Mazmuna geçiň

Çary Geldimyradow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Çary Geldimyradow
Doglan senesi we ýeri09.12.1950
Aşgabat, Türkmenistan SSR, SSSR
MilletiTürkmen
Esasy baýraklary«Magtymguly Pyragy» adyndaky medaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi

Çary Geldimyradow (9.12.1950, Aşgabat şäheri, Türkmenistan) görnükli türkmen ýazyjysy, terjimeçisi we edebiýat işgäri. "Magtymguly Pragy" adyndaky medalyň eýesi, "Türkmeniň Altyn asyry" atly bäsleşiginiň ýeňijisi

Biografiýa

[düzet | çeşmäni düzet]

1965-nji ýylda şäheriň 26-njy orta mekdebinde 7-nji synpy tamamlap, okuwyny 13-nji işçi ýaşlar mekdebinde dowam etdirýär. Ol ilki şol wagtky Aşgabat etrabynyň «Zähmet» gazetinde korrektor bolup işe başlaýar. 1970-nji ýylda bolsa «Edebiýat we sungat» gazetinde zähmet ýoluny dowam etdirýär. Şu redaksiýada 1995-nji ýyla çenli dürli wezipelerde işleýär. 1995-nji ýyldan hormatly dynç alşa çykýança, 2013-nji ýyla çenli «Watan» gazetinde dürli wezipelerde işleýär. 2013-nji ýyldan bäri «Dünýä edebiýaty» žurnalynda terjimeçi. Ç.Geldimyradowyň «Rahatlyk» (1982) atly çagalar üçin hekaýalar ýygyndysy, «Çykalga» (1987), «Lälik» (1981), «Ýolbarsyň haky» (1989) atly gülküli hekaýalar ýygyndysy çap boldy. Bulardan başga-da döredijilik işgärleri bilen bolup geçen gyzykly wakalary özünde jemleýän «Gören-eşidenelrimden habar bersem» atly ýygyndyny, dünýä halklarynyň ýumorlaryny özünde jemleýän «Dünýä gülýär» atly ýygyndyny, ýurdumyzyň görnükli döredijilik işgärleri bilen baglanyşykly elliden gowrak ýatlamany özüne birikdirýän «Ýakymly ýatlamalar» atly ýygyndyny kitap görnüşinde taýýarlady.

Baýraklary

[düzet | çeşmäni düzet]
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Altyn asyr bäsleşiginiň ýeňijisi. (2015)
  • Magtymguly Pyragy medalynyň eýesi. (2014)
  • Aziýa we Afrika ýurtlarynyň raýdaşlygynyň sowet komitetiniň Hormat haty we medaly.
  • Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň neşir işleriniň bäsleşiginde I derejeli diploma, Hormat hatyna we pul sylagyna mynasyp boldy.
  • SSSR Ýazyjylar, SSSR Žurnalistler birleşiginiň agzasy.
  • Zähmet weterany. (2016)

Terjime Eden Eserleri

[düzet | çeşmäni düzet]
  • Marko Polo „Dünýäniň köpdürlüligi hakynda kitap“.
  • Migel de Serwantes „Ýeser idalgo Don Kihot Lamançaly“, 2 tomdan ybarat roman.
  • Waleriý Berezikow, „Emir Teýmir“, roman-hronika.
  • Gerbert Uells, „Göze ilmezek“, fantastiki roman, «Gaýyp» roman.
  • Piter Şeffer, „Amadeý“, sahna eseri.
  • Gumer Başirow, „Tatar halk döredijiligi“, degişmeler, ýomaklar, gysgajyk kyssalar.
  • Aleksandr Belýaýew «Adam-balyk» («Adam-amfibiýa») roman

Bulardan başga-da köpsanly hekaýalary türkmen diline geçirdi, çeper terjimäniň meseleleri barada ençeme makalalary, ýüze golaý hekaýa, döredijilik işgärleri barada elliden gowrak ýatlamalary, şonuň ýaly-da publisistik makalalary hem-de başga-da dürli žanrdaky eserleri ýazdy.


