Çarlz Albert Gobat
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Bu makalada ulanylan käbir adalgalar akademiki terjimä esaslanmaýar, bular editoryň öz şahsy terjimesi. Bu terminleriň akademiki terjimesini bilýän bolsaňyz makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly dogry terjimeleri üpjün etmek bilen Wikipediýa ýardam berip bilersiňiz. Gerekli düzeltmeler amala aşyrlansoň bu duýduryşy öçürmegi unutmaň. |
Çarlz Albert Gobat-Şweýsariýaly hukukçy, syýasatçy. Parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragyny 1902-nji ýyldaky sanynyň Elie Dukommun bilen bilelikdäki eýesi.
Syýasatdan ozalky durmuşy
[düzet | çeşmäni düzet]1843-nji ýylyň 21-nji maýynda Şweýsariýanyň Tramelan(iňlisçe: tramelan) şäherinde doguldy. Ol protestant ruhany baştutany(iňlisçe: pastor) Samuel Gobotyň ogly. Ol Bazel Uniwersitetinde, Haýdlberg uniwersitetinde, Bern uniwersitetinde we Pariž uniwersitetinde bilim aldy. Ol 1867-nji ýylda Haýdlberg uniwersitetinde Hukuk ugrundan doktorlyk derejesini aldy.
Hukuky we syýasy karýerasy
[düzet | çeşmäni düzet]Doktorlyk derejesini alandan soňra Albert Bern'de hukukçy bolup işe başlady we soňra Fransiýada raýat hukuklary barada leksiýalar berdi. Ondan soňra ol Delemont şäherinde(iňlisçe: Delémont) hukuk edarasyny açdy we gysga wagtda bu ofis öňdebaryjy hukuk ofisi bolmagy başardy.
Hukuk bilen 15 ýyl iş salşandan soňra ol syýasata girdi. 1882-nji ýylda ol Bern'de jemgyýetçilik işleri boýunça(iňlisçe: public instruction) başkomissar(iňlisçe: superintendent) wezipesine bellendi we bu wezipäni 30 ýyl boýunça dowam etdi. Bilim ugrunda diýseň üstünliklidi we bilim sistemada gaty köp öwrülşik amala aşyrdy.
Syýasy arenada hem ol birnäçe ýerlere bellendi. 1882-nji ýylda ol Bern baş geňeşine(iňlisçe: grand çounçil) saýlandy. 1884-1890 ýyllarynda Şweysariýa döwlet geňeşiniň(iňlisçe: the Council of States of Switzerland) agzasy bolup hyzmat etdi. 1890-njy ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Şweýsariýanyň bir başga kanun çykaryjy guramasy bolan Milli Geňeşiniň( National Council) agzasy bolup hyzmat etdi. Ylymda-da, syýasatda-da ol liberal reformaçydy.
BAŞGA
[düzet | çeşmäni düzet]1902-nji ýylda Elie Dukommun bilen bilelikde Parahatçylyk ugry boýunça nobel baýragynyň eýesi boldylar, bilelikde döreden Hemişelik Halkara Parahatçylyk býurosyny(iňlisçe: Permanent International Peace Bureau) üçin, 1906-njy ýylda Elie Dukommun ölmeginden soňra býuronyň ýeke prezidenti bolup galdy.
1914-nji ýylyň 14-nji martynda Bern'de bir konferensiýada söze başlamakçy bolanda erbetleşdi we bir sagat soňra öldi.
Bu biyografiýa sisaýetçi makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu biyografiýa asil makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu biografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |