Dürenstein söweşi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Üçünji Koalisiýa urşy
Emblem of Napoleon Bonaparte.svg  EnglandCape FinisterreUlm CampaignTrafalgarCaldieroAmstettenCape OrtegalDürensteinSchöngrabernAusterlitzGaetaCampo TeneseMaida

Dürenstein söweşi (Dürrenstein söweşi ýa-da Dürnstein söweşi hem diýilýär) Napoleonçylyk Uruşlarynyň Üçünji Koalisiýa urşy döwründe bolup geçen çaknyşyk. Söweş 11 noýabr 1805-de, Ulm söweşinden üç hepde soň Austerlitz söweşinden bolsa üç hepde ozal Awstriýanyň Wachau jülgesinde ýerleşýän Dürenstein (häzirki Dürnstein) şäheriniň golaý-goltumynda, Dunaý derýasynyň boýunda, Şirýürekli Richardyň bendilikde saklanylan galasynyň alkymynda bolup geçdi.

Napoleonyň fransuz goşunynyň esasy korpusy Dunaý derýasynyň günorta ýakasy bilen yza çekilýän rus hem-de awstriýa soýuzdaş goşunlarynyň söbügine münüp Wena şäherine tarap müňzäp barýardy. Rus hem-de awstriýa goşunynyň yza çekilmegini bökdemek niýeti bilen VIII fransuz korpusyny Dunaý derýasynyň demirgazyk ýakasyny syryp ýöremekligi üçin ugratdy. VIII korpus marşal Édouard Mortieriň umumy ýolbaşçylygyndaky üç sany pyýada goşun hem-de bir sany kawaleriýa diwiziýasyndan ybaratdy. Bu korpus 1805-nji ýylyň noýabr aýynyň başynda Linzde hem-de Passauda Dunaý derýasyny kesip geçdi we pyýada goşun Dunaýy alkymlap gündogarlygyna tarap ugrady, korpusyň kawaleriýa diwiziýasy bolsa, has dermirgazykda aňtaw işlerini geçirdi. General Gazanyň diwiziýasy (6,000 adam çemesi) başy çekip barýardy, onuň yz ýany bilen bolsa general Dupontyň diwiziýasy (4,000 adam) bir günlük menzilden gelýärdy, general Dumonceaunyň diwiziýasy (4000 adam) tyly goraglaýardy. Korpusa Dunaýyň beýleki kenary bilen aragatnaşygy üpjün etmekde bir flotiliýa goldaw berýärdi.

Mortieriň korpusynyň başyny çekýän diwiziýa 10 noýabr 1805-de Dürnsteine baryp ýetdi hem-de şäheriň günorta eteginde rus dozory bilen tutluşyga girdi. Rus feldmarşaly Mihail Illarionowiç Kutuzowyň birçak soýuzdaşlaryň ähli goşunyny Dunaýyň bu tarapyna geçirendiginden Mortieriň habary ýokdy, şonuň üçin hem VIII korpus san taýdan agdyklyk edýän güýçler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Soýuzdaşlar Gazanyň ýekelikdäki diwiziýasynyň üstüne çozmak mümkinçiliginden peýdalandylar. Bagrationyň korpusy tarapyndan penalanýan Miloradowiçiň korpusy Gazanyň diwiziýasyna gündogar tarapdan ýakynlaşyp, fransuzlary duran ýerlerinden butnatmaly däldi, Dohturow bilen Strickiň baştutanlygyndaky iki sany korpus bolsa, fransuzlaryň deňinden aýlanyp geçip, günbatar we demirgazyk tarapdan olaryň üstüne çozmalydy.

11 noýabr 1805-de, Miloradowiçiň goşunyna degişli bir kolonna Mortieriň awanpostlaryna hüjüm etdi. Mortier general Gazana garşylyklaýyn hüjüme geçmekligi hem-de Stein şäherine baka gündogara tarap herekete geçmekligi buýruk berdi. Ol hem ur-tut öňe okduryldy, emma tiz wagtdan garşydaş goşunyň arýergarddan has güýçlüdigi mesaňa-mälim boldy. Garpyşyk Ýokarky Loiben, Aşaky Loiben we Rothenhof obalarynda dowam etdi. Mortier Dupontyň diwiziýasyna Gazanyň ysgyndan gaçan goşunyna kömek bermek üçin öňe tarap alňasamaklygy buýurdy. Şol wagt, Strickiň kolonnasy gelip ýetdi, ýöne 4-nji Fransuz otrýadynyň berk gaýtawul bermegine duçar bolup yza çekildi.

Günortan sagat 2 töwereginde söweşe böwşeňlik aralaşdy, sebäbi Mortier Duponta, Kutuzow bolsa Dohturowa garaşýardy. Dohturow ilkinji bolup geldi we fransuzlary Dürnsteinden gysyp çykardy. Iki sany uly goşunyň arasyna düşen fransuzlar Dürnsteiniň üsti bilen yza tarap böwsüp geçmeli diýen netijä geldiler. 100-nji pyýada toparyň başy çekmeginde fransuzlar garaňky gatlyşan badyna hüjüme geçdi. Dupontyň diwiziýasy hem tüýs wagtynda gelip ýetişdi-de, Dohturowyň korpusyny arka tarapyndan gabap şäherden kowup çykardy. Mortier bolsa derýadaky flotiliýadan peýdalanyp öz korpusyny günorta kenara ewakuirlemäge maý tapdy. Gazan 1,800 esgerini, soýuzdaşlar bolsa 2,000 çemesi adamyny, şol sanda imperatorlyk feldmarşaly Schmidti ýitirdi.

Iki tarap hem özüniň ýeňiş gazanandygyny öňe sürýär: fransuzlar söweş meýdanyny taşlap gitdiler, ýöne welin ruslar hem özleriniň san artykmaçlygyndan peýdalanyp bilmediler.