Işlän Ýerleri

[düzet | çeşmäni düzet]
  • 1965-nji ýylda Aşgabat etrabynyň „Zähmet“ gazetinde korrektor bolup işe girýär.
  • 1970—1995-nji ýyllar aralygynda „Edebiýat we sungat“ gazetinde korrektor, neşiri goýberiji, edebi işgär, bölüm müdiri, jogapkär kätip wezipelerinde işleýär.
  • 1995—2013-nji ýyllar aralygynda „Watan“ gazetinde habarçy, jogapkär kätibiň orunbasary, bölüm müdiri, jogapkär kätip wezipelerinde işleýär.
  • 2013-nji ýyldan bäri „Dünýä edebiýaty“ žurnalynyň terjimeçisi.

Çykan Kitaplary

[düzet | çeşmäni düzet]
Çary Geldimyradow, 1993 ý
  • „Lälik“, satiriki hekaýalar.
  • „Rahatlyk“, çagalar üçin hekaýalar.
  • „Çykalga“, satiriki hekaýalar.
  • „Ýolbarsyň haky“, satiriki hekaýalar.
  • „Gören-eşidenlerimden habar bersem...“, döredijilik işgärleri bilen bolup geçen gyzykly wakalar.
  • „Dünýä gülýär“, dünýä halklarynyň ýumorlary

Meretmämmet Hanmämmedow Çary aga barada şeýle sözleri aýdýar:"Çary Geldimyradow köptaraply tejribeli halypa. Onyň pensiýa çykandygyny eşidip, baş redaktor wagtym «Dünýä edebiýaty» žurnalyna işe çagyrdyk. Zehinine, adamkärçiligine ýakyndan göz ýetirdim. Sypaýy, işjanly ýaşuly. Ilki neşiri goýberiji, terjimeçi, edebi işgär boldy, soňra ýene terjimeçilige geçdi. Ol žurnala täze-täze ideýalar bilen geldi. Okyjylaryň aýdyşy ýaly žurnalyň ýüzi täzelendi, sahypalaryny täze rubrikalar bezedi. «Kim näme terjime edýär?» rubrikasy Çary aganyň teklibi bilen açyldy. Ýurdumyzyň belli terjimeçileri Daňatar Berdiýew, Atajan Tagan, Kakabaý Gurbanmyradow dagy bilen özboluşly söhbetdeşlikler gurady. Annaly Berdiýew, Şadurdy Çaryýew, Aşyrberdi Kürt, Gurbannazar Ezizow, Kerim Gurbannepesow, Gurbandurdy Gurbansähedow, Aleksandr Aborskiý we başga-da meşhur terjimeçi, ýazyjy-şahyrlar barada ýakymly ýatlamalar bilen çykyş etdi. Ençeme ýaş terjimeçileriň romanlaryny, powestlerini, hekaýalaryny redaktirledi.Bilýänsiňiz, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň okyjylaryň terjimeçilere sowalnama bilen ýüzlenen rubrikasynda terjimeçileriň beren jogaplary bardyr. Şol rubrikany teklip eden hem onuň sowallaryny taýýarlan Çary Geldimyradow. Belli hem-de ýaş terjimeçiler anketanyň sowallaryna jogap berip, terjime sungatyndaky tejribeleri bilen okyjylar köpçüligini tanyşdyrypdylar. Çary aganyň dili gowy, türkmen dilini gowy bilýär. Ol çeper terjime, sözme-söz terjime, erkin terjime ýaly bu sungatdaky duşýan ugurlar barada-da öz pikir-garaýyşlaryny öňe sürýän ençeme makalalar ýazdy. Şol makalalar terjime sungatyndaky derwaýys meseleleri ýüze çykarýardy. Şonuň üçin makalalar okyjylaryň arasynda gyzgyn seslenme döretdi — diýip gürrüň berdi.

Bir gezek žurnalist Ýegenmämmet Taýlyýew oňa: — Halypa, terjimede esasy zat näme, öz terjimäňiziň şowly ýa-da şowsuz çykandygyny kesgitläp bilýäňizmi?— diýip sowal berdi.

—Terjimede esasy zat kän. Terjimeçi terjime edýän eseriniň içinde «ýaşamaly», onuň awtory bilen bir gulakdan gopmaly. Terjime «Men näme diýýän, tamdyram näme diýýä» bolmaly däl. Terjime sözme-söz gitmeli däl, çeper bolmaly, oňa şirin türkmen dilini siňdirmeli, mahlasy eser türkmençe gürlemeli. Mysal üçin, şeýleräk terjimäni alyp göreliň: «Dükanda çörek we bulka önümleriniň dürli görnüşleri bar eken, men bulka almagy arzuw etdim…». Şeýle seredeňde düşnükli, eýesi-habary ýerbe-ýer. Ýöne, hany, bärde owadan türkmen dili? Ynha, terjimeçi şuň ýaly gülkünç sözlemlere ýol bermeli däl. «Iki dilem gowy bilýän» diýip, terjimä haýdabereniň bilen işiň şowlajagy gümana. Terjime edýän eseriň çeperçilik taraplaryny saklamaga çalyşmaly. Döredijiligiň islendik görnüşinde çeperçilik täriniň nämedigine düşünmezden, guraksy sözlemler bilen «süýji tagam» taýýarlap bolmaýa. Terjime sungaty hasam irginsizligi talap edýä. Sebäbi asyl nusgadaky käbir köpmanyly, aýlawly jümlelere, sözlere aň ýetirmek, soňam olary ýerbe-ýer türkmen dilinde bermek oýun-oýunjak iş däl. Dürli taýlaryny agtarmaly, iň soňunda-da iň ygtybarlysyny saýlamaly.Terjime eden eseriňe, elbetde, kärdeşleň, okyjylar köpçüligi baha berse ýagşy. Öwrenje ýazyjy, öwrenje terjimeçi öz ýazan hekaýasynyň ýa-da terjimesiniň ibaly çykanyny-çykmanyny aňsat-aňsat kesgitläp bilmeýä. Muň üçin wagt gerek, ýyllar gerek, türgenlik gerek. Tejribe toplaňsoň, dil goruň baýlaşansoň, tekiz ýöreýäni ýa-da büdreýäni düýdurýa. «Aý, şu ýerde-hä ejizledim, şu ýerini-hä asyl nusgasyndanam gowy alyp çykdym!» diýdirýän gezekleri bolýa. Ýöne tutuş göwrümli eseri asyl nusgasynyň derejesindenem zyýat terjime etmek, aňsat-aňsat, başardaýanok. Özüm-ä asyl nusga bilen deňeçerräk ýöräp bilsem, armanym ýok — diýip kiçigöwünlik bilen jogap berdi.

Makala gyzykly bolsun diýip terjimeçi, ýazyjy Amangeldi Goşaýewiňem:

— Kärdeş, haýsy dile degişli bolanda-da terjimeden terjime edilen eserler «çorbaň çorbasy» ýaly duýulýa. Ýurdumyzda ýaşlaň dürli dillerden baş çykarmaklary üçin örän uly mümkinçilikler döredilýä. Şunuň bilen bagly terjimeçilik sungatynda her bir eseriň asyl nusgasyndan terjime edilmeginiň täsiri barada pikiriňizi paýlaşsaňyz — diýen sowaly bilenem ýüzlendik. Şonda ol:

