Mazmuna geçiň

Ärsary baba

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ärsary baba we Ärsarylar barada

Ärsary babanyň yazdyran "Muin al-murid" kitabynyñ ("Müritler üçin gollanma") ýurdumyza getiren alym Jepbar Gökleňowdyr, a ony bolsa häzirki türkmen ýazgymyza geçiren arapşynas Nazar Halymowdyr. Ol kitabyň esasy nusgasy Türkiyäniň Ankara muzeýinde saklanýar(dy?).

Ärsary baba hakynda esasy maglumatlary XVII asyrda ýaşap geçen Abulgazy hanyň "Şejerei terakime" kitabyna salgylanmak bolar. Abulgazy Bahadyr han ärsarylaryñ aňyrsyny salyrlara baglaýar, salyrlar bolsa Oguz hanyň Dag han atly oglundan gelýän agtygydyr. Dag handan gelýän Gara gazydan gelýarler.

Ärsarynyň Eýnel gazy, Zeýnel gazy, Mustapa gazy atly üç ogly Mamabike atly bir gyzy bolupdyr. we bir gyzy bolupdyr.

Eýnel gazydan Töre, Sokman, Laýna, we Çarşaññy atly agtyklary bolan.

Zeýnel gazydan hem Gara hemde Bekewül atly agtyklary bolan.

Mustapa gazydan hem Ulugdepe we Güneş atly agtyklary bolan.

Bu ýerde Çarşaññynyñ neberesi häzirki Çarşaññy etrabynda yaşaýarlar. Gara we Bekewüliñ neberesi hem häzirki Garabekewül etrabynda, Güneş we Ulugdepäniñ neberesi hem Owganystan döwletiniñ çäginde ýaşayar. Halk arasynda Ogurjyk alpa Göroglynyñ prototipi hem diýilýär.

Şeýdaýynyñ bir goşgusynda şeýle diýilýär:

" Körhan ogly Ugurjyk alp, Gyrdy türk ilin at salyp, Görogly oña at galyp, Paç alyp geçdi sag-soly"

Salyrlayn uly bir bölegi, Ogurjyk alpyñ yzyna düşüpdir we Yrak taraplaryna gidipdirler, emma ol taraplarda onuşmandan soñra, yzyna Balkan daglaryna gaýdyp gelipdir. emma bu yerde gaty uly ýitgiler hem çekipdir. Abulgazy han oz kitabynda Ogurjyk alpyñ ýazan bir goşgysyny mysal getiryar. Ol goşgyda onun ganlylar bilen uruşanlygy hem nygtalyar.

“Gaçyp Kanly handan kybla sürdüm, Gyr yol aşyp gelgen är öñünden döndüm..."

