Wladimir Putin
Wladimir Wladimirowiç Putin (Rusça doly ady: Влади́мир Влади́мирович Пу́тин) Russiýa Federasiýasynyň şu wagtky Prezidentidir. Putin 7-nji Oktýabr 1952-de Sowýet Soýuzynyň Leningrad şäherinde Dünýa gelýär. Ol 1999-2000 we 2008-2012 ýyllary arasynda RF-nyň Premýer Ministri bolandyr. 2000-2008 (1-nji gezek Prezidentlik döwri) we 2015-nji ýylyň 7-nji maý aýynda bolsa 2-nji gezek Prezident wezipesine saýlanandyr. Bulardan daşary Putin, Birleşen Russiýa Partiýasynyň başlygy wezipesinde hem işländir.
Syýasy durmuşy
[düzet | çeşmäni düzet]Boris Ýelsiniň Birleşen Russiýa Partiýasyna goşulmazyndan öň Putin 16 ýyl boyunça KGB-de Uly Leýtenant wezipesinde işländir. 1991-nji ýylda öz dogulan ýeri Sankt-Peteburgda syýasata başlaýan Putin, 1996-da Moskwada göçüp barýar we Ýelsiniň partiýasynda tiz wagtda ýokary wezipelere gelmegi başarýar. 1999-njy ýylda Ýelsiniň garaşylmadyk ýagdaýda syýasatdan aýrylmagy netijesinde Putin, geçiji hökümetde "wagtlaýynça doladyryjy prezident" wezipesine başlaýar. 2000-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda Putin Russiýa Federsiýaynyň prezidenti wezipesine saýlanýar. 2004-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda Putin Russiýa Federsiýaynyň prezidenti wezipesine 2-nji gezek saýlanýar. 2008-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Konstitusiýasynyň 2 gezek prezident saýlanma kodeksine laýyklykda täzeden prezident saýlawlaryna gatnaşmaýar we Przidentligi öz partiýasy Birleşen Russiýadan Dmitri Medwedew gazanýandyr. Putin 2008-2012 ýyllary arasynda RF-niň premiýer ministri bolýar we 2011-nji ýylda "2 gezek prezident saýlanma" kodeksini Konstitusiýadan aýyrýar we 2012-nji ýylda 3-nji gezek Birleşen Russiýa Partiýasyndan prezidentlige saýlanýar.
Putin döwüründe Russiýa ekonomiýasy
[düzet | çeşmäni düzet]1999-2008-nji ýyllar arasynda RF-niň ekonomiýasy 2,5 esse ulalýar, işgärleriň aýlyklary 3 esse artýar, işsizlik we garyplyk bu döwürden öňki wagt bilen garşylaşdyrdygymyzda 2 esse azalýar. 2014-15 ýyllaryndaky Krym RF-ýe baglama we Dünýa Nebit krizisini göz öňünde tutmasak, Putin wagtynda RF-niň kişi başyna düşýän girdejisi 72% artandyr. Elbetde bulardan daşaryda RF-niň tebigy baýlyklary we Soýuz wagtyndan galan söweş tehnologiýalaryny dogry wagtda we dogry ýerde ulanmagy başaran Putin, RF-yi 15 ýylyň içinde täzeden bütin Dünýade syýasy taýdan sözi geçýan sanaglyja döwletleriň hataryna getirendir.
Bu biyografiýa sisaýetçi makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu biografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |