Türkmenistanyň ''Senagat'' paýdarlar täjirçilik banky
Türkmenistandaky Banklaryň Sanawyny Bärden Görüp Bilersiňiz Häzirki döwürde, Türkmenistanyň "Senagat" PTB-y açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolup, Türkmenistanyň "Karz edaralary we bank işi hakynda", "Paýdarlar jemgyýeti hakynda" kanunlaryna we beýleki kanun çykaryjy namalaryna we Bankyň Tertipnamasyna laýyklykda öz işini alyp barýar.
Bankyň jemi 13 sany şahamçasy bolup, olardan 9-y welaýat merkezinde, 2-si Aşgabat şäherinde, 2 sanysy bolsa Balkan welaýatynyň Serdar we Türkmenbaşy şäherlerinde, bulardan başga-da 1 sany bank gullugy – Daşoguz welaýatynyň Gubadag şäherinde müşderilere hyzmat edýär. Bankyň hyzmat edýän müşderileriniň esasy bölegi fiziki taraplar we hususy telekeçilerden ybaratdyr.
| Headquarters | Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly, 129 |
|---|---|
| Established | 1989 ýyl, 20-nji oktýabr |
| Ownership | Türkmenistan |
| Governing body | Häkimiýet |
| President | Skript ýalňyşlygy: "getValue" funksiýasy ýok. |
| Website | https://senagatbank.com.tm/ |
| Tel +993 (12) 44-44-44, +993 (12) 44-43-00, +993 (12) 44-43-01 Email info@senagatbank.com.tm | |
Gurluşy
[düzet | çeşmäni düzet]Bankyň döredilmeginiň esasy maksady Türkmenistanda täjirçilik we önümçilik işi bilen meşgullanýan telekeçileri we hususy kärhanalary ösdürmeklige ýardam bermek bolup durdy.
Hut şol günden başlap bank özbaşdak balansy, möhüri, borçlary, borçnamalary, hukuklary esasynda işini ýola goýdy.
1989-njy ýylyň oktýabr aýynyň 20-ne "Senagat" täjirçilik bankynyň Tertipnamasy tassyklanyldy.
1991-1992 ýyllarda
[düzet | çeşmäni düzet]Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen, 1991-nji ýylyň noýabr aýynyň 11-ne esaslandyryjylaryň ýygnagynyň çözgüdi we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 1992-nji ýylyň iýun aýynyň 9-daky 3 belgili ygtyýarnamasy esasynda "Senagat" täjirçilik banky, "Senagat" paýdarlar täjirçilik bankyna öwrildi. Bank açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolmak bilen, özüniň gymmat bahaly kagyzlaryny - paýnamalaryny çykaryp, açyk görnüşinde ýerleşdirip başlady.
"Altyn Asyr" Bank Karty
[düzet | çeşmäni düzet]Altyn asyr bank karty Türkmenistanyň çäklerinde ulanmak üçin niýetlenip, häzirki wagtda müşderlerine aşakdaky görkezilen hyzmatlary hödürleýär:
Islendik edara görnüşli taraplaryň işgärleriniň aýlyk haklaryny plastik kartlaryna geçirmek we bermek
- Hyzmatlaryň dürli görnüşleri üçin ýa-da satyn alnan harytlar boýunça nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary geçirmek
- Alnan karz serişdeleriniň esasy bergisini we oňa hasaplanan göterimlerini bankomatlaryň we terminallaryň üsti bilen tölemek
- SMS hyzmaty arkaly bank kartynyň hasabyndaky hereketleri barada maglumat almak
- Degişli bankomatlardan nagt pul serişdesini almak
- Töleg terminallary arkaly öý we öýjükli aragatnaşyk TM CELL, CDMA, internet, IP-telewideniýe we saglyk ätiýaçlandyryş töleglerini nagt däl görnüşinde amala aşyrmak
- Internet hyzmatlarynyň mümkin bolan islendik ýerinden, kompýuter enjamlaryny ýa-da akylly telefonlary ulanmak bilen elektron bank kart-hasaby boýunça "Internet-Bank" hyzmatlaryndan peýdalanyp tiz we amatly nagt däl hasaplaşyklary geçirmek
- 0,1% "Cash-back" hyzmaty
Beýleki bank kartlary bilen hyzmatdaşlyk
[düzet | çeşmäni düzet]Mundan başga-da, 2004-nji ýylda "Senagat" PTB-y we Russiýanyň dünýä belli öňde baryjy banklarynyň biri bolan "Promswýazbank" arasynda Mastercard we Maestro kartlaryny girizmek üçin şertnama baglaşyldy. Häzirki wagtda esasy bankda we onuň welaýat şahamçalarynda we myhmanhanalarda oňa gelýän daşary ýurt raýatlarynyň bu kartlary ulanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredildi.
