýal pyldawuk bolýar. Serwi örän owadan, ýakymly ysly,gelşikli agaç bolany üçin ony seýilgählerde, köçeleriň gyrasynda we beýleki ýerler de bezeg üçin ekýärler. Serwini agajynyň ýakymly ysly,dykyz, berk bol ýanlygy üçin gurluşyk en jamy hökmündede ulan ýarlar. Onuň agajy aňsat ýo nulýar we ýylmanylýar. Şol sebäpli agajyny mebel ýasa makdada ulanýarlar. Eldar senuberi –senuberler urugynyň giň ýaýran görnüşiniň biridir. Onuň beýikligi 15 me ýetýär. Senu beriň ýapragyna pür diýilýär. Bular birýyllyk, iki ýyllyk, üçýyllyk şahalarynyň uçlarynda ýerleşýär. Mart, aprel aýlarynda we maý aýynyň aýak larynda senuber agajynyň üstünde açykýaşyl hemde gyzy lymtyl gozalary görmek bolýar. Açykýaşyl reňkli goza lar ýaş (birýyllyk) pudaklaryň üstünde ýerleşýär. Olar teňňejiklerden durýar. Şol teňňejikleriň her biriniň üstünde iki sany tozanlyk ösýär. Tozanlygyň içinde to zanjyklar bolýar. Tozanlyk ýetişenden soň ýarylýar we tozanjyk daşyna dökülýär. Ýel ony uzak ýerlere ýaýrad ýar. Hut şol agajyň beýleki ýaş pudaklarynyň depelerinde bolsa gyzylymtyl gozajyk ösüp ýetişýär. Her bir gozajyk teňňejiklerden ybaratdyr. Teňňejikleriň her biriniň üst ýüzünde iki sany tohum pyntygy ýerleşýär. Bularyň tohum pyntygy miweligiň düwünçeginiň için de bolman,açyk (ýalaňaç) bolýar. Ýeliň kömegi bilen äkidilen tozanjyk şol tohum pyntygynyň üstüne düşýär we tozanlanma hemde ýuwaşýuwaşdan tohumlanma bolup geçýär. Tozanlanmadan bir ýyl gowrak wagt ge çenden soňra tohumlar ýetişýär. Tohumlar ýeliň köme gi bilen başga ýerlere ýaýraýarlar.
Senuber
[düzet | çeşmäni düzet]Senuber agajynyň Watany Kawkazyň Eldar ba ýyrlygydyr. Medenileşdirilen Eldar senuberi Türkmenistanyň howa şertlerine oňat uý gun laşandyr. Ony köçe leriň gy ralarynda,se ýil gäh lerde ýy gyýy gy dan görmek bol ýar. Häzir ki wagtda senuber agajy Türkmenistanyň hemme şäherlerinde bezeg üçin ekilýär. Ol gurakçylyga çydamly ösümlikdir. Her dürli toprakda ösmägede ukyp lydyr. Türkmenistanyň şert lerinde Eldar senuberi niň tohumyny ýaz aý la rynda ekmek bolýar. Ol beý leki agaç lara garanyňda özü niň çalt ýetişegenligi bilen tapawutlanýar. Ekilenden 3–4 ýyl geçenden soňra senuberiň boýy 1–2 me ýet ýär. Eldar senuberi peýdaly agaçdyr. Ondan smola, ski pidar, garaýag alynýar. Onuň ýaşajyk (birýyllyk) pu daklaryny halk lukmançylygynda dem alyş ýollarynyň sowuklamasyny bejermek üçin ulanýarlar. Ol ýurdu myzy gür baglyga, bagybossanlyga öwürmekde giňden ulanylýan agaçlaryň biridir. Türkmenistanda ýalaňaç tohumly ösümliklerden arça, serwi, senuber, biota seýilgählerde we köçeleriň gyralarynda köp ekilýär. Ýapyk tohumly ýa-da gülli ösümlikler hem me ýerde duş gelýärler. Munuň özi bularyň dürli şertlerde ösmäge ukyplydyklaryny görkezýär. Ýapyk tohumly ösümlikleriň ýalaňaç tohumly ösümliklerden esasy tapawudy, olaryň gülleriniň has çylşyrymly gur landygyndan ybaratdyr. Bularyň güllerinde miwelik bolýar. Miweligiň düwünçeginiň içinde bolsa tohum pyntyklary ýerleşýär. Şeýlelikde, tohum pyntyklarynyň ýalaňaç tohumlylardaky ýaly teňňejikleriň üstün de açyk ýerleşmän, miweligiň düwünçeginiň içinde ýerleşýändiklerine görä, bu ösmliklere ýapyk tohumly ösümlikler diýilýär. Ýapyk tohumly ösümlikler ýeliň, mör-möjekleriň üsti bilen we özözünden tozanlanýar. Ösümlikleriň güllerinde tozanlanmadan soň tohumlan ma bolup geçýär. Bularda ikileýin tohumlanyş geçýär we birinjisinden tohum, ikinjisinden ätiýaçlyk maddalar –endosperm emele gelýär. Ýapyk tohumlylara girýän ösümlikler ot, ýarym gyrymsy, gyrymsy we agaç görnüşinde bolýar. Ýapyk tohumlylar has ýokary gurluşly ösümlikler dir. Ýer ýüzünde bular örän köp ýaýrandyr. Bularyň halk hojalygy üçin ähmiýeti örän uludyr. Ýapyk tohumly ösümlikleri iki klasa: iki ülüşlilere we bir ülüşlilere bölýärler.