Kuşan döwleti
Kuşan döwleti — Kuşan döwleti Owganystanyň territoriýasynda döräpdir. Döwlet b.e. I-IV asyrlarynda ýaşapdyr. Onuň merkezi ilki Kabul sebitlerinde, soňra bolsa demirgazyk Hindistanda (häzir Pakystanda) Peşewara geçirilipdir. Kuşan döwletiniň dili baktriýa dili, dini bolsa budda bolupdyr. Döwletiň Kuşan ady “Gowşuan” diýen sözden bolupdyr. Gowşuan taýpalary ilki Hytaý sebitlerinde ýaşap, soňra Gazagystanyň we Orta Aziýanyň territoriýasy bilen Arabystana aralaşypdyr. Biziň eramyzyň başlarynda şol taýpanyň ady bilen baglanyşykda Amyderýany hem Gowşuý (Guwşuý) diýip atlandyrypdyrlar.
Kuşan döwletini esaslandyran grek-baktriýa döwletine gutarnykly zarba uran çarwa taýpalarynyň nesilleri bolupdyrlar. Hytaý ýazuw çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä Baktriýany boýun egdiren çarwa taýpalarynyň biri Kuşanlar-gowşuanlar bolupdyr we olar hökümet başyna geçipdirler. Kuşan döwletiniň ilkinji patyşasy Kudzul Kadfiz (Kudfiz-I) bolupdyr. Emma onuň edara eden ýyllarynyň senesi anyk däl. Ýazuw çeşmeleri Kadfiziň 85 ýaşynda aradan çykandygyny habar berýärler. Onuň edara eden döwründe degişli ýazgylaryň biri 122-136-njy ýyllar bilen bellense-de, biziň eramyzdan öňmi ýa-da soňmy anyk däl.
Kadfiz I hakynda anyk çeşmeler ýok hem bolsa, käbir gytaklaýyn maglumatlar bu patyşa barada azda-kände söhbet açmaga mümkinçilik berýär. Ýagny b.e. 122-nji ýylyna degişli ýazgyda onuň “ýaş patyşa” diýen lakamy bar diýilýär. Eger-de şondan ugur alsaň, özem 85 ýaşda aradan çykan bolsa Kudfiz I 55-65 ýyl patyşalyk sürüpdir diýmäge esas bar. Kuşan patyşalygy Baktriýany, Hindistanyň demirgazyk etraplaryny, Orta Aziýanyzň köp bölegini, şol sanda Horezmi we Türkmenistanyň häzirki Lebap welaýatyny öz içine alypdyr.
Kadfiz I döwründe Kuşan döwletiniň territoriýasy giňelenem bolsa, heniz ol imperýalyga ýetişmändir we döwlet doly kemala gelmändir. Onuň şeýledigine, heniz Kuşan döwletiniň özbaşdak pul nusgasynyň bolmandygy, rim, parfiýa we grek-baktriýa pul nusgalaryny peýdalanandygyny şaýatlyk edýär. Beýleki döwletleriň pullarynyň ýüzüne öz möhürlerini basaýypdyrlar. Kadfiz I aradan çykandan soňra onuň ogly Wima Kadfiz (Kadfiz II) patyşa bolýar. Ol tagtda 30 ýyl töwerekleri oturupdyr. Kadfiz II döwründe Kuşan döwletiniň territoriýasy has giňelipdir. Hindistanyň jümmüşine aralaşypdyr. Ol möhüm pul reformasyny geçiripdir. Onuň edara eden döwründe Kuşan döwletiniň öz puly zikge edilip başlapdyr.
Altyn we mis pullar zikge edilip başlapdyr. Altyn pul uly söwda-hojalyk hasaplaşygy, aýratyn hem daşary söwda üçin niýetlenipdir. Altyn pul dinaryň hümmetinde (8 gram) bolup, olar 2 dinar, ¼ hem-de ½ dinar birliginde goýberilipdir. Eger-de grek-baktriýa patyşalarynyň örän seýrek çykaran altyn puly diýäýmeseň, öň şeýle köp altyn pul-zikge kuşan patyşalygynda bolmandyr.
Kuşan döwletindäki ýaly, altyn puluň iki dinar we ¼ birligi pul sistemasynyň ösen ýeri hasaplanan rim imperiýasynda hem bolmandyr.