Gelejekde biziň bankymyz tarapyndan Mastercard, Maestro we Viza ýaly halkara kartlary nagt puly berýän ähli nokatlarda, şeýle hem Türkmenistanda giňden ýaýran söwda ulgamynda we daşary ýurtlarda kabul ediler.
Western Union
[düzet | çeşmäni düzet]"Senagat" Paýdarlar täjirçilik banky Täze Galkynyşlaryň we beýik özgertmeleriň zamanyndaky talaplara laýyklykda ilata tiz we amatly bank hyzmatlaryny hödürlemekden ugur alyp, şeýle hem ilatyň isleglerini göz öňünde tutup, bank hyzmatlaryny kämilleşdirmek maksady bilen özüniň döredilen senesinden bäri müşderilere ýokary derejede hyzmaty ýerine ýetirmäge uly üns berýär. Bank hemişe ýerine ýetirýän amallaryny giňeltmegi, bank hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini girizmegi we olaryň hilini ýokarlandyrmagy başardy.
Western Union pul geçirimleriniň peýdalary
- Western Union-yň pul geçirim baradaky maglumatlary gizlin tutulýar
- Western Union-dan ugradylan pul serişdesi sanlyja minutdan ugradylan ýerinde elýeterlidir
- Pul geçirimleri bank hasabyny açmazdan amala aşyrylýar
Western Union-da nädip pul serişdesini ugratmaly
- Pul serişdesini ugradyljak adamynyň Ady, Familýasy we Atasynyň adyny (şahsyýetini tassyklaýan resminamada, passportda, görkezilşi ýaly) görkezmeli
- Pul serişdesini alyjynyň ýurdyny görkezmeli
- Pul geçirimiň gizlin belgisini özüňize bellik edip alyň (Alyjynyň pul serişdesini almaga baranda soraljak gizlin geçirimiň belgisini bilmegi gereklidir)
Western Union-dan nädip ugradylan pul serişdesini almaly
- Western Union hyzmat ediş nokadyn baryp, şahsyýetiňizi anyklaýan resminamany görkezmeli
- Hyzmat ediş nokadyndaky işgäre pul geçirimiň gizlin belgisini, garaşylýan mukdary, walýutasyny we ugradan adamynyň doly adyny bermeli
"Senagat" Paýdarlar Täjirçilik bankynyň eýeçiligiň ähli görnüşindäki edara - kärhanalara we şahsy taraplara edýän hyzmatlary üçin alýan ýygymynyň nyrhnamasy.
Nyrhnama
[düzet | çeşmäni düzet]GDA ýurtlaryna | Walýuta: ABŞ dollarynda
[düzet | çeşmäni düzet]| # | Hyzmatlaryň we amallaryň görnüşi | Hyzmatyň nyrhy | GBSS | Jemi töleg |
|---|---|---|---|---|
| 1 | 2500,01 $ - 3000,00 $ | 95,00 $ | 49 manat 88 teňňe | 95,00 $ we 49 manat 88 teňňe |
| 2 | 100,00 $ çenli | 5,00 $ | 2 manat 63 teňňe | 5,00 $ we 2 manat 63 teňňe |
| 3 | 4500,01 $ - 5000,00 $ | 163,00 $ | 85 manat 58 teňňe | 163,00 $ we 85 manat 58 teňňe |
| 4 | 4000,01 $ - 4500,00 $ | 146,00 $ | 76 manat 65 teňňe | 146,00 $ we 76 manat 65 teňňe |
| 5 | 3500,01 $ - 4000,00 $ | 129,00 $ | 67 manat 73 teňňe | 129,00 $ we 67 manat 73 teňňe |
| 6 | 3000,01 $ - 3500,00 $ | 112,00 $ | 58 manat 80 teňňe | 112,00 $ we 58 manat 80 teňňe |
| 7 | 2000,01 $ - 2500,00 $ | 77,00 $ | 40 manat 43 teňňe | 77,00 $ we 40 manat 43 teňňe |
| 8 | 1500,01 $ - 2000,00 $ | 60,00 $ | 31 manat 50 teňňe | 60,00 $ we 31 manat 50 teňňe |
| 9 | 1000,01 $ - 1500,00 $ | 46,00 $ | 24 manat 15 teňňe | 46,00 $ we 24 manat 15 teňňe |
