Mazmuna geçiň

Wizit kartoçka

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Wizit kartoçkalarynyñ taryhy sahypasyndan gönükdirildi)
1895-nji ýylda ulanylan wizit kartoçka

Biziň günlerimizde wizit kartoçkasy has giňden peýdalanylýar. Bütin dünýäde olar aragatnaşyk saklamak üçin iň gowy serişde hasaplanýar. Kämahal ol amatly kagyz bölegi hasaplanyp, oňa gysga ýazgylary tiz bellik edýärler. Ýöne Aziýa ýurtlarynda oňa şahsyýeti tassyklaýan kagyz bölegi hökmünde aýratyn hormat bilen çemeleşýärler. Wizit kartoçkalaryny çalyşmak giden bir urp-adat bolup, onuň düzgünleriniň bozulmagy çynlakaý göwne degmek bilen barabar bolupdyr. Nädip 3,370 x 2,125 dýuým ölçegli kiçijik kartoçka bütin dünýäniň biznes – medeniýetinde şeýle roly oýnap bildikä? Dürli çeşmeleriň çaklamalaryna görä, ilkinji wizitkalar XV asyrda Hytaýda ýüze çykypdyr.
XVII asyrdaky wizit kartoçkasy
XVII asyra çenli wizitkalar ýa-da şol döwürdäki “visite bilet”-ler Ýewropada giňden ulanylypdyr. Aristokratlaryň ýa-da korolyň maşgalasynyň agzalarynyň hyzmatkärleri kartoçkalary welmožlaryň hyzmatkärlerine ýokary derejeli myhmanyň geljekki sapary barada habarly etmek üçin beripdirler. Ilkinji wizit kartalary oýun kartlarynyň ölçeginde bolup, adaty kanselýariýa serişdesi hökmünde ulanylypdyr. Oöa gysgajyk ýazgylar we bergidarlyk borçnamalary bellik edilipdir. Fransiýanyň koroly Lýudowik XIV(1643-1715 ýyllar) döwründe wizit kartoçkasy jemgyýetiň ýokary gatlagynyň esasy elementleriniň biri bolupdyr. Wizitkalar onuň hojaýynyny resmi tanyşdyrýan serişde hökmünde, gözelligiň nusgasy bolup, haşamlanan nagyşlar we nepis tugralar bilen bezelipdir. asyryň başlarynda wizitkalar orta we ýokary gatlakdan bolan hanymlaryň we jenaplaryň aýrylmaz nyşanlarynyň biri bolupdyr. Her bir öýde wizit kartoçkasy üçin niýetlenen kümüş mejime bolupdyr. Mejimede galdyrylan wizitka, myhmançylyga gelen ähli myhmanlaryň sanawy bolup hyzmat edipdir.
Wizit kartoçkasy XVIII we XIX asyrlarda
Kimdir biriniň öýüne barmak üçin öýüň eýesine öz wizit kartoçkaňy görkezmeli eken. Geleni eli wizitka üçin niýetlenen mejimeli hyzmatkär garşylapdyr. Wizitkany alandan soňra hyzmatkär ony hojaýynyna eltip beripdir. Duşuşyk diňe öýüň hojaýyny razylyk berenden soňra bolupdyr.
Işi alyp barmak üçin wizitka
XVII asyryň başlarynda işleri alyp barmak maksady bilen wizitkalardan peýdalanmak ýoň bolupdyr. Şol wagtlar öýlere belgi goýulmandyr we gazet söwdasy hem heniz gowy ösmän ekeni. Wizitkalaryň reklama e informasion häsiýeti bolup, şereketiň nirede ýerleşýänligi baradaky salgyny beripdir. Şol döwürde kartoçkalar gysgyjyň ýardamy bilen çap edilip, ählisi birmeňzeş bolupdyr. 1830-njy ýylda daşbasma şeýle bir ösüp, wizitkalar sungat eserine öwrülipdirler.
Senagata täsiri
Senagat ynkylaby döwründe orta synpyň gatlagy artypdyr. Ýewropada we Birleşen Ştatlarda hususy telekeçileriň sany barha artyp, olara aragatnaşyk saklamak üçin niýetlenen serişde zerur bolupdyr. Hut olar hemmelere düşnükli harplar bilen ýazylan galyň kagyzdan edilen wizitkany ulanmak taglymyny öňe sürüpdirler. Bular häzirki zaman wizitkalarynyň ilkinji görnüşidir. Kartoçkalar ähli ýerde, şol sanda sergilerde, dürli çärelerde peýdalanypdyr.
Ýöne ABŞ-da biznes – wizitkalar 1890-njy ýyldan bäri has giňden ýaýrap başlapdyr we eýýäm XX asyryň başlarynda kartoçkalaryň meşhurlygy häzirki derejesine baryp ýetipdir. Diňe jemgyýetiň has ýokary gatlagynda wizitkalary paýlamak däbi dowam etdirilipdir.
Häzirki zaman wizit kartoçkalary
Wizitka alyş-çalyşygynyň çylşyrymly däpleri diňe bir Aziýada bolmandyr. Mysal üçin, käbir ýurtlarda çep eliň bilen wizitka bermek ýa-da kartoçkany gowşuran batlaryna derrew bir tarapa aýyrmak edepsizlik hasap edilipdir. Umumy kabul edilen kadalar wizitka haýsydyr bir bellik etmegi gadagan edýär. Şonuň ýaly hem wizitkanyň arka tarapynda hökman barýan ýurduňyzyň dilinde hem maglumatlar bolmalydyr. Wizitkany ony saklamak üçin niýetlenen ýörite gaplarda götermek we onuň päkizeligine gözegçilik etmek maslahat berilýär.
Häzirki zaman wizitkasynda hojaýynynyň ady, wezipesi, onuň wekilçilik edýän şereketiniň ady, şeýle hem zerur bolan aragatnaşyk maglumatlary (salgysy, telefon we faks belgisi, elektron bukjasynyň salgysy) görkezilmelidir. Şeýle hem şereketiň logotipini ýerleşdirmek kabul edilendir. Käbir ýurtlarda hatda eýesiniň alymlyk derejesi we şereketiň taryhy barada gysgaça maglumatlar ýerleşdirilýär. Wizitkanyň ozaldan gelýän görnüşi – arassa ak fondaky gara syýada ýazylan tekstlerdir. Wizitka taýýarlanylýan kagyzyň ýokary hili, harplary bolsa aýdyň we düşnükli bolmalydyr. Ýöne bu ýerli adatlar bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, Hytaýda tekstini altyn syýada çap etmek dogry hasaplanyp, onuň gowy alamatdygyna ynanypdyrlar.
Wizit kartoçkalary 4 asyryň dowamynda bütinleý kämilleşipdir. Ol başda ýöne bir aragatnaşyk saklamak üçin we bir ýere barjakdygyň barada habar bermek üçin kagyz bölejigi bolan bolsa, şu günki günde halkara söwda bileleşiklerinde esasy işewür maglumatlary alyş-çalyş etmek üçin aýratyn ähmiýeti bar. 2x3 dýuým ölçegli kiçijik kagyz bölegi bilen alyş-çalyşda şeýle çylşyrymly däp-dessurlar baglanyşykly bolup, ol özüniň esasy wezipesini şu günlere çenli saklapdyr. Ol ozalky ýaly tanyşlykda juda gowy täsir galdyryjy serişde hökmünde mundan bu ýana hem ulanylar
Jeren Hudaýberenowa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň