Schöngrabern söweşi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Üçünji Koalisiýa urşy
Emblem of Napoleon Bonaparte.svg  EnglandCape FinisterreUlm CampaignTrafalgarCaldieroAmstettenCape OrtegalDürensteinSchöngrabernAusterlitzGaetaCampo TeneseMaida

Schöngrabern söweşi (şeýle-de Hollabrunn söweşi) Napoleonçylyk Uruşlarynyň Üçünji Koalisiýa urşy döwründe 16 noýabr 1805-de Awstriýanyň Hollabrunn şäherinden uzak bomadyk Schöngrabern obasynyň golaýynda Ulm söweşinden dört hepde soň, Austerlitz söweşinden bolsa iki hepde öň bolup geçen söweş.

Kutuzowyň ýolbaşçylygyndaky rus goşuny Napoleonyň fransuz goşunyndan gaçyp, Dunaý derýasynyň demirgazygyna tarap yza çekilýärdi. 15 noýabr 1805-de marşallar Murat bilen Lannesiň baştutanlygyndaky fransuz awangard goşuny Wenada Dunaý derýasyndan geçýän bir köprini ele saldy. Buxhowdeniň goşmaça goşuny bilen Brünnüň golaýynda tapyşmak üçin Kutuzowa wagt utmak zerurdy. Ol özüniň general-maýor knýaz Pýotr Bagrationyň dolandyrmagyndaky arýergardyna fransuzlary eglemekligi tabşyrdy.

Murat bilen Lannes 4-nji we 5-nji korpuslara hem-de ätiýaçlyk kawaleriýa komandirlik edýärdi. Bagration Hollabrunnyň 6 km demirgazygynda Schöngrabern obasynyň (häzirki döwürde Graberniň bir bölegi) üstüne abanyp duran baýyrdaky pozisiýany eýeledi. Murat öz öňünde tutuş rus goşuny durandyr öýdüp, hüjüme geçmekde ikirjiňlendi. Bagration Murata wagtlaýyn ýaraşyk barada gepleşiklere başlamaklygy teklip etdi. Murat teklip bilen ylalaşyp, hüjüme ge.mekligi goýbolsun etdi. Bu barada habar berlende Napoleon diýseň gaharlanyp, Murata şeýle habar ýollady:

Size öz nägileligimi aýdara söz tapamok. Siz diňe meniň awangardyma komanda edýärsiňiz we meniň buýrugym bolmazdan wagtlaýyn ýaraşyk baglaşmaga ygtyýaryňyz ýok. Siz maňa tutuş kompaniýanyň miwesini elden giderdersiňiz. Haýal etmän ýaraşygy bozuň we duşmana hüjüm ediň. Siz oňa ylalaşyga gol çeken generalyň muňa hatda rus imperatoryndan başga hiç kimiň hakynyň ýokdugyny düşündiriň. Onsoňam, rus imperatory ylalaşygy tassyklanyndan soň, men hem tassyklaryn. Ýöne munuň özi harby hile ahbetin. Hüjüme geçiň, rus goşunyny derbi-dagyn ediň. Onuň ýükli arabalaryny we artilleriýasyny ele salmaga mümkinçiligiňiz bar.

16 noýabr 1805-de Murat ýaraşygyň öýlän sagat 5:00-a çenli dowam etjekdigini Bagrationa mälim etdi. Gije başly-barat harby hereket bolup geçdi. Fransuzlaryň ençeme hüjümine döz geleninden we öz pozisiýasyny alty sagat çemesi gorap saklanyndan soňra Bagration yza çekilmeli boldy. Ol esasy rus goşunlaryna goşulyşmak üçin demirgazyk-gündogara tarap yza çekilişligi ussatlyk bilen guramaklygyň hötdesinden geldi. Onuň san taýdan agdyklyk edýän güýçlere garşy ussatlarça goranmagy fransuzlary üstünlikli egläp, Kutuzow bilen Buxhowdeniň 18 noýabr 1805-de Brünnde tapyşmagyna ýeterlik puryja döretdi.

Salgylanmalar[üýtget]