| 10 | 750,01 $ - 1000,00 $ | 32,00 $ | 16 manat 80 teňňe | 32,00 $ we 16 manat 80 teňňe |
| 11 | 500,01 $ - 750,00 $ | 25,00 $ | 13 manat 13 teňňe | 25,00 $ we 13 manat 13 teňňe |
| 12 | 400,01 $ - 500,00 $ | 21,00 $ | 11 manat 3 teňňe | 21,00 $ we 11 manat 3 teňňe |
| 13 | 300,01 $ - 400,00 $ | 17,00 $ | 8 manat 93 teňňe | 17,00 $ we 8 manat 93 teňňe |
| 14 | 200,01 $ - 300,00 $ | 12,00 $ | 6 manat 30 teňňe | 12,00 $ we 6 manat 30 teňňe |
| 15 | 100,01 $ - 200,00 $ | 8,00 $ | 4 manat 20 teňňe | 8,00 $ we 4 manat 20 teňňe |
Hytaý Halk Respublikasyna, Birleşen Arap Emirliklerine we Turkiýe döwletine
[düzet | çeşmäni düzet]| # | Hyzmatlaryň we amallaryň görnüşi | Hyzmatyň nyrhy | GBSS | Jemi töleg |
|---|---|---|---|---|
| 1 | 750,01 $ - 1000,00 $ | 43,00 $ | 22 manat 58 teňňe | 43,00 $ we 22 manat 58 teňňe |
| 2 | 3000,01 $ - 5000,00 $ | 80,00 $ | 42 manat | 80,00 $ we 42 manat |
| 3 | 1750,01 $ - 3000,00 $ | 70,00 $ | 36 manat 75 teňňe | 70,00 $ we 36 manat 75 teňňe |
| 4 | 1500,01 $ - 1750,00 $ | 60,00 $ | 31 manat 50 teňňe | 60,00 $ we 31 manat 50 teňňe |
| 5 | 1000,01 $ - 1500,00 $ | 56,00 $ | 29 manat 40 teňňe | 56,00 $ we 29 manat 40 teňňe |
| 6 | 400,01 $ - 500,00 $ | 35,00 $ | 18 manat 38 teňňe | 35,00 $ we 18 manat 38 teňňe |
| 7 | 300,01 $ - 400,00 $ | 30,00 $ | 15 manat 75 teňňe | 30,00 $ we 15 manat 75 teňňe |
| 8 | 200,01 $ - 300,00 $ | 25,00 $ | 13 manat 13 teňňe | 25,00 $ we 13 manat 13 teňňe |
| 9 | 100,01 $ - 200,00 $ | 19,00 $ | 9 manat 98 teňňe | 19,00 $ we 9 manat 98 teňňe |
| 10 | 100,00 $ çenli | 13,00 $ | 6 manat 83 teňňe | 13,00 $ we 6 manat 83 teňňe |
| 11 | 500,01 $ - 750,00 $ | 39,00 $ | 20 manat 48 teňňe | 39,00 $ we 20 manat 48 teňňe |
Başga ýurtlara
[düzet | çeşmäni düzet]| # | Hyzmatlaryň we amallaryň görnüşi | Hyzmatyň nyrhy | GBSS | Jemi töleg |
|---|---|---|---|---|
| 1 | 4500,01 $ - 5000,00 $ | 168,00 $ | 88 manat 20 teňňe | 168,00 $ we 88 manat 20 teňňe |
| 2 | 4000,01 $ - 4500,00 $ | 151,00 $ | 79 manat 28 teňňe | 151,00 $ we 79 manat 28 teňňe |
| 3 | 3500,01 $ - 4000,00 $ | 134,00 $ | 70 manat 35 teňňe | 134,00 $ we 70 manat 35 teňňe |
| 4 | 3000,01 $ - 3500,00 $ | 117,00 $ | 61 manat 43 teňňe | 117,00 $ we 61 manat 43 teňňe |
| 5 | 2500,01 $ - 3000,00 $ | 104,00 $ | 54 manat 60 teňňe | 104,00 $ we 54 manat 60 teňňe |
| 6 | 2000,01 $ - 2500,00 $ | 91,00 $ | 47 manat 78 teňňe | 91,00 $ we 47 manat 78 teňňe |
| 7 | 1750,01 $ - 2000,00 $ | 78,00 $ | 40 manat 95 teňňe | 78,00 $ we 40 manat 95 teňňe |
| 8 | 1500,01 $ - 1750,00 $ | 70,00 $ | 36 manat 75 teňňe | 70,00 $ we 36 manat 75 teňňe |
| 9 | 1000,01 $ - 1500,00 $ | 56,00 $ | 29 manat 40 teňňe | 56,00 $ we 29 manat 40 teňňe |
| 10 | 750,01 $ - 1000,00 $ | 43,00 $ | 22 manat 58 teňňe | 43,00 $ we 22 manat 58 teňňe |
| 11 | 500,01 $ - 750,00 $ | 39,00 $ | 20 manat 48 teňňe | 39,00 $ we 20 manat 48 teňňe |
