Mazmuna geçiň

Žan-Žak Russo

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Žan-Žak Russo (Jean-Jacques Rousseau) - Ženewaly filosof, ýazyjy we kompozitor. 1712-nji ýylyň 28-nji iýunynda Ženewada dünýä indi, 1778-nji ýylyň 2-nji iýulynda aradan çykdy. Onuň syýasy filosofiýasy tutuş Ýewropada Aýdyňlanma prosesine, Fransuz rewolýusiýasyna we modern syýasy we bilim düşünjesine täsir ýetiren hasaplanýar.

Biografiýasy

[düzet | çeşmäni düzet]

Russo 1712-nji ýylyň 28-nji iýunynda Ženewada dünýä indi, şol wagtlar Ženewa şäher-döwletidi. Russo Katolik ybadathanasynda baptiz edildi we Katolik maşgalada ýetişdi. Gysga wagt aralygynda Fransua Luis de Warens bilen bile ýaşady. 20 ýaşlarynyň başynda filosofiýa, matematika we aýdym-saz talyby boldy. 27 ýaşynda terbiýeçi hökmünde işe başlady.

1742-nji ýylda Pariždäki Ylymlar akademiýasyna özüniň sifrli saz notasiýasyny hödürlemek üçin Pariže göçdi, emma onuň bu açyşy akademiýa tarapyndan ret edildi.

Ömri boýunça ol käte katolik käte kalwinist bolup dowam etdi. 1754-nji ýylda Parižden Ženewa dolandy we ýene kalwinizme geçdi.

1755-nji ýylda "Ynsanlaryň arasyndaky deňsizligiň asly" atly kitabyny tamamlady. Russo ömrüniň dowamyny dürli ýerlerde geçirdi. 1778-nji ýylyň 2-nji iýulynda gyzamyk ganamasy netijesinde aradan çykdy.

Filosofiýasy we dünýägaraýşy

[düzet | çeşmäni düzet]

Russo "Ynsanlaryň arasyndaky deňsizligiň asly" atly kitabynda ynsanlaryň dogluşdan deňdigini aýtmak bilen başlaýar.[1] Ol bu kitabynda ynsanlaryň arasynda deňsizlikleriň, gulçulygyň, sosial deňsizligiň nähili we näme sebäplerden ýüze çykýandygy barada durup geçýär.

  1. Göze, Aýferi. Siyasal düşünceler ve yönetimler, 15-nji neşir. Beta Basım A.ş. İstanbul.214-nji sahypa