Wima Kadfiz (Kadfiz II) ýurduň giň territoriýasyny dolandyrmak üçin, içki döwlet gurluşy boýunça käbir çäreleri durmuşa geçiripdir. Aýry-aýry wrelaýatlarda satrap dolandyrýan sistemasy girizilipdir. Satrap başlyklaryna öz pullaryny zikge etmeklige çenli giň hukuk beripdir. Beýle etmeginiň sebäbi, uly imperiýany diňe bir merkezden dolandyrmak kyn bolupdyr. Pullaryň ýüzünde hindi-grek, hidi-sak we hindi-parfiýa hatlary ýazlypdyr. Puluň düzüw ýüzünde grek, arka tarapynda bolsa Hindi rowaýaty ýazylypdyr. Kadfiz II-niň pulunda hindi hudaýlarynyň biriniň şekili beýan edilipdir. Şoňa görä-de, Wima Kadfiz döwründe döwletiň dolandyryş sistemasynda hindileşdirmek bolupdyr diýlip çaklanylýar. Kuşan döwletiniň gülläp ösen döwri patyşa Kanişkanyň edara eden (78-123ý) ýyllary bolupdyr. Kanişka döwründe Kuşan imperiýasynyň territoriýasy Hindistandan Aral deňzine çenli giňelipdir. Ol “şalaryň şasy” diýen belent titula eýe bolupdyr. Şol zamanda Kuşan döwletiniň paýtagty Peşewara geçirilipdir.
Häzir dünýäniň muzeýlerinde Kanişkanyň adyndan zikge edilen altyn pullaryň 200 töwerekleri bar.
Türkmenistanyň demirgazyk etraplary Kuşan döwletiniň düzümine giripdir. Onuň şeýledigine Horezmden tapylan Kuşan pullary şaýatlyk edýär. Patyşa Kanişka döwründe Türkmenistanyň günorta-gündogar raýonlary, Amyderýanyň ýokary we orta akymlary Kuşan döwletiniň düzüminde bolupdyr. Atamyrat- Serdarabat aralygyndaky arheologiki ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri netijesinde Kuşan döwrüniň medeni gatlaklary, maddy we ruhy medeniýete degişli zatlar (keramika önümleri we heýkeller) we pullar tapyldy.
Şol zamanda Amyderýanyň orta akymlarynda Beşir, Kerki, Mürzebek we Köýten gadymy ekarançylyk oazisleri özleşdirilipdir. Beşir we Esenmeňli galalary Kuşan döwrüniň şäher tipli obalary bolupdyrlar. Amyderýanyň kenar ýakasyndaky gadymy şäherlerden we obalardan Kuşan patşalarynyň mis pullarynyň birnäçesi tapyldy.
B.e. II-III asyrlarynda Orta Aziýaly dindarlar Gündogar Türkmenistana köpçülikleýin eňipdirler. Olar şol ýerde ýaşan ilatyň arasynda buddany wagyz-nesihat edipdirler. Budda Hytaýa hut şolaryň täsiri netijesinde ýaýrapdyr. Şol dindarlardan ikisi An Şi-gao we An-Sýuan gelip çykyşlary boýunça parfiýaly bolupdyr. An-Şi-gao Parfiýada gowy tanalýan adam eken. Ol Parfiýa patyşalaryndan biriniň mirasdüşeri eken. Emma tüýs ýürekden dine berlendigi üçin patyşalykdan ýüz öwrüp, dini-taglymat bilen meşgul bolupdyr. An Şi-gao gelip çykyşy boýunça margianaly bolmaly diýlip çaklanylýar.
Ýazuw çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, An Şi-gao Gündogar (Hytaý) Türküstanynda 148-170-nji ýyllar aralygynda buddizmi diňe bir wagyz-nesihat etmek däl, eýsem köp eserleri Hytaý diline terjime edipdir. Ol astronomiýadan uly alym bolupdyr. Beýleki parfiýaly An Sýuan belli täjir hem-de terjimeçi bolupdyr. Ol An Şi Gaonyň okuwçylarynyň biri bilen dini eserleriniň birini hytaý diline terjime edipdir. Şeýlelikde Orta Aziýalylar Hytaýda buddizmiň ýaýramagy üçin uly işler edipdirler.
Kuşan döwründen başlap buddizm Türkmenistanyň günorta-gündogar etraplarynda ýeterlik derejede yz galdyrypdyr. Gadymy Merwiň Gäwürgalasyndan budda ybadathanasy tapyldy. Ybadathana b.e. I-II asyrlaryna degişli bolupdyr. Ol ýerden Budda hudaýynyň ägirt uly (beýikligi 0,75 m.ýetýän) kelle skulpturasy tapyldy. Ybadathana köp ýyllaryň dowamynda weýran bolupdyr. Ondan diňe iki sany sütün we buddanyň duran ýerindäki belentlige çykmak üçin basgançaklar saklanyp galypdyr.