Sonra hem han oz kitabynda şeýle ýazýar: " Salyr ilinden Abulhanda Ärsary bay diýen biri bardy, ol Ürgençde Şyh Şeref Hoja (Şeref ed-din al-Horezmi, XIV asyr) diyip biri bardy. Onuñ ýanyna gidip ýalbardy, aýdanyny kyrk düý berdi, hem-de ýûz tutdy" arap dilindäki kitaplaryñ manysyna düşûnmek biz túrki halklara kyn düşýär. Eger biziñ üçin bir kitap buýursañyz" diýdi. Şondan soñra şyh birnäçe dini kitaplary terjime edip olary kitap görnüşinde ýygnap, oña "Muin al-murid" diyip at berdi. Ynha şondan soñra hem Ärsaryga baý adyny goş maga bashladylar. Ol kitap hijri ýylynyñ Remezan aýynda ýazylyp gutarylypdyr. Bu sene milady ýylyna geçeninde 1313-nji ýylyñ dekabr we 1314-nji ýylyñ ýanwar aýyna gabat gelyar. Şyh Şeref Hojanyñ mawzoleýi hązirki wagtda Köneürgençde ýerleşýär. Ärsary baba Üstýurtdan uzak bolmadyk ýerde, Tüwer diýen yerde, ýagny hazirki Tüwer obasynyñ golaýynda jaylanypdyr. Ol galmyklar bilen bolan uruşda ölýär, sebäp onuñ gyzy Mamabikä galmyklaryñ hökümdary aşyk bolup gyzyny isläp gelýär, emma ol gyzyny galmyklara bermeýär. Netijede uly çaknyşyk bolup, ärsarylar ýeñilyar we galmyklaryñ hökümdary Mamabikäni äkidýär. Çaknyşykda Ärsary baba wepat bolyar. Muña soñky wagtda onun mazarynda geçirilen gazuw agtaryş işleri doly güwä geçmäge esas döredýär. Sebäp onuñ kelle çanagyndan peýkamyñ yzyna duş gelýärler, diýmek bu hem onun ýara yzyndan ölenligini añladyar. Muny Abulgazy han jikme-jikligi bilen beyan edýär. " Şol döwürde Eyran şasy Horasana Koma beg diýp birini beripdi, sonra ol hem Abulhanda Ärsarynyñ Mama atly owadan gyzy bar didip eşidýär. Baý gyzyny bermeýär. Koma beg hem uly goşun bilen Abulhana Düker diýen guýynyñ ýanynda uly söweş boldar. Netijede baý ölýär we Koma beg Mamabikäni äkidýär. emma ondan hiç hili çagasy bolmansoñ, ony yzyna goýberýär we ýanyna hem iki maşgala gul hyzmatyna berýär. Mamabike hem ol iki maşgala guly azat edýur, emma olar hiç ýerik hem gitmän, ärsarylara goşulyp otyrýarlar, soñra olara "Alililer" diyen ady berýärler. ol hem hazirki wagtda hem Turkmenistanyn ahli welayatynda diyen yaly yashayarlar Rowayatlarda Alp ata ärsarynyñ, tekäniñ, ýomudyñ we sarygyñ atasy bolanmyş hem-de ony duşmanlar öldüripdir. Onuñ aryny almak hem ogly Sarynyñ paýyna düşýär. Şondan soñra ona "Ärsary" adyny beryaler. Emma başga-da rowyat bar. Salyr gazanyn uc ogly bolupdyr. Saryk, Sary, Janmammet. bir gun Salyr gazany dushmanlary oldurip gidipdirler. shonda Saryk we Sary birkemsiz yaraglanyalar. a Janmamet bolsa olara komek beriji yagny "Tekye" bolyar. shol at hem ona galypdyr we "teke" diyip ulanylyp bashlapdyr dowrun gecmegi bilen. XIV asyrda ärsarylar salyrlaryñ san taydan iñ köpligi hasap edilipdir. Tekeler, yomutlar, saryklar san taydan olardan gaty az ekeni. Sebap ärsarylara gapdaldan hem 25 uruga yakyn urug goshulypdyr, hemde olar hem ozlerini hakyky arsarylar hasaplapdyrlar. muna basga mysal hem bar muna mysal edip- urgencli, garagumly, gurama, gazak, ajam, garagoyunly, abdal, mangyt, wekil, kenan, we basgalar. sh wagtda arsarylar 600-dan gowrak şaha bolunyaler.

XIV asyryñ 20-nji yyllarynda Ürgenç hany Sufýan han agyr salgyt salypdyr, muña çydam edip bilmän, ärsarylar onuñ 40 wekilini ölduripdir, şonda bolan söweşde ýene-de ýeñilipdirler we salgyt tölemäge razy bolupdyrlar. shonda Horasan salyrlary 16 müñ goýun, ärsarylar hem 16 müñ goýun, teke ýomut, sary lar bolsa toplam 8 müñ goýun salgyt tolapdirler. Ýagny bu ýerde olar şol taýpalaryñ hemmesini toplanynda hem sholaryn iki essesi diymegi anladyar. XIV asyrda hem Uzboyuñ suwunyñ kesilmegi bilen göçe-göçhälik başlanypdyr. Şol wagtlar hem Esen ili turkmenleri bolanlar- ärsarylar, cowdurlar, igdirler,bozajylar, burunjyklar, we salyrlardan ybarat. Ynha şu tayda kawagt gosgylarda hem meselem Magymgulynyñ goshgysynda hem näme uçin ärsarynyñ ady agzalyp gecmandir hem diyilyar, ynha shu tayda hem , Esen ili turkmenleri we Soyun ili turkmenlerinin ika bolunmegi hem mysal bolup bilner. Soyun han bu Baty han - yagny cingiz hanyn agtygy jucy hanyn oglunyn lakamydyr. kabir huwdulerde hem aydylyar "soyun han ilinden gyz getireyin ogluma" diyilip, bu hem ol tayplaryn arasynda ky baglanshyk doly yitmandir. we her wagt hem gatnashyk bolupdyr.. Emma son wagtlar suw ýetmezçiligi zerarly olar mangyshlaga we Abulgazy hanyñ capawulundan gacyp Lebaba göçüp başlapdyrlar ( Leb-dodak, Ab-suw- yagny Lebab - suwuñ ýakasy, suw yakasy diýmegi añladýar) Şol döwürde "Ärsarynama" diýen hem kitap bolupdyr, emma bu kitap hem 1900-njy ýylyñ göçhä-göçliginde elden cykypdyr we yok bolupdyr. Emma şu wagt onun golyazmasy owgan türkmenlerinde bar diyip caklanyar. Emma turkmenlerimizde onden gelyan bir nakyl bar “turkmeni gocurjek bolsan, gapdalyndan goc gecir” diylip,shol wagtlar (goch-goclik zamany) obalarda sozi gecyan adam gosuny duwup goce shaylansa,hemmeler hem onun yzyna dushupdirler. Muna mysal edip hem Halacly Halypa Gyzylayagyn 100 müñ oylisi (belki de 200 müñ bolmalydyr, doly yadyma dushenok) owganystana, ol yerden hem turkiya yayranlygy aydylyp, bilner. Ondan basga da bu taryhy owrenmage Buhara emirinin yazdyran " Ilnama" atly eseri hem bar bu eserde hem haysy ilin uruglary, tireleri we nirede yaşayanlygy aýyl-saýyl edilyar. emma bu eser entak doly owrenilenok, belki de gelejekde ole ser gocurilip, Turkmen diline terjime edielr, we halkymyza beriler diyip umyt etyarin. Hazirki wagtda arsarylar Kerki, Hala, Hojambaz, Garabekewul, Sayat, Çarşaññy etraplarynda Mary, Balkan welaýatlaryda, Maññyşlakda azz hem bolsalar (olar Maññyşlakda başga halklaryñ düzümine garyşyp gitdiler). Özbegistanyñ hem Buhara we Surhanderya welayatlarynda Tajigistanyñ hem birnaçe raýonlarynda yaşaýarlar. Owganystanyñ hem 7 welayatynda gadymdan oturumly ärsarylar köp, we muna ruslardan gaçyp gidenler hem goşulýarlar. Buhara hany bilen söweşde hem "Çärjew begi" (çärjew- parsçada 4 çatryk diymegi anladyar, bir wagtlar Amul şäheri Beyik Ýüpek ýolunyñ ustunde yerleşýãn ekeni, emma ol şąherden dine hazir harabalary bar.. aslynda Çarjew hem "carwa" turkmenlerden ( yagny cokay geyen turkmenlerden goranmak ucin - ony hazir hem ulanyalar. meselem men hem t-abat shaerine giden wagtym, mana hem gepleyshimden derrew "cokay" diyyaler) goranmak ucin ilat garyshdyrylypdyr, pakyr ilaty shol yere elten han olaryn garyshmagy bilen ozlerini gorapdayrlar. Sebap turkmen halky erkana we yurdumuzyn esas bolegini collik tutany ucin, carwadrcylyk bilen mesgul bolupdyrlar. A carwa ilatynyn shol dowurde aygynda geyyan,yenil, gumda amatly bolan “caryk” y ulanmagy, emma shonun ucin hem, ony kemsitmek ucin shol sozi ulanypdyrlar. Turkmenler şäherde yashamandyrlar koplenc obalarda yashapdyrlar, kuren-kuren oba bolup. Muna mysal hem Asgabat gurulan wagtlary hem onda sanalgyja Turkmen yashapdyr.onun esasy ilatyny bolsa, ruslar ermeniler we basga halklar duzupdir.

" Seýdi diýer, gaynap dashyp joş edip, Bir bäş gün gezeli konul hoş edip, Çärjew begin ýeñsek urup uşadyp, Zalym ähli tûkel gyrylsyn indi""

Edil kürtleri Eýran şasy nahili ulanan bolsa, olar hem diñe sehet yakalarynda galalarda yaşapdyrlar. Gündogardan hem Kerki begligi bolupdyr.

" Sakar ili bilen ärsary bolup, Biz gitdik sen galdyñ, Lebap hoş indi, Kimse aglap gitdi kimseler gulip, Kimse çekip dürli azap hoş indi"

Bu goşgy hem Seýitnazar Seydiniñ 9z watanyny taşlap, Balkana dosty Zeliliniñ (gan dogany) ýanyna göçüp giden mahaly ayda şygyry. ondan başga-da:

"Siziñ bu ömrüñiz tapyp kemaly, Bu döwletiñ hiç olmaýa zowaly, Ärsarynyñ daýym pikir hyýaly, Ýetişmekdir Maru-Şahu-Jahana.

Bu setirler hem Buhara emirinden gaçyp, Hywa sygynan, Hywa hanlygynyñ boş wadalaryna aldanan wagtlary aýdan şygyry şahyryñ, bu goşgyny dolulugyna Hywa hanyna okap beripdir.

Onuñ aldananlygyny bilip ýazan bir goşgysy hem bar ynha şeýleräk bolmaly:

" Ärsarynyñ ady ýitdi, Ger haýsy bir ýana gitdi, "Han" hezretiñ köñli bitdi, Biz weli, sandan aýryldyk"

Elbetde, ol wagtlar uruşdan ýaña her tarapa dagapdyrlar. Oña şahyryñ bu setirleri hem mysal bolup bilýar,

"Ärsary sakar birle bul yana garap imdi, Bolgan durur elbetde, ahwaly harp imdi, Sizden alarga lazym, bir belli jowap imdi, Ýa bolsa Mary abat, ya barsa Lebap imdi, Bir çäre kylyñ bizge biçäre bolup geldik."

Bu setirlerde ol Hywa hanyna towakga edýär, onuñ üçin hem bu goşgysynda özbek sözleri hem agdyklyk edýär. Şahyryñ başga hem aýdanlary bar, halka seslenip bilelikde Hywa hanyna, Buhara emirine garşy:

"Öñe-yza ýagşy salyñ garawul, Namardyñ janyna düşmesin dowul, Teke, salyr, saryk garabekewul, Bir oturyp bile turaly begler"

"Ýüz elli yyl watan diyip gezildi, Ekinler ekildi, ýaplar gazyldy, Nüñ iki yuz bir kem kykda yazyldy, Taryhyn etseniz hasap hoş indi"

Etniki düzümde aýdylanda bolsa, garyşyklyk bolupdyr. Sebäp rus döwründe gurulan täze kolhoz-sowhozlara yaşaýyş ilaty getirmek üçin, onun gaznajyny kän töläpdirler. Ynha şonuñ üçin hem Türkmenistanyñ her kûnjeginde göç bolupdyr. Yada “atkormy” diyip her etrapda diýen ýaly bar, ol ýerik hem şeyle ilatlar göçüp gelipdir, wagtyñ geçmegi bilen olar goñşy obalar bilen hem gyz alyşgy bolupdyr. Sebäp bu hem örän uly ähmiyete eýe bolup durýar. Bir wagtlar turkmenin agzyny alaranda hanlar-soltanlar olary diñe tire-taypa parazlygyñ üsti bilen ýeñip bilipdirler. Ol günler yzda galdy hem-de biz şu wagt Beýik we Garaşsyz, baky Bitarap Turkmenistan döwletiniñ saýasynda agzybir we jem bolup yaşamagymyz onuñ miwesidir.

Käbir ýerlerde aýdýarlar ki, Gaýgysyz Atabaýew eline ýarag alyp, Türkmenistanyñ giñelmegine, hem-de türkmen däl halklaryñ hem türkmen diýip kabul edilmegine goşant goşdy diýilip. Bu nä derejede dogrydyr, hiç bir ýazgy we delil ýok, emma onuñ türkmen halkyna eden zähmeti uludyr. Bolup biler, köp ýerler türkmen watanyna goşulandyr, emma giden yerler, yitirilen yerler hakynda hiç kim hem agzanok. Beýik türkmen taýpalarynyñ gelen yeri bolan, dörän ýeri bolan Maññyşlak hem gitdi, ýogsa şol ýeri häzirki türkmen taýpalarynyñ kemala gelen ýeridir. Geçen asyryñ başlarynda hem ol Maññyşlak uezdi bolup Türkmenistanyñ duzumine giryardi. Ýa-da beýik şahyr Magmymgulynyñ mazary, yaşan yerleri hem yat yurtda galdy. Her wagt watan diyip aglan şahyr, bitewi türkmen döwletini islän şahyr, heý-de pikir edenmidir, mazarym ýat yurtda galar diýe? Dogry ol ýeke dal, ol ýerde millionlarça türkmen ýaşayar, emma häzir hem olar başga döwlete bakna bolmagyna galýarlar.

“Tirerler gardaşdyr urug ýarydyr, Ykballar ters gelmez hakyñ nurudyr, Mertler ata çyksa soweş yarydyr. Ýow üstünden ýörär ýoly türkmeniñ”

“Ärsary sen, teke sen, ýomut, igdir, çowdury, nohurly, alilisi, garadaşly, owşarlysy, gerkezi, salyr, saryk, soltanýaz, ýazyrlysy ,gökleñi, jem bolupdyr seň üstüñde, beýik türkmen topragym”

International University for the Humanities and Development Atayev Dowletgeldi