| 12 | 400,01 $ - 500,00 $ | 35,00 $ | 18 manat 38 teňňe | 35,00 $ we 18 manat 38 teňňe |
| 13 | 300,01 $ - 400,00 $ | 30,00 $ | 15 manat 75 teňňe | 30,00 $ we 15 manat 75 teňňe |
| 14 | 200,01 $ - 300,00 $ | 25,00 $ | 13 manat 13 teňňe | 25,00 $ we 13 manat 13 teňňe |
| 15 | 100,01 $ - 200,00 $ | 19,00 $ | 9 manat 98 teňňe | 19,00 $ we 9 manat 98 teňňe |
| 16 | 100,00 $ çenli | 13,00 $ | 6 manat 83 teňňe | 13,00 $ we 6 manat 83 teňňe |
"Senagat" PTB-y 2001-nji ýylda Moskwanyň "Western Union DP Wostok" atly bank däl karz guramasy bilen şertnama baglaşyp, ýurdumyzda ilkinji bolup "Western Union" pul geçirimlerini ýola goýdy. Geçirimler fiziki şahslaryň arasynda bank hasabyny açmazdan amala aşyrylýar. Western Union ulgamy adatça pul serişdeleriniň dünýäniň islendik ýurduna tiz geçirilmegini üpjün edýär. Kime pul geçirimi ugradylan bolsa, ol birnäçe minutdan geçirimi alyp biler. Bu bolsa, Siziň wagtyňyzy tygşytlap, Sizden uzak aralykda ýerleşýän garyndaşlaryňyza pul kömegini bermäge mümkinçilik berýär.
Ýanardag Elektron Pul Geçirme Usuly
[düzet | çeşmäni düzet]«Ýanardag» elektron pul geçirimleri ulgamy 2003-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan tassyklanylyp, 2003-nji ýylyň 24-nji fewralynda herekete girizildi.
«Ýanardag» elektron pul geçirimleri ulgamy - bu ulgam ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin nagt pullaryny Türkmenistanyň çäginde tiz we amatly geçirmäge niýetlenilendir. Milli manadymyzdaky pul geçirimi fiziki şahslaryň arasynda bankymyzyň islendik bir şahamçasyndan başga bir islendik şahamçasyna bank hasabyny açmazdan geçirmek mümkinçiligi döredilendir. Pul geçirimi sanlyja minudyň içinde amala aşyrylýar.
"Senagat" Paýdarlar Täjirçilik bankynyň eýeçiligiň ähli görnüşindäki edara - kärhanalara we şahsy taraplara edýän hyzmatlary üçin alýan ýygymynyň nyrhnamasy.
Nyrhnama
[düzet | çeşmäni düzet]| # | Hyzmatlaryň we amallaryň görnüşi | Hyzmatyň nyrhy | GBSS | Jemi töleg |
|---|---|---|---|---|
| 1 | 10 manat 00 teňňe 200 manat 00 teňňe çenli | 4 manat | 60 teňňe | 4 manat 60 teňňe |
| 2 | 200 manat 01 teňňe 1 000 manat 00 teňňe çenli | 5 manat | 75 teňňe | 5 manat 75 teňňe |
| 3 | 1000 manat 01 teňňe 2 000 manat 00 teňňe çenli | 6 manat | 90 teňňe | 6 manat 90 teňňe |
| 4 | 2000 manat 01 teňňe 10 000 manat 00 teňňe çenli | 15 manat | 2 manat 25 teňňe | 17 manat 25 teňňe |
| 5 | 10 000 manat 01 teňňe 20 000 manat 00 teňňe çenli | 31 manat | 4 manat 65 teňňe | 35 manat 65 teňňe |
| 6 | 20 000 manat 01 teňňe 35 000 manat 00 teňňe çenli | 68 manat | 10 manat 20 teňňe | 78 manat 20 teňňe |
Ulgamyň dolandyryş merkezi "Senagat" PTB-niň baş edarasydyr.
Elektron tölegleriň bu ulgamy, Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde, ýagny şäherlerde - Mary, Daşoguz, Türkmenabat, Balkanabat, Türkmenbaşy we Serdarda hyzmat edýär.
Pul geçirimleri, bank hasaplaryny açmazdan fiziki şahslaryň arasynda amala aşyrylýar.