Kuşan patyşalygynyň gülläp ösen döwri b.e. II asyry bolupdyr. Bu döwürde suwaryş desgalary artypdyr, ekerançylyk giňelipdir, söwda, medeni gatnaşyklar ösüpdir. Imperiýanyň ykdysady ýagdaýyny ýokary götermek üçin Kuşan döwleti suwaryş setlerini giňeltmäge aýratyn uly üns beripdirler. Amyderýanyň sag kenarlaynda uly suwaryş kanallary gurlupdyr.
Ägirt giň territoriýany öz içine alan Kuşan döwleti dürli dinlere, däp-dessurlara sabyrly garapdyrlar, olara zor saljak bolmandyrlar. Jemgyýet obşinaçylardan, gul eýelerinden we gullardan ybarat bolupdyr.
III asyrda jemgyýetdäki barly we garyp gatlaklar, gul eýeleri we gullar arasyndaky ykdysady gatnaşyklar ýitileşipdir. Şeýle halatda gulçulyk jemgyýetiniň düýbi gowşap başlapdyr. Ýurtda ondan başga-da, Eýranda dörän ýaş Sasanylar döwleti hem Kuşan döwletiniň goňşusy bolan Parfiýa döwletine berk zarba urup dargatdy. Kuşan ýerlerine ençeme harby ýörişler gurady. III asyrda Sasanylar döwleti Baktriýany eýelemek bilen bütewi Kuşan döwletini dargadýar. III-IV asyrlar oňa Kuşan – Sasany döwleti diýlip atlandyrylýar. Sebäbi ýurt özbaşdak ownuk patyşalyga dargap, olara Sasanylara tabyn bolanlar hökümdarlyk edipdirler.
IV-V asyrlarda çarwa eftalit taýpalar Baktriýada peýda bolýarlar. Olar türk taýpa soýuzyny döredýärler. Şeýlelikde, Kuşan döwleti gutarnykly dargaýar. Kuşan patyşalygynyň öz hat ýazuwy we edebiýaty bolupdyr. Ilki- ilkiler bu patyşalykda pullardaky we möhürdäki ýazgylarda grek dili ulanylypdyr. Kuşan döwletiniň Hindistandaky eýeçiliklerinde Hindi dili we haty peýdalanypdyr.
Emma birneme gijräk, iň bärkisi patyşa Kanişkanyň döwründe II asyrda Kuşan pullarynyň we möhürleriniň ýüzünde haýsy hem bolsa başga ýerli dilde özboluşly elipbiý peýda bolupdyr. Bu elipbiý “Kuşan haty” diýen at bilen belli. Ol hat grek harpyna esaslanypdyr. Owganystanyň territoriýasynda Surh Kotal gadymy şäher harabaçylygyndan ýol gurluşy pursatyndan ýüzi hatly ýasy daş tapylypdyr. Bu tapyndy bilen, şol wagtlar Surh Kotalda gazuw agtaryş işlerini alyp baran fransuz arheologlary gyzyklanypdyr. Hat grek elipbisi esasynda ýazylypdyr. Hat okamak işine fransuzlar bilen birlikde nemes alymlary-da gatnaşypdyr. Hatyň esasy mazmuny Kuşan şasy Kanişka tarapyndan bina edilen şol ýerdäki ybadathanada geçirilen remont-timarlanyş işleri barada gürrüň gidýär eken.
Kuşan hatlarynyň bölek-büçekleri Özbegistanyň Termez şäheriniň ýakynyndaky Garadepedäki budda monastirliginden hem tapylypdyr. Alymlaryň pikirine görä, Garadepeden tapylan hat şol ýerdäki monastire gatnan adamlaryň spisogy bolupdyr. Kuşan döwletiniň taryhy ähmiýeti barada aşakdakylary aýtmak bolar. Ol döwlet Orta Aziýanyň köp ýerlerini özüne birleşdirmek bilen şol ýerleri keseki basybalyjylardan gorapdyr. Orta Aziýa halklary bilen Hindistanyň gatnaşygyny ýakynlaşdyrmak bilen medeniýeti özara baýlaşdyrdy.
Kuşanlar döwründe ylym, aýratyn hem astrologiýa, mifologiýa şekillendiriş sungaty ösüpdir. Bu babatda Hindistanda gazanylan üstünlikler Orta Aziýa ýurtlaryna uly täsir edipdir.
Kuşan döwletiniň öz hat-ýazuwy, puly bolupdyr. Bu zatlar bolsa özbaşdak döwlet bolmagyň esasy şertleridir.