Mazmuna geçiň

Üçler bileleşigi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Üçler bileleşigi.

Fransiýa garşy urşa taýýarlanýan Germaniýa özüne ýaranlary gözleýärdi. Şeýle ýaran ozaly bilen Awstro-Wengriýa bolup biljekdi. Ol Russiýanyň elini baglap, Fransiýa bilen bileleşmekden saklap biljekdi. Awstro-Wengriýa we Russiýa Balkanlarda esasy bäsdeşlerdi.

1879-njy ýylda Germaniýa bilen Awstro-Wengriýanyň arasynda şertnama baglaşyldy. Olar Russiýa çozan mahalynda birek-biregi goldamagy ylalaşdylar. 1882-nji ýylda bu şertnama Italiýa hem goşuldy. 1881-nji ýylda Fransiýanyň Tunisi basyp almagy onuň Italiýa bilen gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyrdy.

1882-nji ýylda Germaniýanyň, Awstro-Wengriýanyň we Italiýanyň arasynda baglaşylan harby şertnama Üçler bileleşigi adyny aldy. Germaniýa we Italiýa Fransiýa öz üstlerine çozan halatynda birek-birege kömek bermäge söz berdiler. Awstro-Wengriýa bilen Russiýanyň arasynda dawa tutaşaýsa, Italiýa bitaraplygyny saklamalydy. Bismark Russiýany Germaniýa bilen urşa girmez diýip hasaplaýardy.

Wilgelm II-niň täze imperator bolmagy we Bismarkyň iş başindan aýrylmagy bilen Germaniýanyň syýasatynda üýtgeşmeler boldy. Nemes generallary iki ugurda uruş alyp barmakdan çekinmeli daldigini öňe sürdüler. Olar ruslaryň çalt goşun düzjekdigine kembaha garadylar. Nemesler ilki Fransiýany dyza çökerip, soňra ruslaryň üstüne çozmakçydy.

Germaniýanyň täze kansleri Býulow işjeň daşary syýasat alyp bardy. Ol reýhstagda eden çykyşynda : “Beýleki halklar öz aralarynda ýeri we suwy paýlaşanlarynda, biz nemeslere gök asmandan başga hiç zat ýetmändir. Biz özümize Günüň aşagyndan mynasyp ýer berilmegini talap edýäris” diýen şygary öňe sürüpdir. XIX asyryň 90-njy ýyllarynda Germaniýa Hytaýa kürsäp girdi. Şandun ýarymadasynda harby bazasyny gurdy. Ýuwaş okeanda Karolin we Marian adalaryny eýeledi. Täze bakna mülkleriniň eýelenmegi, daşary söwdanyň artmagy Germaniýadan kuwwatly deňiz flotyny döretmegi talap edýärdi. Wilgelm II “Biziň geljegimiz deňizdedir” diýip öwünýärdi.

1895-nji ýylda Demirgazyk we Baltika deňizlerini birleşdirýän Kil kanaly açyldy. 1898-nji ýylda reýhstag harby gämileriň gurluşygy hakynda uly maksatnamany tassyklady. Bu gönüden-göni Beýik Britaniýanyň deňiz agalygyna uly howp salýardy. Beýik Britaniýa deňiz döwletleri bolan Fransiýanyň we Germaniýanyň bilelikdäki flotundan hem güýçli floty saklamaga çalyşýardy. Iňlis hökümeti her bir gurlan täze german linkoryna garşy täze iki iňlis gämisini gurmagy karar etdi. Özüniň güýçlenýän deňiz garşydaşyna garşy Beýik Britaniýa köne duşmany Fransiýadan haraý isläp, onuň bilen ýakynlaşyp başlady.