Mazmuna geçiň

Konfusiý

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Kon­fu­siý sahypasyndan gönükdirildi)
Konfusiý

Kon­fu­siý (hy­taý di­lin­de Kon-Fu-Si, la­tyn li­lin­de Con­fucius) mi­la­dy­dan öň­ki 551-479-njy ýyl­lar­da ýa­şap geç­ýär.

Ça­ga­ka ýe­tim ga­lan gel­jek­ki meş­hur fi­lo­sof eje­si­niň elin­de ter­bi­ýe­len­ýär we ata­syn­dan ylym öw­ren­ýär. Öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li Lu (hä­zir­ki Şan Dong we­la­ýa­ty) şa­ly­gyn­da ýa­şap geç­ýär. Ýaş­ly­gyn­da emel­dar bo­lup iş­län Kon­fu­siý, gel­jek­de Hy­ta­ýyň yl­my taý­dan ös­mek­li­gi üçin öz sal­dam­ly go­şan­dy­ny goş­ýar. Kon­fu­si­niň dü­şün­je­le­ri “Söh­bet­ler we ga­ra­ýyş­lar” di­ýen ki­tap­da be­ýan edil­ýär. Ki­tap akyl­da­ryň şä­girt­le­ri we onuň yzy­ny eýe­ri­ji­ler bi­len eden söh­bet­le­ri­ni we aý­dan gür­rüň­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar we bu ki­tap hy­taý nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň iň meş­hur 13 ese­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Kon­fu­si­niň tag­ly­ma­tyn­da yn­san­per­wer­lik mö­hüm dü­şün­je bo­lup, ol adam­la­ryň öz ata-ba­ba­la­ry­na, ýaş we de­re­je ta­ýyn­dan özün­den ulu­la­ra hor­mat goý­mak, hö­küm­da­ra we­pa­dar­lyk ýa­ly ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan eti­ki­le­riň we so­si­al ga­ra­ýyş­la­ryň je­mi­dir.

Kon­fu­si­an­çy­lyk aga­lyk edi­ji tag­ly­mat hök­mün­de yk­rar edi­len ma­ha­ly fi­lo­so­fyň özi hem “10 müň nes­liň” mu­gal­ly­my diý­lip yg­lan edil­ýär. Akyl­da­ryň tag­ly­ma­ty hy­taý ýa­şa­ýyş ter­zi­niň esa­sy­na öw­rül­mek­lik bi­len hy­taý si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň köp ba­bat­da ösen keş­be eýe bol­ma­gy­na ge­tir­ýär.

Kon­fu­si­niň pä­him­le­ri

[düzet | çeşmäni düzet]
  • Nä­me göz­le­ýän­di­gi­ni bil­me­ýän adam, ta­pa­nyn­da-da, onuň nä­me­di­gi­ne dü­şün­mez.
  • Äh­li za­dyň gö­zel­li­gi bar­dyr, ýö­ne, mu­ny her kim gö­rüp bil­ýän däl­dir.
  • Ga­raň­ka nä­gi­le bol­ma-da, bir­je şem ýak!
  • Ga­py­ňy­zyň öňü­ni aras­sa­la­man, goň­şy­ňy­zyň üçe­gin­dä­ki ga­ra şi­ka­ýat et­mäň!
  • Oý­lan­man öw­ren­mek peý­da­syz­dyr, öw­ren­män oý­lan­mak howp­lu­dyr.
  • Al­ky­şy ses­siz-üýn­süz ka­bul eden adam, al­ky­şa la­ýyk adam­dyr.
  • Bir adam ýal­ňyş­lyk­la­ry­ny bi­li­bem dü­zet­me­ýän bol­sa, diý­mek, ola­ra öw­re­ni­şen­dir.
  • Be­ýik adam özü­ne akyl ýe­tir­jek bo­lar, pes adam öz­ge­le­re.
  • Bil­mek ada­my şüb­he­den, ýag­şy­lyk yza­dan, kes­git­li­lik gor­ku­dan ha­las eder.
  • Syp­jy­ry­lan al­maz syp­jy­ryl­ma­dyk daş­dan has go­wu­dyr.
  • Go­wy adam owa­dan gür­le­ýän adam däl-de, aýd­ýa­ny­ny amal ed­ýän ýa-da amal edip bil­je­gi­ni aýd­ýan adam­dyr.