Çohpetde

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Türkmenistan döwletiniň Lebap welayatyndaky Halaç etrabynda bir şäherçe. Ilatynyň 99% hem köp bölegi Ärsarylardyr. Ilatyň esasy bölegi daýhançylyk bilen meşgullanýarlar. Amyderýanyň kenarynda we Garagumyň etegindedir. Çohpetde sözi - çok we petde sözünden gelip çykyp, bu ýerde çok - köp, petde - agajyň bir görnüşidir. Bu ýerde Ärsarylaryň Garkyn, Okçy we ýene birnäçe uruglary ýaşaýar. Çohpetde şäherçesinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky pagta egirme fabrigi ÝGPJ ýerleşýär. Täzelikler: Çohpetde şäherçesindäki sport desgasy täzelendi. Hususy söwda merkezi we hyzmat ediş öýi guruldy. Şäherçede we onuň çäklerinde arassaçylygy ýola goýmak üçin birnäçe işler amala aşyryldy. Öýjükli telefonlarda ýokary tizlikli 3G+ internet ulgamy işe girizildi.