Kompýuter grafikasy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut
Gysgaça mazmuny ýok Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme |
Gysgaça mazmuny ýok Bellik: Tersine Wizual düzetme |
||
Setir 29: | Setir 29: | ||
suradyň aýry böleklerini we ölçeglerini özgertmek ýeňil |
suradyň aýry böleklerini we ölçeglerini özgertmek ýeňil |
||
Wektor suratlary ýasamak üçin iň meşgur programma bu CorelDraw. Onuň bilen hem ýönekeý suratlary hem tehniki çyzgylary ýasamak amatly. |
Wektor suratlary ýasamak üçin iň meşgur programma bu CorelDraw we Adobe Illustrator. Onuň bilen hem ýönekeý suratlary hem tehniki çyzgylary ýasamak amatly. |
||
Inženerçilikde ulanylýan tehniki çyzgylary ýasamak üçin köp ulanylýan standart programma bu AutoCAD. Jaýlary, kartalary, shemalary we maşynlary çyzmak üçin giň ulanylýan programmadyr. |
Inženerçilikde ulanylýan tehniki çyzgylary ýasamak üçin köp ulanylýan standart programma bu AutoCAD. Jaýlary, kartalary, shemalary we maşynlary çyzmak üçin giň ulanylýan programmadyr. |
||
07:35, 8 oktýabr 2023 senesindäki wersiýa
Kompýuterde grafika iki topara bölünýär: 2D – tekiz şekiller 3D – giňişikde ýerleşýän göwrümli şekiller
Kompýuterde ýasalan 2D suratlaryň 2 sany görnüşi bar: Raster – piksel diýilýän nokatlardan durýan surat. Wektor – geometriki şekillerden (çyzyk, töwerek, dörtburçluk we ş. m.) durýan surat. Bezýe egri atly egri çyzyklardan ýasalýar.
Raster suratlaryň ustünde dürli sazlamalary we effektleri amala aşyryp bolýar: Reňkini we ýagtylygyny üýtgetmek Tutýan ýerini kiçeltmek Kesmek-pozmak we birleşdirmek Montaž etmek Surada dürli effektleri goşmak
Raster suratlary her-hili edip sazlamak we montaž etmek üçin iň güýçli programma bu Adobe Photoshop. Başga meňzeş programmalar: Corel Draw, Photo Paint, Fireworks, Free Hand we Paint (iň ýönekeýi, her Windows kompýuterde bar).
Raster suratlary hakyky durmuşdan alnan çylşyrymly suratlar üçin ulanmak amatly. Meselem: fotosuratlar. Rasteriň ýetmezçilikleri: köp ýer tutýar (diskde) surat ulaldylanda onuň hili peselýär
Wektor suratlary ýönekeý şekiller, çyzgylar, shemalar, bezeg-nagyş suratlar üçin ulanmak amatly. Meselem: enjamlaryň ýa-da jaýlaryň çyzgylary, kartalar, emblema, upakowka, çagalar üçin surat. Wektoryň gowy taraplary: surat ulaldylanda onuň hili üýtgemeýär eger surat ýönekeý bolsa, ol örän az ýer tutýar wektor çyzgylary çekmek ýeňil suradyň aýry böleklerini we ölçeglerini özgertmek ýeňil
Wektor suratlary ýasamak üçin iň meşgur programma bu CorelDraw we Adobe Illustrator. Onuň bilen hem ýönekeý suratlary hem tehniki çyzgylary ýasamak amatly. Inženerçilikde ulanylýan tehniki çyzgylary ýasamak üçin köp ulanylýan standart programma bu AutoCAD. Jaýlary, kartalary, shemalary we maşynlary çyzmak üçin giň ulanylýan programmadyr.
Wektoryň ýetmezçlikleri: Surat çylşyrymly bolsa, wektor has köp ýer tutup başlaýar Wektor suratlary köp ýerlerde (programmalarda) ulanyp bolanok
Suratlaryň kompýuterde ulanylýan dürli görnüşleri - electron formatlary bar. Iň meşgur formatlar şular: Raster formatlar JPEG – iň giň ýaýran format, sebäbi örän az ýer tutýar, ýöne suradyň hilini gowy saklaýar. GIF – giň ýaýran format, az ýer tutýar, suradyň hili ortaça, animasiýa (gymyldaýan şekilleri) edip bolýar, Internetde köp ulanylýar. Az reňk görkezip bilýär. PNG - azrak ýer tutýar, suradyň hili kän ýitenok. Internet üçin niýetlenen. BMP – köpräk ýer tutýar, suradyň hili ýitenok. Ýönekeý şekiller (simwol, ikonka) üçin giň ulanylýar.
Wektor formatlar WMF — Windows Meta File, ähli kompýuterde ulanylyp bilýar SVG – az ýer tutýar, başga wektor formatlara garaňda giň ýaýran
Raster hem wektor bilelikde alýan formatlar TIFF – giň ýaýran format, köp ýer tutýar, emma suradyň hili ýitenok. Uzak wagtlap surady saklamak üçin ulanylýar. Köp reňkleri görkezip bilýär. Neşirýat üçin ulanmaga amatly. SWF – giň ýaýran format, az ýer tutýar, owadan interaktiw animasiýa edip bolýan format PSD – montaž we çyzgy edip bolýan format, diňe CorelDraw programmada ulanylýar CDR - montaž edip bolýan format, diňe Photoshop programmada ulanylýar DXF – AutoCAD programmanyň formaty, inženerçilik çyzuw üçin giňden ulanylýar. PDF – tekst bilen grafika garyşyk dokumentler üçin giňden ulanylýar. Çap etmäge ýeňil format.
