Mazmuna geçiň

Pnewmoniýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Pnewmoniýa ýa-da öýken sowuklamasy hem diýilip atlandyrylýan, öýkendäki alweolalaryň iriňli gaýnaglama keselidir. Keseliň sebäpleri esasan bakteriýalar, wiruslar seýrek ýagdaýda kömelekler bolmak bilen şol mikrooraganizmalaryň öýkene esasan howa-damja ýoly arkaly ýerleşmegi netijesinde kesel başlanýar we ýokanç keselleriň hatarynda görkezilýär. 0-4 ýaş aralygyndaky çagalaryň ölüm sebäbiniň başynda gelýär. Pnewmoniýa her ýaşdan adamlarda duş gelýär, ýöne esasan 2 ýaşdan kiçi çagalarda, immuniteti pes adamlarda we 65 ýaşdan ýokary adamlarda örän howply bolup biler.

Pnewmoniýa köplenç ýagdaýda ýürek keseli ýa-da öň öýken keseli geçiren we ir dogan çagalarda duş gelýär. Bu topardaky adamlar keselden goranmak üçin waksina almalydyrlar.

Bütin Dünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BDSGG) berýän maglumatlaryna görä dünýäde her ýyl 100 adamdan 1-2-si pnewmoniýa keseline duçar bolýar. Pnewmoniýanyň alamatlary ýokary dem alyş ýollarynyň infeksiýalary we grip bilen garyşdyrylýandygy sebäpli hassalar lukmana giç ýüz tutýar, bu bolsa keseliň möwjemegine we bejerişiniň kynlaşmagyna sebäp bolýar. Dünýädäki ölümleriň 7% sebäbi pnewmoniýadygy çaklanýar.

Keseliň ýaýraýşy

Asgyrmak we üsgürmek ýaly dürli howa-damja ýollary bilen bilelikde agyz, bulgur, gapynyň tutawaçlary bilen kontaktdan soň, elini agzyna degirende hem adamlarda kesel döredip bilýär. Kesellileriň garrylaryň, göwrelileri, çagalaryň ýanyna ýakynlaşmagy uly howp döredýär. Seýrek ýagdaý-da aşgazan-içege ýollarynda siňdirilmeli maddalaryň tötänlikden dem alyş ýollaryna düşmegi, käbir himiki maddalaryň dem almak arkaly dem alyş ýollaryna düşmegi hem keseli döredip bilýär.

Keselden goranyş

Pnewmoniýadan goranmagyň iň esasy ýollarynyň biri waksinadyr. Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty ministrliginiň sanjym kalendaryna girizen pnewmoniýa waksinasy çagalara 2,4,6 we 12-nji aýlarynyň soňynda sanjylýar. 65 ýaşdan ýokary adamlaryň hem lukmanyň gözegçiligi esasynda sanjym etdirmekligi maslahat berilýär.

Üns berilmeli zatlar:

  • Elleriňizi dowamly ýuwmak
  • Üsgüreňizde we asgyraňyzda ýörite kagyzlary ulanmak we ýygy-ýygydan çalyşmak
  • Bulgur we aşhana enjamlarynyň şahsy bolmagy
  • Çilim, alkagolly içgiler ýaly immun ulgamyny basýan we tapdan düşürýän zatlarda daşda durmak.

Pnewmoniýa waksinasy maslahat berilýän adamlar:

  • Immun ulgamy gowy bolup, ýöne ýürek-damar keselleri, öýken keselleri, süýjüli diabeti, alkogolizm, sirroz ýaly hroniki keselleri bolanlar
  • Immun ulgamy pes bolup pnewmoniýa keseline uçrama ähtimallygy ýokarlanan dalagy aýrylan adamlar, hroniki böwrek keselliler, organ transplantatsiýasy edilen adamlar.
  • AIDS göterijiler 65 ýaş we ýokary adamlar

Grip we pnewmokokk waksinalary ýokary temperaturaly islendik kesel wagty edilmeýär.

Grip waksinasy yumurtga allergiýasy bolan adamlara edilmeli däldir. Iki waksina hem ýokary derejede ynamlydyr. Waksinanyň edilen ýerinde agyry we gyzarma emele gelip biler. Temperatura, ysgynsyzlyk, agyry ýaly goşmaça täsirleri bolup biler bular wagtlaýyn we ýeňil geçýändir.

Etiologiýasy (sebäpleri)

Pnewmoniýa köplenç Streptococcus pneumoniae bakteriýanyň sebäp bolmagy netijesinde döreýän infeksiýon keseldir. Duş gelýän sowuklamanyň 50% sebäbiniň şu mikropdygy anyklanandyr. Mundan başga Haemophilus influenza, Mycoplasma pneumoniae hem pnewmoniýa sebäp bolup bilýändigi anyklanandyr.

Rhinowirus, coronawirus, influenza, adenowirus ýaly döwürleýin sowuklama we gribe sebäp bolýan mikroorganizmalaryň hem pnewmoniýa sebäp bolýandygy bellenip geçilýär. Kömelek sebäpli pnewmoniýa örän seýrek duş gelýär we immuniteti örän pes adamlarda duş gelýär.

Simptomlary (alamatlary)

Esasan howalaryň sowamagy bilen bilelikde pnewmoniýa görkezijileri hem artýar. Bu keseliň alamatlary beýleki sowuklama kesellerine meňzeş bolýar. Burnyň akmagy, üsgülewük, asgyrmak ýaly alamatlar belli bir wagtdan soň ýüze çykýar. Pnewmoniýa esasan grip bilen garyşdyrylyp lukmana giç ýüz tutulmagy netijesinde bejermegi kynlaşýan keselleriň arasynda görkezilýär. Esasan 3 günden köp dowam etýän ýokary temperatura, döş we gyralardaky agyry pnewmoniýany gripden tapawutlandyrýan alamatlardyr.

Pnewmoniýanyň alamatlary

Üsgülewük Ýokary temperatura Üşütme we titreme Dowamly bölünip çykýan sary-ýaşyl gakylyk Çalt dem alma Dem almakda kynçylyk Döş agyry Kelle agyry Ýanlarda agyry Ýadawlyk we ysgynsyzlyk Garynda agyry we çişme Gusmak we ögemek 65 ýaşdan ýokary adamlarda aňynda bulançaklyk

Pnewmoniýanyň begergisi

Köplenç pnewmoniýanyň bejergisi öýde geçirilýär. Agyr ýagdaýlarda, garrylarda, oksigenoterapiýa mätäç näsaglaryň ýa-da reanimasiýa bejergisine mätäç kesellileriň hassahana ýerleşmegi zerurdyr. Bejergi kesellä görä üýtgeýär we ir başlananda gowy netijeleri ýüze çykaryp bilýär eger gijä galynsa we agyr ýagdaýlarda ölüm bilen gutarmagy örän ýygy duş gelýär.