Mazmuna geçiň

Nurmuhammet Andalyp

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

.


Nurmuhammet Andalyp (1660-1740)

Taryhçy, terjimeçi, filosof türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji dessançy şahyr diýip tanalýan Nurmuhammet Andalyp alymlaryň täze barlaglar boýunça Ýylanly etrabynyň Garmazy obasynda eneden dogulyp 1740-nji ýylda aradan çykypdyr. Nurmuhammet türkmeniň düýeçi tiresiniň Seýilhan neslindendir. Onuň atasynyň adyna Akmuhammet, kakasynyň adyna Seýitmuhammet ýa-da Seýitahmet, ejesiniň adyna bolsa Hansoltan diýer ekenler. Şahyr özüniň ady we ýaşan ýerleri barada “Ýusup-Züleýha” dessanynda şeýle ýazýar:


Şahyryň ýaşlygy Garamazy obasynda geçýär. Ol ilki oba mekdebinde soň bolsa, Hywada medrese bilimini alypdyr. Onuň Bagdatda okanlygy baradada maglumatlar bar. Şahyr okuwyň daşyndan Gündogar edebiýatynyň klassyklaryny ylmy-filosofik işlerini halk döredijilik eserlerini yhlas bilen okap, öz döwrüniň ylym bilimini kämil ele alan adam bolup ýetişýär. Nurmuhammediň esasy kesp-käri daýhançylyk hem agaç ussaçylygy bolupdyr. Ol kakasyndan öwrenen daýhançylyk işleri bilen bir hatarda oba adamlaryna araba, jykyr ýasaşmak bilen meşgullanýardy.Nurmuhammet ýaşaýyş-durmuşy bilen baglanyşdyryp, özüne Garyp diýen lakamy alypdyr. Gül atly gyzy söýüp, özüni onuň yşkynda saýraýan bilbil hasaplamak bilen Andalyp (Bilbil) diýen edebi lakamy göteripdir.


Türkmen edebiýatynyň taryhynda edebi ösüşimize has güýçli tâsir eden belli şahyrlar köpdür.Şolaryň biri-de XVII asyryň ikinji,XVIII asyryň birinji ýarymynda ýaşap geçen Nurmuhammet Andalypdyr.Onuň türkmen edebiýatyndaky ornuny we hyzmatyny şeýle kesgitlâp bolar: Nurmuhammet Andalyp orta asyrlar türkmen edebiyatynyň ösüşine goşant goşan,onuň iň oňat edebi dâplerini umumylaşdyran hem-de bularyň esasynda tâze nusgawy türkmen edebiyatynyň ösüşini kesgitlân şahyrdyr.Orta asyrlaryň baý tejribesini we gazananlaryny jemlemek üçin şahyryň öz döredijiligi hem baý we köptaraply bolmaly.Andalyp hut şu hili şahyrdyr: Ol gazallary,muhammesleri,murabbaglary,müstezadlary ýazan şahyrdyr. Ol Nowaýy,Fizuli ýaly ussatlaryň gazallaryna ýigrimiden-de köp tahmys baglan tahmysçy şahyrdyr. Ol "Oguznama","Risaleýi-Nesimi" ýaly uly göwrümli kyssaly mesnewileri düzen şahyrdyr. Ol "Sagdy-Wakgas","Kyssaýy-Fyrgun" ýaly kyssaly uly goşuklary (goşgulary) goşan şahyrdyr. Ol "Leýli-Mejnun","Ýusup-Züleýha","Baba Röwşen","Zeýnel Arap" ýaly birnâçe dessanlary döreden dessançy şahyrdyr.

okamaga-köp bilmâge,dogabitdi zehiniň açylmagyna ýardam edýân maşgala we durmuş şertlerine eýe bolmaly. Nurmuhammet Andalypda bu şertleriň hemmesi bar eken.Ol 1660-1665-nji ýyllarda ylym,medeniýet we edebiýat ojagy bolan gadymy Köneürgenç topragynda dünýâ inýâr.Şahyryn kimligi barasynda onuň öz dilinden eşitmek soňky nesiller üçin ýakymly we gyzykly, ynamly-ygtybarlydyr.


"saýrak bilbildir"."Saýrak aşyk bilbil" diýen edebi ady bize onuň eserleriniň temasyny, çeper keşplerini hem-de labyz özboluşlylygyny salgy berýâr.Şygyrlarynyň, tahmyslarynyň hem-de dessanlarynyň baş temasy yşk-söýgüdir.Gazallaryndaky magşugyň Gül atly çeper keşpde berilýânligi şahyryň özüni Andalyp hasaplanlygyndandyr.Eserleriniň çeper dilinde güller bilen baglanyşykly çeper keşpleriň uly orun tutýanlygy-da şondadyr.Galyberse-de, şygryň âhli görnüşunde ýazan eserleriniň üýtgeşik labyzlylygy we hoşowazlylygy bilbiliň saýraýşyny ýada salýar diýsek ýalňyşmarys. Onuň söz syngatyndaky esasy halypalary Nowaýy, Jamy hem-de Fizulydyr.