Çehiýa XI- XV asyrlarda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Çehiýa XI-XV asyrlarda

Sapagyň maksady: Çehiýa döwletinde iri ýer eýeçilik gatnaşyklarynyň ýüze çykyşy we synpy göreşleriň ýitileşmegi barada düşünje bermek.

Sapagyň wezipesi: Çehiýanyň XI- XV asyr taryhyny öwrenmek bilen talyplara Garaşsyz we Bitarap Watanymyza buýsanç döretmek, dostluk-doganlyk, agzybirlik, watana söýgüni döretmek.

Mukaddes Ruhnama: “Türkmen halkym hiç mahal uly halkyň öňünde kiçelmez, kiçi halkyň öňünde ulalmaz ” sah. 406.

1. XI-XIII asyrlarda Çehiýada iri ýer eýeçilik gatnaşyklarynyň ösüşi we azat daýhanlaryň iri ýerlerine tabyn edilmegi.

2. Obada we şäherde synpy göreşiň ýitileşmegi.

3. Gulçylyk uruşlary we onuň netijeleri.

Gunbatar slawýan döwletleriniň biri Çehiýa bolup, Merkezi Ýewropa ýurtlarynda bolşy ýaly, XI-XII asyrlaryň başynda ösen iri ýer eýeçilikli jemgyýete geçdi. Şu döwür Çeh we Polşa halklarynyň german iri yer eýelerine garşy göreşi bilen gabat gelýär. Ýöne oba hojalygynda hünärmentçilik entäk doly bölünip aýrylmandy. Emma söwda ösýärdi. Ruslar. polýaklar, günbatar ýewropalylar söwda edýärdi. Iri yer eýeleri, buthana öz ýerini boş yerleri, tokaýlary arassalap, şolaryň hasabyna giňeldýärdiler. Azat daýhanlara dediçi diýip at beripdirler. Olar öz ýerinde (nesile geçýän) işläpdirler, ýöne bularyň jemgyýetçilik ýerlerinden peýdalanmaga hukugy bolmandyr, şol sebäpli olar iri ýer eýelerine garaşly bolupdyrlar, dürli salgytlary töläpdirler. Hat-da olaryň ep-eslisi iri ýer eýeleriniň ezilişine duçar bolup, ellerinden ýerlerini aldyrypdyrlar.Ýöne öňki gullardan galanlary bardy. Olar hukuksyzdylar.

XI asyrda iri ýer eýelerinden atlylara “goşunda oňat gulluk edendigi”üçin ýer berilipdir.Iri ýer eýeleriniň agalygyny dikeltmek üçin ýörite knýaz gramotalary berilipdir. Olardan “panlar” çykýar, maýda feodallara 2-nji derejeli şlahtalar diýip at beripdirler. XI asyrda iri yer eýeçiliginiň dagynyklygynyň netijesinde döwletiň territoriýasy kraýnylara bölünipdir. Her kraýnynyň merkezi bolupdyr, oňa grad diýip at beripdirler. Sud, döwlet edaralary we maliýe işinden girýän gurdejiler bolupdyr bu yerli ýer eýeleriniň girdejisiniň üstüni doldurypdyr. Olarda kraýnlaryň harby gury ýer goşuny bolypdyr. Ýörite gurultaýlar çagyryp (seýme degişli) zerur meseleleri çözüpdirler. Syýasy dagynyklyk dowam etse-de Praga şäheri özüniň ýurduň merkezi bolmagyny bes etmändir. Nemes we polýak iri ýer eýelerine garşy göreşde çeh halkynyň agzybirligi güýçsizdir. Çeh khýazlary Bražislaw I (1034-1055) Spitignew II (1055-1061) we Braçislaw II (1062-1092) döwründe nemes we polýak goşunyna uly zarp urulypdyr. Aýratyn hem XIII asyrda nemes daýhanlary ezişe çydam edip bilmän goňşy çeh ýerlerine göçüpdirler. Bu ýerde lokator diýýän maýda iri ýer eýeleri aralykçy bolup olara kömek edipdirler. Şeýdip boş ýatan ýerler özleşdirilipdir, üstesine olaryň yzy bilen nemes söwdagärleri, hünärmentleri-de aralaşypdyrlar. Mukaddes Rim imperiýasynyň öňki abraýyny ýokary galdyrmak maksady bilen nemes knýazlary bilen ýakynlaşyp, özüne soýuzdaş gözläpdirler. Katoloki buthana ruhanylar bu ýere göcüp gelip ösýän çeh döwletini pese gaçyrmagy niýetläpdirler. Tefton rysarlary, tampliýerler, monahlar, dominikanlar gelipdirler. Nemesler gelip öz nemes hukuklaryny öňe sürdiler. Bu nemes kolonistleriniň geçiren çäreleri çeh döwletinde özüniň ters täsirini galdyrdy. Käbir ýerlerde çeh daýhanlaryny göçürip ezipdirler, ýerine nemesler göcüpdirler. Şeýdip çeh ýerlerinde (patrisatlar) ýokary hukukdan peýdalanýan adamlar hem peýda bolupdyr. Çeh halkynyň gelgindilere garşy göreşi güýjäpdir.

