Ýaňyltmaçlar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Ýaňyltmaçlar – halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň žanrlarynyň biri. Onuň özüne mahsus bolan çalt aýdylmaklyk ýaly aýratynlygy bar. Ýaňyltmaçlaryň dili “ýençmekdäki” ähmiýeti uly. Ýaňyltmaçlar halk döredijiliginiň şahyrana žanry bolan sanawaçlara ýakyndyr. Ýöne ýaňyltmaçlar düzülişiniň çylşyrymlylygy hem-de çalt aýdylmagy bilen sanawaçlardan tapawutlanýar.

Ýaňyltmaçlar çalasyn aýtmasy kyn we uzyn düzülen bir ýa köp sözlemden ybarat. Olary düzmekde k, p, t, ç ýaly dymyk sesler öwran-öwran ulanylýar. Ýaňyltmaçlar köplenç dilewar adamlar tarapyndan döredilýär we çagalar hem ýerine ýetirýär. Ýaňyltmaçlaryň ady “ýalňyşmak” işliginden gelip çykypdyr. Ýurduň käbir obalarynda “ýaňyltmaç” diýen sözüň deregine “ýalňyşdyrma” diýlip hem ulanylýar.

Ýaňyltmaçlar esasan iki maksat: birinjiden, dili “ýençdirip”, dürs geplemegi öwretmek; ikinjiden, ýaňyltmajy aýdýan adam sözi ýalnyş aýdaýsa ya-da sözlemleri bulaşdyraýsa, gülki-ýumor döretmek üçin ulanylýar.

Ýaňyltmaçlar düzülende, sözleriň aýdylmasyny kynlaşdyrýan, sözlem içinde köp gaýtalanyp gelýän seslerden ybarat bolan sözler ulanylýar. Olaryň aýdylmasy kyn bolan sözler toplumyndan düzülmeginiň maksady hem uly bolmadyk teksti ýalňyşsyz, çalt aýtmak netijesinde, diliňi arassa, dogry geplemäge türgenleşdirmekdir. Olar dili “ýenjip”, agyr sözleriñ aýdylyşyny ýeñletmek manysynda-da ulanylýar.

Ýaňyltmaçlar halk döredijiliginiň beýleki žanrlary ýaly, kän döredilmändir, halk arasyna-da giň ýaýramandyr. Emma diliň “ýenjilmeginde”, owadan hem dogry geplemäge türgenleşdirmekde ýaňyltmaçlaryň hyzmaty uly. Her ýaňyltmajy gaýtalaýan çaga tekstde gelýän sözleri diňleýjiler eşider we doly düşüner ýaly edip, yzly-yzyna birnäçe gezek gaýtalaýar. Tekstde gelýän sözler ýa-da sesler ýalňyş aýdylaýsa, olaryň orny üýtgediläýse, ýaňyltmajyň teksti öňki aňladýan manysyny ýitirýär. Şonuň üçin ýalňyşlyk bolmaz ýaly, ýaňyltmajy aýdýan çaga her bir sözi, sözlemi pert-pert, düşnükli aýtmaga çalyşýar.

Ýaňyltmajy dogry we düşnükli aýtmagy başarmak netijesinde, çaganyñ dili arassa hem düşnükli geplemäge türgenleşýär.Şeýlelikde, çaganyň sözleýiş ukyby kämilleşýär,eşidiş ukyby-da ýokarlanýar:

Böwürde bir ýaraly ýarganak, ýarygulak tazy ýatyr. Şol ýaraly ýarganak ýarygulak tazy bilen ýarygulaklaşsa-da, ýaraly ýarganak ýarygulaklaşmaly, ýaraly ýarganak ýarygulaklaşmasa-da ýaraly ýarganak ýarygulaklaşmaly.

Şeýle ýaňyltmaçlar söze çeper, dilewar adamlar tarapyndan döredilip, ýatda saklanylyp, şol durşuna gaýtalanypdyr. Olaryň teksti üýtgedilmän saklanypdyr.

Ol ýerden bir towşan geçmekçimişin, geçip gumalaklamakçymyşyn.

Ýaş pişigiň aýagyna ýaşyl ýüpek ýarmaşmazak bolarmyş, ýarmaşsa-da çyrmaşmazak bolarmyş Birje çemçe şorta serçe çorbasy.

Şu ýaňyltmaçlar ýurdumyzyň obalarynyň köpüsinde aýdylýar, tekstleri hem birmeňzeş. Ýaňyltmaçlaryň tekstleri bilgeşleýin hem agyrlaşdyrylýar:

Şu gara ýeri tokmaklamaly, tokmaklamasaň-da tokmaklamaly.tokmaklasaň-da tokmaklamaly.

O Tejen, bu Tejen – künjülije Tejen, künjüsi çüteje bitenje Tejen.

Ýaňyltmaçlaryň dörän döwrüni, haýsy döwre degişlidigini subut etmek kyn. Sebäbi olar giň manyny, uly mazmuny öz içine almaýar, durmuş hadysalary bilen baglanyşykly döredilmeýär.

Ýaňyltmaçlar köplenç kyssada döredilýär. Emma käbir tekstlerde setirler kapyýalaşýar we şygyrýete ýakynlaşýar:

Sekin dagyň başynda,

Sakgaly sekil teke dur,

Sakgalyny suwa batyryp,

Silkip, sykyp bakadur.

Ýaňyltmaçlar köplenç üýşmeleňlerde, çagalar hem ýaş ýetginjekler bilen geçirilýän köpçülik işlerinde, agşam bir ýere ýygnanyşanlarynda aýdylýar. Ýaňyltmaçlaryñ tekstlerindäki sözler säginmezden çalt aýdylmaly. Çaganyň ýaşyna görä, sözler ilkibaşda möçber taýdan gysga bolup, iki-üç sözlemden, käbiri bir sözlemden ybaratdyr.

Ýaňyltmaçlar köplenç çagalara niýetlenilýär. Olara ýaňyltmaç aýtmak kiçi ýaşdan öwredilip başlanýar. Çagalar ulaldygyça ýaňyltmaçlaryň çylşyrymly görnüşlerini aýtmaga türgenleşýär.

Ýaňyltmaçlary ýetginjekler hem aýdýarlar. Ýöne welin olaryň aýdýan ýaňyltmaçlarynyñ göwrümi uly bolmalydyr. Çagalaryň ýaşyna görä sanawaç ýañyltmaçlarynyň tekstleriniň agyrlaşmagy ýaşlaryň sözleýiş endiginiň kem-kemden türgenleşmegine ýardam edýär.

Çeşme: H.Goçmyradow, Türkmen halk döredijiligi, Aşgabat, 2010