Öküz soguljany
Bu mugthor jyns taýdan ösüp ýetişen döwründen tä ölýänçä adamyň iýmitleniş ulgamynyň içege bölüminde ýaşaýar. Ol liçinkalar (onkosfera we f inna) döwründe iri şahly mallaryň –sygryň we öküziň myşsasynda ýaşaýar.
Gurluşy
[düzet | çeşmäni düzet]Öküz soguljany oba hojalyk mallarynda we adamlarda mugthorlyk edýän gurçuklaryň iň uzyny hasaplanýar. Onuň bedeniniň uzynlygy 10 sm-e çenli, hatda ondan-da uzyn bolýar. Mugthoryň bedeni ýasy, zolak şekilli bolup, ol üç bölümden: kelleden, boýundan we bogunlardan durýar. Gurçugyň bogunlarynyň sany 1000 we ondan-da köp bolýar. Öküz soguljanynyň kellesi armyt şekilli, onuň diametri 1,5–2 mm. Kelläniň üstünde dört sany soru jy-ýapyşyjy synasy bolýar. Mugthor soguljanyň boýun bölümi gysga, ýygrylanda gasyn-gasyn bolýar, ol bogunlara bölünmeýär. Gurçugyň bedeniniň ösüşi kelle bilen boýun aralygynda bolýar. Öküz soguljanynyň bogunly bölümindäki bogunlar şekilleri we ululyklary boýunça birmeňzeş bolmaýar. Boýna ýakyn öňdäki bogunlar gysga we inli, ortadaky bogunlar gysga, ini-boýy deň, yzdaky bogunlar bolsa has iri bolýarlar (22-nji surat). Köpelişi we ösüşi. Öküz soguljany iki jynsly –germafrodit. Onuň bedeniniň yzraklaryndaky bogunlaryň her birinde ösüp ýetişen urkaçy we erkek jyns synalary bolýar. Urkaçy jyns synasy ýumurtga öýjüklerini, erkek jyns synasy bolsa spermatozoidleri emele getirýärler. Ýumurtga öýjükler spermatozoidler bilen her bogunda aýratynlykda tohumlanýarlar. Tohumlanan ýumurtgalar ösýärler, ulalýarlar we bogunlary doldurýarlar. Şeýle bogunlar soguljanyň bedeninden ýolunýarlar we içegä düşýärler. Olar ekskrementler bilen daşa çykarylýar. Adamyň iýmitleniş ulgamyndan ekskrementler bilen daşa çykarylan soguljan bogunlary ýarylýarlar we olaryň içindäki ýumurtgalar haýwanlar, ýel-ýagyş arkaly topragyň we ösümlikleriň üstüne ýaýradylýar. Sy gyrlar we öküzler ösümlikler bilen bilelikde öküz soguljanynyň ýumurtgalaryny tötänlikde iýýärler. Malyň aşgazanynda öküz soguljanynyň ýumurtgalaryndan onkosfera diýilýän liçinkalar ösüp çykýarlar. Olar gana geçýärler we myşsa dokumalaryna barýar lar. Onkosferalar ösüp ulalýarlar we kellejige, boýunlyja, böwenlije liçinkalara –finnalara öwrülýärler. Myşsalarynda öküz soguljanynyň liçinkalary bar bolan mallara finnozly mallar diýilýär. Şeýle mallar adamlara mugthory geçirijiler hasaplanýar. Adamlar f innoz keselli mallaryň etlerini iýip, mugthor bilen keselleýärler. Öküz soguljanynyň finnasy adamyň aşgazanyndan içegesine geçýär, şol ýerde bedeniň üsti bilen iýmitleri sorup iýmitlenýär, ösýär we zolak şekilli uzyn gurçuga –soguljana öwrülýär. Soguljan ýumurtgalar arkaly köpelişi dowam edýär.
Zyýany
[düzet | çeşmäni düzet]Öküz soguljanynyň liçinkalary iri şahly mallar üçin örän zyýanlydyr. Bedeni mugthorly sygyrlar we öküzler semremeýärler, sygyrlaryň süýtlüligi peselýär. Öküz soguljanly adamyň bedeni agyryly bolýar. Onuň içi bozulýar, ganazlyk ýüze çykýar, gaty horlanýar.
Göreş çäreleri
[düzet | çeşmäni düzet]Öküz soguljanlarynyň iri şahly mallara we adamlara giňden ýaýramaklarynyň öňüni almak hem-de olary zyýansyzlandyrmak maksady bilen aşakdaky çäreleri berjaý etmeli. Hojalyklardaky finnozly iri şahly mallary hasaba almaly, olary ýataklarda saklamaly we iýmitlendirmeli. Finnozly mallaryň etlerini diňe örän berk gowurmaly we köp gaýnadyp bişirmeli, şeýle mallaryň etlerini çigräk bişirip iýmek bolmaz. Finnozly, iýmitleniş ulgamynda öküz soguljany bolan adamlar diňe ýapyk hajathanalardan peýdalanmaly. Içegelerinde agyry bar bolan, içi bozulýan, tiz-tizden ajygýan, oturyp-turanda başy aýlanýan, horlanýan adamlar uly täretini (ekskrementini) lukmançylyk edaralarynda barlatmalydyr. Eger-de ekskrementde öküz soguljanynyň ýumurtgalary ýa-da ýumurtgaly bogunlary bar bolsa, onda soguljanly adam lukmana ýüz tutmalydyr.