Mazmuna geçiň

Wilýam Şekspir

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Williýam Şekspir sahypasyndan gönükdirildi)
Wilýam Şekspir
(William Shakespeare)
Doglan wagty we ýeri26 Aprel 1564
Stratford-upon-Avon, Warwickshire, Angliýa
Aradan çykan wagty we ýeri23 Aprel 1616 (52 ýaş)
Stratford-upon-Avon, Warwickshire, Angliýa
GuburyChurch of the Holy Trinity, Stratford-upon-Avon
KäriOýun ýazyjysy, şahyr, aktýor
DiliIňlisçe
Edebi hereketIňlis renesansy
Ýanýoldaş(lar)yEnn Hetueý

Goly

Wilýam Şekspir ((iňlis. William Shakespeare) d. 26 Aprel 1564 – 23 Aprel 1616) iňlis dilindiň beýik ýazyjysy we dünýaniň beýik dramaturgy hökmünde uludan sylanylýan tanymal iňlis şahyry, drama ýazyjysy we aktýor. Oňa ýygy-ýygydan Angliýanyň şahyry we “Bard Of Allon” ( ýa-da diňe “the bard”) diýip atlandyrylýar.

Onuň saklanan eserleri 39 pýesa (sahna oýuny), 154 sonet, iki sany hekaýa goşgularyndan, ýene-de birnäçe eserler we awtorlyk derejesi näbelli eserlerden ybarat. Onuň oýunlary birnäçe dillere terjime edildi we olar häzirki günümize çenli sahnada görkezilip gelinýär.

Şekspir Angliýanyň Stratford-upon-Avon, Warwickshire şäherinde dünýä indi we önüp ösdi. Ol 18 ýaşynda Enn Hetueý bilen durmuş gurdy we olaryň üç çagasy Sussana we ekizler Hamnet we Judit dünýä indi. 1585-1592 ýyllar arasynda ol özüniň başarnykly bir kariýerine Londanda aktýor, ýazyjy we şärik (ýarym ýolbaşçy) hökmünde “ Lord Kamergeriň adamlary” (Lord Chamberlain's Men) atly kompaniýada başlady. 49 ýaşynda (1613 ýyl töweregi) ol Stanforda ýagny üç ýyldan soň aradan çykan ýerine giden bolmaly diýip takmyn edýärler.

Şekspiriň durmuşy hakynda az sanly maglymatlar saklanyp galypdyr. Ýagny onuň daşky görnüşi, dine ynanyşy we oňa degişli eserleriň başgalar tarapyndan ýazylyp ýa-da ýazylmandygy hakynda belli bir maglumatlar ýok.

Şekspir özüniň esasy tanymal eserlerini 1589 we 1613-nji ýyllar aralygynda döredipdir. Onuň ilkinji oýunlary esasan komediýa we taryha degişli bolupdyr we bu görnüşde döredilen iň gowy eserleriň birnäçesi hökmünde kabul edilýär.