Mazmuna geçiň

Nanotehnologiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Na­no­teh­no­lo­gi­ýa sahypasyndan gönükdirildi)

Na­no­metr– met­riň mil­li­ar­dyn­jy bö­le­gi­dir.

Teh­no­lo­gi­ýa (grekçe technё - sun­gat, us­sat­lyk we ba­şar­nyk) – önüm ön­dür­mek pro­se­sin­de çig ma­ly, ma­te­ria­ly we ýa­rym fab­ri­kat­la­ryň dur­ku­ny üýt­get­mek ýa­ly gaý­ta­dan iş­le­mek usu­ly­nyň je­mi­dir. Onuň we­zi­pe­si ylym ýa­ly - has ne­ti­je­li we yk­dy­sa­dy önüm­çi­lik pro­se­sin­de ama­ly taý­dan ulan­mak we kes­git­le­mek mak­sa­dy bi­len fi­zi­ki, hi­mi­ki, me­ha­ni­ki we beý­le­ki ka­nu­na la­ýyk­ly­gy ýü­ze çy­kar­mak­dan yba­rat bo­lup dur­ýar.

Ga­ty ji­sim – bu ga­ty hal­da­ky när­se­ler däl-­de, eý­sem, ter­tip­li gur­lu­şy bar bo­lan ji­si­me aý­dy­lýar. Kris­tal gö­ze­ne­giň ýa-da hi­mi­ki mo­le­ku­la­la­ryň gur­lu­şy­nyň nä­me­di­gi ba­ra­da köp­ adamlar okan bol­sa ge­rek. Atom­la­ryň öza­ra ýer­le­şi­şi we ot­no­si­tel muk­da­ry di­ňe hi­li­ne däl­de, eý­sem, ne­ti­je­de al­nan ji­si­miň özü­ne hem bag­ly­dyr. Ug­le­ro­dyň şol bir atom­la­ry bir gur­luş­da gra­fit, - beý­le­ki­si bol­sa, al­maz eme­le ge­tir­ýän­di­gi­ni köp­ler bil­ýän­dir. Ug­le­ro­dyň äh­li bar bo­lan üç ato­my, kis­lo­ro­dyň we wo­do­ro­dyň uly bol­ma­dyk go­şun­dy­sy bi­len bak­te­ri­ýa, wi­rus we bi­ziň özü­miz ýa­ly äh­li or­ga­ni­ki ji­sim­le­ri düz­ýär­ler.

Şeý­le­lik­de, bu atom­la­ryň çen bi­len la­ýyk met­riň mil­li­ar­ddan bir pa­ýy bo­lan öl­çe­gi bar. Alym­lar ji­si­miň fi­zi­ki we hi­mi­ki dü­zü­mi­ni ju­da tiz kes­git­le­me­gi öw­ren­di­ler. Atom­la­ryň öza­ra ýer­le­şi­şi­ni öw­ren­mek has çyl­şy­rym­ly bol­dy. Dür­li-dür­li teh­no­lo­gik pro­ses­ler­de we te­bi­gy şert­ler­de dür­li hä­si­ýet­ler­dä­ki ji­sim­ler eme­le ge­lip­dir. Bu we­zi­pe­ler dür­li fi­zi­ki usul­lar ar­ka­ly ge­çen asy­ryň ahyr­la­ry­na çen­li çö­zül­di. Hä­zir biz dür­li-dür­li teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly ji­si­miň hä­si­ýe­ti­ne bag­ly goş­ma­ça atom­la­ryň nä­me üçin gur­lu­şa düş­ýän­di­gi­ni anyk­lap bil­ýä­ris. Ýö­ne kris­ta­lyň ga­ryn­dy­syn­da ola­ryň bö­lü­ni­şi bu­lam – bu­jar­dyr.

Na­no­teh­no­lo­gi­ýa, dür­li gur­luş­la­ryň jik­me-jik­li­gin­dä­ki ýa­ly, kris­tal­la­ryň aý­ry atom­la­ry­nyň ze­rur ala­mat­la­ry­na gö­zeg­çi­lik et­me­giň fi­zi­ki usul­la­ry­ny göz as­ty­na al­ma­ga müm­kin­çi­lik­le­ri ber­ýär. Ýag­ny met­riň mil­liard­dan bir pa­ýy­na ba­ra­bar öl­çeg­dä­ki aý­ry ato­my gör­me­li we ýer­leş­dir­me­li. Na­no­teh­no­lo­gi­ýa ady hem şol ýer­den ge­lip çyk­ýar.