Çeh döwleti barada aýtsak XIII asyrda ykdysady gatnaşyklar ösüp korol häkimýeti güýjedi. Korol Tokar II (1253-1278) öz yerlerini yzyna gaýdyp almak ugrunda çehlere garşy kömek etdi. Onuň döwründe Çehiýä merkezi Ýewropada iri ýer eýeçilikli döwlete öwrüldi. Ýöne 1241-1241-nji ýyllarda Wengriýa, Polşada soň çeh ýerlerine tatar-mongol basypalyjylary aralaşdy. Batynyň ordasy Morawiýany basyp aldy. Waslaw I olaryň Rusdaky alyp baran hereketlerinden soň güýjiniň gowşandygyny duýdy we olaryň ýörişlerini togtatdy.Prežemysl Otokkor II döwründe Heb welaýatyny Togen ştafunlardan aldy. Awstriýany Çehiýa birleşdirdi. Slawiýan ýerleri bolan Ştriýa Karintiýa we Krainyny Dunaýdan bärisini birleşdirdi. Äpet slawiýan döwletini döretdi. Ol Laba we Odra derýalaryndan tä Adriýatin deňzine çenli ýerlerini bermejek Wenger koroly Belyý IV bilen hem göreşdi. Wenger korolyny Galiso-Wolik knýazy Daniil Ramanowiç goldady we olar 1253-nji ýylda Çehiýa ýöriş etdiler. Emma çeh rus dostlugynyň bozulmagyna garşy Galisin knýazlygynda çykyşlar boldy. Şondan soň birnäçe gepleşikler geçirilip, gaýdyp çozuş etmediler.

XIII asyryň 70-nji ýyllarynda nemes basyp alyşlarynyň syýasy täsirlei duýuldy. Çehler şol wagt Hristiandinini kabul edip alypdyr. Çehiýada ruhany rysar ordenleri peýda bolupdyr. Olaryň hem köpüsi nemes bolupdyr. Şeýdip korol häkimýeti nemes kolonizasiýasyna duçar bolupdyr.


Çehiýanyň ykdysady ösüşi.

XIV asyryň II ýarymynda Çehiýada ykdysadyýet ösdi. 3 gezek hasyl almak, ýerleri giňeltmek ekerançylyk, üzümçilik, maldarçylyk ösýär. Mawut matalar daşary ýurtlara çykarylypdyr, pul gatnaşyklary ösdürilipdir.

Käbir senagat önümlerini öndürmek boýunça diňe bir merkezi däl günbatar Ýewropada-da birinji orna geçýär. Kümüş pullar öndürilýär. Praga ýurduň merkezi şäheri bolup Ýewropa bilen söwda edýän merkezi şähere öwrüldi. Bu ýere Angliýa, Flandriýadan, Wengriýa Wenesiýa, Polsadan söwdägärler gelipdirler. Aýratyn hem Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen söwda ösüpdir. Çehiýadan mawut mata, metal önümleri, wino çykarylypdyr. Ýewropadan bu ýere ýarag, mal, sütükli deri, mis we beýleki önümleri getirilipdir.