3D şekilleri ýasamak üçin iň giň ulanylýan programmalar - 3ds MAX we Alias Maya. Olar öz içine hem 3D hem 2D grafikany hem jemleýärler. Animasiýa edip bolýar. Shrek ýaly multfilmler, kino speseffektler we klipleriň kä-bir bölekleri şol programmalaryň kömegi bilen ýasalýar. Tehnikada we ylymda modelirlemek işleri üçin hem giňden ulanylýar.
Resolution ýa-da “razreşeniýe” – suradyň ýa-da ekranyň bir inch (2,5 sm) uly ýere sygýan nokatlaryň (pikselleriň) sany – ppi (pixels per inch gysgaça). Razreşeniýe näçe ýokary bolsa şonça-da kompýuterde görkezilýäň şekiliň dürslügi, aýdynlygy, jikme-jikligi artýar.
Monitoryň razreşeniýesi - kompýuteriň ekranynda sygýan iň ýokary piksel sany. Adatça monitoryň iň ýokary razreşeniýesi saýlananok-da ol pesräk edip alynýar. Meselem: monitoryň iň ýokary razreşeniýesi1280x1024 bolsa, alynýar 800x600 – pes kompýuterlerler üçin (PentiumII) ýa-da 1024x768 ortaça kompýuterler üçin (Pentium III, IV). Professionallar, ýagny, dizaýnerler has ýokary razreşeniýeleri ulanýarlar. Ekranyň razreşeniýesi ulaldykça suradyň hili gowylanýar, emma suradyň aýry düzüji bölekleriň ululygy kiçelýär.
Eger surat juda uly razreşeniýe bilen alynsa, onuň tutýan ýeri ulalýar we ony işlemek agyr bolýar.
Surat skanerden we printerden geçirilende ppi ýerine oňa meňzeş bolan dpi (2,5 sm kagyzda nokat sany) görkezjisi ulanylýar. Suratlaryň şu dpi we ppi ululyklary köp ulanylýar: 72 we 96 – Internet üçin, ekran üçin we ýönekeý suratlary çap etmek üçin 144, 200 – orta we ýokary hilli şekilleri ýasamak üçin we suratlary pes hilli printer bilen çap etmek üçin 300, 600– örän ýokary hilli şekilleri görkezmek üçin we lazer printerde çap etmek üçin. 1200 – foto çap etmek üçin.
Razreşeniýe diňe ppi (2,5 sm-de piksel sany) bilen däl, suradyň jemi piksel sany - MEGAPIKSEL ululugy bilen hem aňladylyp bilýär: Megapiksel (MP)– bu million piksel, ýagny monitoryň ýa-da suradyň öz içine jemleýän nokat sany. Fotokameralar üçin megapiksel - kameranyň surat alýan sensorlaryň sany - bu esasy görkezjidir. Eger kamera "3.1 megapixel" bolsa, onda onuň 2048 × 1536 = 3,145,728 sensory bar diýmek Kameraň MP juda ýokary edilip goýulmaly däl, ýogsa foto juda köp ýer tutar, hiliň artyşy bolsa kän bildirmez. 3 MP – adaty öý foto üçin gowy 5 MP biraz ulurak foto üçin 7 MP we ýokary – uly stendler we plakatlar üçin
Suratlar reňk model görkezijisine görä iki esasy topara bölünýäler: RGB – gyzyl, ýaşýl, gök – 3 sany reňklerden gurulýar. Ekran, Internet we öý printerler üçin gowy ýaraýar. CYMK – mawy, sary, gyzyl, gara – 4 sany reňklerden gurulýar. Ýokary hilli neşirýat üçin gerek bolýar.
Suradyň reňkiniň baýlygy her pisele düşýän bit bilen häsiýetlenýär: 1 bit, 21 = 2 reňk (ak we gara) 8 bit, 28 = 256 reňk 2 bit, 22 = 4 reňk 16 bpp, 216 = 65,536 reňk ("Highcolor" ) 3 bit, 23 = 8 reňk ... 24 bit, 224 ≈ 16.7 million reňk ("Truecolor")
Öý üçin monitoryň 16 bit reňk (Highcolor) ýeterlidir. Has ýokary bit (32 bit çenli) reňkler köp adamlaryň gözeri üçin tapawut bildirmeýärler, olar diňe neşirýat we professional dizaýn üçin gerek.
LINKLER:
Kompyuter barada dusunje http://tk.wikipedia.org/wiki/Kompyuter_barada_dusunje[permanent dead link]
INFORMATIKA http://tk.wikipedia.org/wiki/Category:Informatika
Kompỳuter ulanmak http://tk.wikipedia.org/wiki/Komp%E1%BB%B3uter_ulanmak Archived 2013-12-21 at the Wayback Machine
WIDEO http://tk.wikipedia.org/wiki/Komp%C3%BDuter_wideo
IT BILIM http://www4.ncsu.edu/~bovezmu/IT-workshops.html[permanent dead link]
Bu kompýuter makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |