Amstetten söweşi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Amstetten söweşi Üçünji Koalisiýa urşy döwründe Birinji Fransuz Imperiýasy bilen Awstriýa - Russiýa soýuzynyň arasynda bolup geçen kiçeňräk söweş.

Ol 5 noýabr, 1805-de awstriýalylar Wenadan çekilýärkä rus goşunynyň Marşal Muratyň atly goşunyna hem-de Jean Lannesiň korpusynyň bir bölegine garşy amala aşyran arýergard söweş hereketi hökmünde bolup geçdi. Rus goşunyna Pýotr Bagration baştutanlyk edýärdi. Esasy söweşiň öňinçäsi Murat özüniň 2 sany eskadrondan ybarat atly goşun eskorty bilen 3 sany awstriýa kawaleriýa polkuna garşy howul-hara hüjüm geçdi. Ol asgynlap yza çekilmeli boldy, emma onuň söbügine münüp gelýän awstriýalylary fransuz atly artilleriýasy karteç okuny ýagdyryp togtatdy. Murat Lannes bilen bilelikdäki kolonnasynyň gelerine garaşdy. Lannese Bagrationyň saklaýan pozisiýalaryna hüjüme etmäge buýruk berildi we ol salymyny bermän gaýduwsyz hüjüme geçdi. Bagrationyň bölümleri hüjümi yza serpikdirip birnäçe gezek ştykly garşylyklaýyn hüjüme geçdi. Kutuzow oňa ýardam bermek üçin general Miloradowiçiň otrýadyny ýollady. Soýuzdaşlaryň jemi goşuny 6,700 esger çemesidi. Awstriýa-rus goşuny uly ýitgi çekip ýeňlişe sezewar boldy. Bir müň sany awstriýa esgeri öldürildi, ýaralandy ýa-da ýesir alyndy. Ruslaryň üç ýüz esgeri öldürildi ýa-da ýaralandy, ýedi yüz töweregi bolsa ýesir düşdi.