— Amangeldi, özüňiz gowy bilýäňiz. Bizde belli bir döwürde, esasan, rus dilinden terjime etmek ýörgünli boldy. Munuňam birgiden sebäbi bar. Doganlyk rus halky bilen ykbalymyz çatlyşdy, ençeme halk bolup, bir güzerden suw içildi, bir il bolup ýaşaldy. Şunlukda, rus dilini ymykly öwrenmäge şert döredi. Ýörite sözlükler düzüldi. Şol sözlüklerem elujy däldi, düýplüdi. Umuman, rus dili häzirem dünýäde esasy dilleň biri hasaplanýa. Şu dilden terjime edýänlerem kem-kemden ökdeledi, tejribe toplady. Ýöne munuň üçin wagt gerek bolupdy. Başda ýüzleý, öwrenje terjimelere-de ýol berlipdi, säwliklerem gidipdi, ýoýulmalaram duşupdy. Ýöne ýuwaş-ýuwaş kämilligem gelipdi. Onlarça ýyllaň dowamynda Bäşim Ataýew, Annaly Berdiýew, Daňatar Berdiýew, Sapargeldi Annasähedow, Şadurdy Çaryýew, Aşyrberdi Kürt… ýaly ussatlyga gol beren terjimeçiler ýetişdi. Terjimeçilik mekdebi döräpdi. Mekdep häzirem dowam edýä. Özüňizem şol mekdebiň uçurymy. Ýöne, näme üçindir, şol ýyllar gös-göni beýleki dillerden terjime etmäge kembaha garaldy. Dogry, türki dillerden, arap-pars dillerinden azda-kände, has dogrusy, ujypsyzja terjimeler edilýädi. Ýöne hytaý, hindi, ýapon, koreý, ispan, nemes, italýan… ýaly dilleri öwrenmek, şol dillerden göni terjime edip bilýänleri ýetişdirmegiň aladasy edilmändir. Şu babatda, umuman, terjime sungaty barada ussat terjimeçi dostumyz Kakabaý Gurbanmyradow bilen kän pikir alşypdyk. Ol terjimeçileň halkara derejesinde geçirilen çäreleriniň birnäçesine gatnaşypdy. Şonda ondan: «Asyl nusgadan terjime etmegiň ýagdaýy beýleki respublikalarda nähiliräk?» diýip sorapdym. Bu aýdýanlarym 1989-njy ýylyň gürrüňi…— diýenden, Çary aga, Kakabaý agaň terjimeçiligi babatda «Onuň orny häzirem oýulyp dur» diýýänler kän. Belki, şol gürrüňleriň käbiri ýadyňyzda galandyr? — diýdim.

Çary Geldimyradow we Meret Gylyjow

Çary aga-da täsin gürrüňler kän. Her gezek jaňlaşamyzda dürli temalardan gürrüň gözgaýas.

— Çeper eser, köplenç gyzykly bolýa. Ýöne dokumental žanrlarda-da täsin wakalar duş gelýä. Ana, şolaram okyjylara ýetiresiň gelýä. Ýigrimi-otuz ýyl mundan ozal «futboluň şasy» diýlip ykrar edilen Pele hakynda çeper eseriň derejesindäki bir makala duş geldim. Maňzyma batansoň, durup bilmän, ony türkmençä geçirdim. Pele öz döwründe ýurdunyň baýlygyna deňelipdi. Ýewropa ýurtlarynyň belli futbol toparlary braziliýaly bu hüjümçini öz hatarlaryna goşmak üçin pul baryny hödürleýäler. Emma Braziliýanyň şol wagtky Prezidenti ýörite perman çykaryp, Peläni ýurduň baýlygy diýip yglan edýä. Ýurduň baýlygyny bolsa, daşyna çykarmak gadagandy. Şol terjimeden bir parça:

«1970-nji ýylda Nigeriýada içerki agzalalyk dowam edýärdi. Taraplar biri-birine öçlüdi. Ýurda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek üçin «Santos» topary gelipdi. Elbetde, olaryň arasynda Pele-de bardy. Peläniň oýnaýşyny görmek üçin dawaly taraplar ýörite iki günlük ýaraşyk yglan edipdirler. Hawa, şahsyýet güýçli bolanda dawa-jenjelleri-de togtadyp bilýä.

1965-nji ýylda Pele «Meniň adym — Pele» atly terjimehal şekilli kitabyny çykartdy. Onda ady rowaýata öwrülen futbolçy öz durmuş ýoly barada gürrüň berýädi. Şol ýyllar Braziliýada çalasowat kişiler ýetik eken. Ana, şol adamlaram öz söýgüli futbolçularynyň ýazan kitabyny okamak üçin elipbiý satyn alyp, harplary hem-de kitaby okamagy öwrenipdirler. Munuň üçin Braziliýanyň Magaryf ministrligi futbolça ýadygärlik altyn medal gowşurypdy…»

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/8/articles/40228 Archived 2022-01-31 at the Wayback Machine

https://eurasia-assembly.org/sites/default/files/24.03.2023_-_edebiyat_we_sungat.pdf

https://www.atavatan-turkmenistan.com/cary-geldimyradow-ylhamy-ganatly-halypa/

https://www.atavatan-turkmenistan.com/247503/

https://www.atavatan-turkmenistan.com/gulki-zeminin-duzy/

https://kitapcy.su/tag/cary-geldimyradow/

https://sites.google.com/view/cary-geldimyradow/home