1306-njy ýyldan başlap Çehiýäda Pşemisler döwri gutaryp 3 toparlaşyklar boldy. Korol diýip hemes koroly knýaz (Çehçe Ýany ) saýlapdyrlar. Täze korol hanlara gramota berip, soslawiýalara (gatlaklara) edilýän egilişikleriň saklanjagyna söz berýär. 1310-njy ýyldan başlap Çehiýada wagtly-wagtynda seýimler çagyrylýar. Gurultaýlara şaherli köp çagyrylmandyr. diňe şähere degişli mesele ara alnyp maslahatlaşylanda gatnaşyp bilipdir. Korol Ýan Lýuksemburgskiý Çehiýada köp ýaşamandyr. Ol Koreýa bilen bolan söweşlerde aradan çykypdyr. Ýöne daşary ýurtly korolyň dolandyrmagy bilen Çehiýanyň syýasy taýdan merkezleşmegine mümkinçilik döremändir. Gaýtam Günbatar Ýewropa knýazlarynyň syýasatyny amala aşyrmaga gatnaşyp halk ejir çekipdir.

Ýan Lýuksemburgskiniň ogly Karl I (1346-1378) şol bir wagtda german dolandyryjylary bilen Çehiýada korol häkimýetini ýokary galdyrdy.Ol çeh ýerlerini giňeltmäge üns berdi, onuň döwründe Brakdenburg, Saksaniýanyň bir bölegi birikdirildi. Ol Çehiýada ýaşan şäherliler bilen çeh iri ýer eýeleri bilen ýakynlaşdy. Öňki nemeslere edilýän egilişikler çehlerde edildi. Praga çeh hünärmenleri göcürildi. ol ösdi.Uly ymaratlar guruldy. Karlşteýn köşki, uly daş köpri (Karlyň köprisi) häzire çenli hem saklanylypdyr.

1348-nji ýylda Ýewropada gadymy uniwersitetleriň biri bolan Praga uniwersiteti işe girişdi.

XIV asyrda Çehiýa döwleti Germaniýa, Polşa Wengriýa, aşakky Dunaý ýurtlary günorta-günbatar bilen halkara söwdasyny etdi. Söwda pul gatnaşyklary ösüp obada öz täsirini ýetirdi. Çeh iri ýer eýeleri öz daýhanlaryny nemes düzgünine geçirdi. Şoňa laýyklykda daýhanlar ýokary pul salgydyny tölemelidi, sähelçe zat üçin daýhan kowulýardy. Oba öz ýerli we ýersiz daýhanlaryň sany artdy. Iş tapman şäherlerden iş gözleýärdiler. Şaherde-de gapma-garşylyklar ýitileşdi. Şaherde ýoklaryň gatlagyny nemesler düzýärdi, olar Praga şäherini-de dolandyrýardylar.

Çehiýada durmuş, gapma-garşylyklaryň ýitileşmegi, nemesleriň baýlyga eýe bolmagy,syýasy rol oýnamagy halkyň ezilmegine getirdi. Üstesine katoliki buthanada ezmegini dowam etdirdi. 100 ýyl uruş döwründe hemme çykdaýjy Germaniýa, Çehiýa, Polşa, Wengriýanyň üstüne ýüklendi.

Ýan Gus öňdebaryjy çeh jemgyýetiniň isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda göreşe başlanlaryň biri boldy. Ol dindar Praga uniwersitetiniň professory, asly gelip çykyşy daýhan maşgalasyndan. Ol 1369-njy ýylda Gusines diýen ýerjagazda dogulýar. Uniwersiteti gutarýar. 1398-nji ýylda professor 1402-nji ýylda rektor bolupdyr. Olaryň janypkeşligi bilen korol Waslow Praga uniwersitetiniň ustawyny üýtgedýär, uniwersitetiň dolandyryş işlerinde esasy roly çeh professorlary oýnapdyr. Ol öz döwrüniň görnükli iňlis refarmatlary Wikleriň taglymatyndan ugur alýar. Buthana baýlyklaryň alynmagyny talap edýär, diňe öz çeh dilinde uýmagy talap etdi.

