Difference between revisions of "Amerikanyň Birleşen Ştatlary taryhy"

Jump to navigation Jump to search
 
3. ABŞ XX asyryň 70-80-nji ýyllarynda.
 
4. Beýik Saparmrat Türkmenbaşynyň zamanasynda amerikan-türkmen gatnaşyklary.
 
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy : “Biziň bu gün Ýewropanyň ähli döwletleri bilen hem ikitaraplaýyn bähbitli, ygtybarly gatnaşyklarymyz bar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gepleşigimiz we hyzmatdaşlygymyz gitdigiçe işeňňirleşýär” diýip belleýär.
 
ABŞ Demirgazyk amerikan dünýäböleginde ýerleşen döwlet. Onuň umumy meýdany 9,7 mln inedördül km. ABŞ özüniň meýdany boýunça dünýäde Russiýadan, Kanadadan, Hytaýdan soň 4-nji ýerde durýar.
ABŞ-nyň ilaty 270 mln. adam (2001 ý.). Döwlet dili iňlis dili. Ýurtda esasan hem protestant dini (53%); katolik dini (26%) we beýleki dinler hereket edýär. ABŞ-ň döwlet gurluşy – federatiw respublika, ýurduň düzüminde jemi 50 ştat bar. Paýtagty Waşington. Döwletbaşy we hökümetiň baştutany prezident, ýerine ýetiriji häkimiýet - wise-prezident we ministrler Kabinetine degişli. Kanunçykaryjy häkimiýeti iki palataly parlament-kongress amala aşyrýar, ol Senatdan (ýokary palata) we wekiller palatasyndan (aşaky palata) ybarat. ABŞ-da adaty iki partiýa : Respublikan we Demokratik partiýalar ýurduň syýasy durmuşynda esasy orunda durýar.
 
501950-60-njy ýyllarda ABŞ-da ykdysadyýetiň we halkyň durmuş derejesiniň ösüşi. 1953-1961-nji ýyllarda respublikaçy partiýadan bolan Duaýt Eýzenhauer ABŞ-yň prezidenti wezipesini eýeledi. Onuň dolandyran döwründe amerikan ykdysadyýeti üç gezek çökgünlik döwrüni (1953-1954, 1957-1958, 1960-1961-nji ýyllar) başdan geçirendigine garamazdan, öňküsi ýaly çalt bolmasa-da, ösüşini dowam etdirdi. Eýzenhauer ilkinji nobatda ýurduň býudžetini tertipleşdirmäge synandy. Ol döwlet harajatlaryny azaldyp, salgytlary peseltmekçi we dollaryň hümmetini güýçlendirmekçi bolýardy. Puluň hümmetlenmegi üçin ol işsizligiň artmagyna garşy däldi. “Sowuk uruş” zerarly ýaraglanyşyga goýberilýän çykdajylaryň artmagy ykdysady ösüşe ýaramaz täsir edýärdi.
 
501950-nji ýyllarda amerikan ykdysadyýetiniň häsiýetli aýratynlygy dürli pudaklarda iri-iri hususy birleşmeleriň döremegidir.
 
ABŞ-yň oba hojalygy agyr pursatlary başdan geçirdi. Fermerleriň birnäçeleri birleşip, iri fermalar döredýärdiler. Maşgala fermerleri iri fermalar bilen bäsdeşlige çydaman tozýardylar.
Buş Yragyň 1990-njy ýylyň Alp Arslan aýynda Kuweýti basyp almagyny aýgytly ýazgardy. Haýal etmän goşunyny gürrüňsiz Kuweýtden çykarmagy ondan talap etdi.
Kongres dartgynlynlygy parahatçylykly ýol bilen çozmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görmek haýyşy bilen prezident Buşa we halkara birleşmelerine açyk ýüzlendi. Bu ýüzlenmäniň aňyrsynda ABŞ-yň konstitusiýasynyň düzgüni boýunça uruş yglan etmek hukugynyň kongrese degişlidiginiň ýatlamasy durýar. Başga bir tarapdan aýdylanda, XX asyryň ikinji ýarymynda ABŞ kongresiň resmi ygtyýary bolmazdan ençeme gezek harby hereketlere gatnaşypdy. Wýetnam urşy hem şolaryň biridir. Kongresiň agzalarynyň bir topary Buşa urşa başlamazdan kongresiň goldawyny almalydygyny aýtdylar. 1991-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 12-sinde Yraga berlen talapnamada görkezilen soňky möhlete 3 güň galanda kongres prezidentte soňky 50 ýylda berilmedik ygtyýarlyklary berdi. “Çöldäki harasat” adyny alan söweşde ABŞ we BMG-niň parahatçylygy üpjün ediji güýçleri Yragyň Kuweýtden çykmagyny gazandy.
Demirgazyk Amerika utgaşygy. 1988-nji ýylda ABŞ bilen Kanada erkin söwda baradaky ylalaşyga gol çekdi. Biraz soňra oňa Meksikanyň hem goşulmagy bilen Demirgazyk Amerika utgaşygy (NAFTA) emele geldi. Buşuň we Klintonyň hökümeti NAFTA-nyň arzan harytlaryň bolçulygy we hyzmatlar bilen üpjün etjegini hem-de üç döwletiň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirmäge çalyşýardylar. 1993-nji ýylyň ahyrynda kongres NAFTA-ny resmi taýdan tassyklady. Bu gurama Günbatar ýarymşarda erkin söwda ulgamynyň nusgasy hökmünde garalýardy.
302

edits

Nawigasiýa menýusy