Mazmuna geçiň

Öwezdurdy Nepesow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Öwezdurdy Nepesow —Türkmenistanyň halk ýazyjysy, filologiýa ylymlarynyň doktory. 1947-nji ýylyň 1-nji iýulynda Garrygala ( Magtymguly) etrabynyň Garaganly obasynda Nepes hojanyň çopan maşgalasynda eneden bolýar. Ol ýaşlykda ýetim galyp, kyn güzeran başyna düşüp, çekene çopany, bagban,sakçy bolup işlemeli bolýar. 1963-nji ýylda Nebitdagyň ( Balkanabat) şäherindäki 3-nji gurluşykuçilişesiniň agaç ussaçylygy bölümine okuwa girýär we gapdalyndan şäheriňagşamky işçi-ýaşlar mekdebinde okaýar. Okuwyny gutarandan soň oba gurluşyklarynda kerpiç örüji, suwagçy,agaç ussasy bolup işleýär. Soň 1966-njy ýylda etrap merkezindäki birinji orta mekdebi tamamlaýar. Ol ýaşlykda watanymyzyň iň gözel künjegi bolan Sumbar jülgesiniň ajaýyp tebigatynyň, bu jülgüniň adamlarynyň mährbanlygyndan ýagşy ganýar. Olara gatyşyp-garyşyp , bulut ýaly gara baglyklarda zähmet çekýär. 1967-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakyltetine okuwa girýär. Uniwersitet kalby hyjuwdan doly ýaş ýigide ylmyň,bilimiň dürli ugrunyň tylla işigini açýar. Ol hut talyplyk ýyllaryndan şygryýet, ylym bilen çynlakaý meşgullanyp başlaýar. Ýoldaşlary ýaş ýigidiň ýazýangoşgularynyň diliniň şirinden duýgylylygyny, suratkeşligiň, duýgyny obrazly beýan etmegiň güýçlüdigini , pelsepe öwüşgünlerine baýlygyny belläpdiler. Emma ol juda az ýazýardy. Ol 1972-nji ýylda bu ýokary okuw jaýyny tamamlap, „Türkmenistan” neşirýatynda korrektor, Türkmen döwlet Kitap palatasynda bibliograf bolup işleýär. 1973-nji ýyldan „Türkmenistan” gazyetinde habarçy bolup işe başlaýar. Aşgabatda ýaşap, belli gazýetiň redaksiýasynda uly habarçy, bölüm müdiri bolup işlemek,onuň üçin uly döredijilik mekdebi boldy. Ol respublikanyň belli ýazyjy- şahyrlary bilen duşuşyp, olaryň döredijiligi, özleribilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilikalypdy.Indi onuň özem goşgular, poemalar döredip, olary merkezi metbugatda çap etdirip başlaýar. Terjimehal Öwezdurdy respublikan konkurslara gatnaşyp ,olarda ýeňiji bolýardy. Şol döwürde ol ylym bilen hem meşgullanyp, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Öde Abdyllaýewiň ýolbaşçylygynda „Berdi Kerbabaýewiň döredi- jiliginde monumentallyk” diýentemada dissertasiýanyň üstünde işläp başlaýar. Ol gazýetiň ýeňil bolmadyk hysyrdyly işiniň daşyndan şygyr, publisistika, ylymbilen utgaşdyryp işleýärdi. Şol günleriň birinde bolsa onuň „Uzak-uzak ýyllar” romany respublikan konkursda üçünji baýraga mynasyp boldy. Öwezdurdy Nepesow 1984-nji ýylyň başynda „Sowet edebiýaty”, häzirki „Garagum” žurnalyna jogapkär kätip bolup işe geçýär. Ol bu ýerde 1988-nji ýyla çenli işläp, „Uzak-uzak ýyllar”, „Jylawsyz sähra” romanlaryny bu žurnalda çap etdirýär, Onuň „Daş-61” atly pýessasyny Daşoguzyň Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynda goýýarlar. Onuň „Aýdere” poýemasy hem respublikan konkursda baýrak alýar.Ol „B.Kerbabaýewiň döredijiliginde monumentallyk „ diýen temada jemagat öňünde dissertasiýa goraýar. Onuň bu dissertasion işi respublikamyzyň ylmy jemgyýetçiligi däl,şol wagtky soýuz derejesinde bu ugurdan edilen ilkinji ajaýyp iş hökmünde ykrar edildi. Onuň şahyranakyssa bilen ýazylan „Uzak- uzak ýyllar” romany özbaşdak kitap bolup, okyjylara gowuşdy. Oňa Türkmenistan Ýazyjylar guramasynyň prawleniýesiniň „B. Kerbabaýew” baýragy berildi. Ony 1988-nji ýelda Ýazyjylar guramasynyň agzalygyna kabul edýärler.. Şol döwürde ony döwlet işine çekýärler. Emma Öwezdurdy döredijilikbilen meşgullanmagyny goýmaýar. Ol romanlary, hekaýalary, powestleri, poýemalary, goşgulary döredýärdi. 1990-njy ýylda ol Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň guramaçyltk sekretarlygyna saýlanýar. Ol bu ýerde indi ýazyjy-şahyrlar bilen gönüden-göni iş alyp barýardy.Ýazyjylar guramasynyň döwür bilen aýakdaş gitmegine ýardam edýärdi. Sähel wagtdan ony Türkmenistanyň Prezidentiniň geňeşiniň ylym-bilim, medeniýet, sungat işleri baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine ,soňra Türkmenistan ministrler kabinetiniň medeniýet we döredijilik işgärlerini dolandyrmak bölüminiň müdirligine işe çekilýär.