Yan Gus watançy bolupdyr. Oz watanyny, öz halkyny çyn ýürekden söyüpdir. Ol halka ýüzlenip: “çehler aýakda bolman, başda bolmalydyr” diýipdir we kese ýerlere garşy aýgytly göreşe çagyrypdyr. Emma welin Gus beýleki halklara ýigrenç duýgusy bilen hem garamandyr. Gusyň aýtmagyna görä onuň üçin oňat nemes erbet çehden ýakyn bolupdyr. Ol iri ýer eýeçilige garşy çykan bolmasa-da, daýhanlaryň gedaýçylykda we hukuksyzlykda ýaşamagyny adalatsyzlyk hasap edipdir.

Praganyň arhiw spisogy Gusa wagyz-nesihat edip çykyş etmegi gadagan edipdir, soňra bolsa ony buthanadan aýyrypdyr. Gus 2 ýyllap Çehiýanyň günortasynda ýaşapdyr we göreşi dowam etdiripdir. Rim papasy Gusy ruhanylaryň gurultaýyna çagyrypdyr, we howpsyzlygyny üpjün etmäge wada beripdir. Emma Konstansda (ýygnak geçen şäher) Gusyň el-aýagyny zynjyrlap, ýarym ýyllap yzgarly we sowuk zyndanda saklapdyrlar. Soňra ony sud edip sobar Gusy eretdik diýip yglan edipdirler we öz garaýyşlaryndan dänmegi ondan talap edipdirler.Ol öz garaýyşlaryndan däneninden ölenini gowy görüpdir. 1430-njy ýylda Ýan Gus oda ýakylyp ölduilipdir.Gusyň jezalandyrylyp öldürilmegi çeh halkyny gahar-gazaba mündiripdir. Daýhanlar topar-topar bolup daglara gidipdirler we ol ýerde halkyň wagyz nesihatçylarynyň Gusyň tarapdarlarynyň gürrüňlerini diňläpdirler. Gusyň taglymatyndan batyrgaý netije çykarypdyrlar. Gusyň yzyna eýerijileriň hemmesi özlerine gusçylar diýip at beripdirler.

1415-1419-njy ýyllarda Çehiýanyň günortasynda çykyşlar bolupdyr. Uly gozgalaňlar Pisekede, Klatowide we ş.m. ýerlerde bolupdyr. Şu döwri Çehiýada beýik daýhan uruşlarynyň döwri diýilip atlandyrmak mümkindir. Garyplar we senetçiler şäherden nemes baýlaryny kowup çykarypdyrlar. Halkyň gahar-gazaby katolik buthananyň üstünden inipdir. Gozgalaňçylar ybadathanalary weýran edipdirler, buthana gullukçylaryny öldüripdirler ýa-da kowup çykarypdyrlar. Halkyň hereketinden peýdalanyp, birentek hanlar buthana ýerlerini basyp alypdyrlar. Tabor dagynda gozgalaňçylar gelip şäheriň düýbüni tutupdyrlar. Ezilen halk özüniň bagtly we adalatly ýaşaýşy barada arzuw edipdir. Çehiýada gusçylyk hereketi- katoliki buthana garşy gönükdirilipdir. Gusçylyk uruşlary (1419-1434) 15 ýyllap dowam edipdir. Gozgalaňçylar katoliki buthana güýçli zarba urupdyr. Çen Seýliniň roly güýçlenipdir.Gusçylyk uruşlary ýeňilse-de, iri ýer eýeleriniň güýjüni peseldipdir, şäheriň ilatynyň aglabasyny çehler düzüp baslapdyr. Ýewropada iri ýer eýelerine garşy göreşleriň başlanmagyna itergi beripdir.