General Gazan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Honoré Théodore Maxime Gazan de la Peyrière (Oktýabr 29, 1765Aprel 9, 1845) Napolýon I-niň goşunundaky fransuz generaldyr.


Irki döwür we Fransuz rewolýusiýa söweşleri[üýtget]

Ol Fransiýanyň Grasse diýlip atlandyrylýan kiçiräk şäherinde dogulypdy. Gazanyň hukukçy kakasy ony Sorèze okuwyna ugratdy, ol hem ol ýerde harby tälimi alyp geleninden soňra, 1786-njy ýylda Fransuz Şalyk Janpenalygy Gullugyna girýär. Has soňra bolsa ol Freemasonslara goşulýar.

Fransuz rewolýusiýasynyň döremegi bilen, Gazan Grasse şäherine dolanyp gelýär we milli gorag gullugyna hyzmata girýär. 1790-njy ýylda ol kapitanlyk derejesini alýar we 1791-nji ýylda Varyň ýerli meýletinler batarlýonynyň podpolkownigi bolýar. Ol 1792-nji ýylda 27-nji polka kapitan hökmünde iberilýär we Awstriýa bilen söweş yglan edilýänine çenli şonyň bilen Rhine çenli gidýär. Polk ilki bilen garnizon pyýadalary hökmünde Strassburgda hyzmat edýär, emma söweşe Wissemburgyň ýanynda Dekabr aýynda goşulýar.