Täçgök serdar
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Dogulan we aradan çykan ýyllary henizem çenli anyk kesgitlenenok.Ýöne onuñ 19nji asyrda ýaşandygy belli.
Täçgök serdaryñ tiresi : Teke – Utamyş – Syçmaz –Aksopy – Gaýyr – aksakgal-alajagöz.Doglan ýeri annyk belli däl.Ýöne onuñ Bäşgala etrabynda (Takmynan,Gäwürs bilen Duşak aralygy)doglan bolmagy örän ähtimaldyr.
Täçgök serdaryñ kakasyna Atabaý diýer ekenler.Şu etrapda ýaşaýan Tekeleriñ 19nji asryñ 30nji ýyllarynyñ başlarynda Sarahsa süýşüp barmagy bilen Täçgök serdar ömrüniñ ep-esli bölegini şu ýerde,soñra 50nji ýyllaryñ ahyrlarynda Mara süýşilmegi netijesinde bolsa Mary etrabynda geçiripdir.Ol ömrüniñ soñky ýyllarynda Mäne-çäçede ýaşapdyr. Täçgök serdar ýaşlykdan at-ýarag bilen iş salyşyp,goñşy Hanlyk bilen bolan ulyly-kiçili çakna-şyklara gatnaşypdyr.Ol özüniñ edenliligi we guramçylyklylygy bilen özgelerden tapawutlanypdyr.
Şoña görä-de ol köp wagt geçmänkä,ykrar edilen serdarlaryñ birine öwrülipdir.Ol Gowşut han bilen bilelikde 1855nji ýylda Sarahsad,1861nji ýylda Maryda bolan urşlara gatnaşyp,öz şahsy edermenligini we serdarlyk ukybyny görkezipdir.
Täçgök serdar öz ýigitleri bilen Maşada ,Hyrata syýahata,zyýarata hem-de söwda gitmekligi gowy görer eken.Şol taraplarad onuñ tanyşlary ,dostlary kän bolan.Şolaryñ arasynda gala häkimleri hem bar eken.Bir gezek şol galalaryñ biriniñ häkimi ep-esli hazynasyny ogurladanda, Täçgök serdar ogryny we ogurlanan hazynany tapmaga kömek edýär.Bu kömek üçin häkim oña bir gyzy peşgeş beripdir. (Aýdylşyna görä,ol gyz owganistanda ýaşaýan Jemşitlerden bolmaly).
Şol gyz Türkmen halkynyñ beýik ogly ,Türkmenistanyñ görnükli döwlet işgäri Gaýgysyz Atabaýewiñ ejesidir. Täçgök serdar daş sypaty boýunça iner ýaly örän daýaw, häsiýeti boýunça juda gyzma,çäksiz batyr adam bolupdyr.
Täçgök serdar Maryda ep-esli wagt ýaşandan soñ öz tiresi we diýenlerini edýän adamlar bilenMämä-çäçä tarapa göçüp gaýdypdyr.Olar göçüp barmazyndan öñ,Mänä-çäçä sebitlerinde ýaşaýan ilat juda az eken.
Sebäbi dag etegi hem-de gyrak çet bolany üçin bu ýere daşardan häli-şindi çozuş edilip durlupdyr. Täçgök serdaryñ obrazy belli ýazyji Atajan taganof “ Pereñli ýesiriñ ýatlamasy “ powestinde ,Sarahs galasy romanynda hem oñat şöhlelenipdyr.
Bu biografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |