Mazmuna geçiň

Hett döwleti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(HETT JEMGIÝETI WE DÖWLETI sahypasyndan gönükdirildi)

MOWZUK:HETT JEMGIÝETI WE DÖWLETI.

Meýilnama:

1.Kiçi Aziýanyň tebigaty we döwleti.

2.Hett döwletiniň taryhynyň çeşmeleri we taryhnamasy.

3.Hett döwleti we täze patyşalyklar döwründe.

4.Hett medeniýeti.

1.Kiçi Aziýa-bu gara,mermer,egeý,ortaýer deňizleri bilen ýuwulýan we Ýewropadan Bospor,Dardanel bogazlary arkaly bölünip aýrylýan ýarym adadyr.Ýarym adanyň gündogar tarapynda daşy Demirgazyk-Pont,Tabr we Antitabr daglary bilen gurşalan tekiz daglykly sähralar bar.Bu ýerde Galis derýasyndan beýleki derýalar uly däl.Günbatarda daglar Germ, Paktol,Meandr ýaly uly derýalaryň jülgeleri bilen gezekleşip ýerleşipdirler.

Kiçi Aziýada tokaýlar we gazylyp alynýan peýdaly magdanlar köp bolupdyr.

Kiçi Aziýanyň gadymy ilaty hattlar ýa-da hettleriň ata-babalary bolupdyr.Olaryň dili Kawkazyň abhas-adygeý dilleri bilen garyndaşdyrlar.B.e,öň II müňýyllyklarda Kiçi Aziýada Hindi-Ýewropa dil maşgalasynyň dillerinde gepleýän halklar köp ýaýrapdyr.Olaryň içinde hettler uly topar bolupdyrlar.Olar özlerine dürli taýpa toparlary boýunça nesitler,luwiýler,pa- laýlar diýip atlandyrylypdyrlar.B.e.öň II müňýyllygyň ortalarynda günbatarda grek-aheýler, soňra frigiýalylar peýda bolupdyrlar.B.e.öň VIII-VII asyrlarda Kiçi Aziýanyň gündogary kimmer taýpalarynyň mesgenine öwrülýär.

2.B.e.öň II müňýyllykda ýaşamagyny bes eden hett döwleti antik çeşmelerden şöhle- lendirilmeýär.Injilde “hetteýler” barada az-kem agzalýar.1887-nji ýylda Tel-Amarn arhiwiniň üsti açylýar.Ondaky diplomatik ýazuw ýadygärliklerinde hett patyşasy Müsür faraonynyň “dogany” hökmünde agzalýar.Şeýdip täze gadymy döwlet barada açyş edilýär.

1906-njy ýylda G.Winkleriň baştutanlygynda hettleriň paýtagty Hattwanyň ýerleşen ýeri bolan Bogazköýde nemes ekspedisiýasy gazuw-agtaryş işlerine başlaýar.Olar hett-müsür ýaraşyk şertnamasynyň klinopis görnüşini tapýarlar.Bogazköýden tapylan arhiwde Ýakyn Gündogaryň birnäçe dillerinde ýazylan on müň kerpiçjikler tapyldy.

Hett diliniň hindi-ýewropa dillerine degişlidigini 1915-nji ýylda çeh alymy B.Groznyý kesgitledi.Hett taryhyny öwrenmekde gazanylan üstünlikler netijesinde 1933 ýylda A.Getse Kiçi Aziýanyň taryhynyň umumy oçerkini ýazdy.Ol esasy ünsi harby we nesilşalyk taryhyna gönükdiripdir.Demirgazyk Siriýanyň ýerlerindäki b.e.öňki II-I müňýyllyklara degişli döw- letleriň tapyndylarynda ýazylan ýazgylaryň dili hett diline ýakyn bolupdyr.Şonuň üçinem ol döwletleri hett halkynyň taryhynyň soňky döwri hasaplaýarlar.

3.B.e.öňki II müňýyllygyň başlarynda Kiçi Aziýada ilkinji döwlet birleşmeleri emele gelip başlaýar.Olara Nesa (Kanis),Burushanda,Kussar we Hattusa degişlidir.Bulary bir döwlete birleşdirmek üçin ilkinji synanyşyk b.e.öňki XVIII asyra degişlidir.Kussar şäheriniň hö- kümdary patyşa derejesini kabul edýär we Nesany basyp alýar.Soňra patyşa Anitta paýtagty Nesa geçirýär.Birnäçe uruşdan soň,ol Hattusany hem basyp alýar.Burushandanyň hökümdarynyň özi oňa tabynlyk bildiripdir.

Şeýlelikde Anitta Gadymy Hett patyşalygy diýilýän uly döwletiň hökümdary bolupdyr.(B.e.öň XVII-XVI a.).Hett patyşalary öz häkimiýetini halk goşunyna daýanyp,amala aşyrypdyr.Ýarag tutmaga ykyply adamlar pankus diýilýän patyşanyň ýygnagyna üýşýän ekenler. Ýurdy dolandyrmakda tanymal hettler işjeň gatnaşypdyrlar we halk ýygnagynyň işine baştu- tanlyk edipdirler.Tanymal hett begzadalaryna patyşanyň ogullary,doganlary,garyndaşlary hem giripdir.Olar möhüm meseleleri çözmek üçin maslahata-“tuliýa” ýygnanypdyrlar.

Öňden gelýän däp boýunça mirasdar patyşa urugyndan,esasanam,patyşanyň ýegen- lerinden (aýal doganynyň çagalary) saýlanypdyr.Ýöne hett patyşalary bu däbiň soňuna çykmaga çalyşypdyrlar.

Hett patyşalygyny döredenleriň birleşdirijilik syýasatyny Anittanyň dördünji orun- tutary patyşa Labarna (ýa-da Tabarna) (b.e.öň 1680-1650ý.) tamamlapdyr.Ol üstünlikli ýörişler edip Tawr gerişlerine demirgazygyny eýeläp,Gara deňiziň kenaryna çykýar.

Ol öňki däbi bozup,öz ogly Hattusili I-ni (1650-1620) mirasdar belleýär.Paýtagty Hattusa geçirýär.

Hattusili I-niň daşary syýasaty şowly bolmandyr.Onuň öz ogluny mirasdar belleme- gine garşy göreş tutaşypdyr.Ogly ölensoň mirasdary edip agtygyny belläpdir.Mursili I-niň (1620-1590) wagtynda Hett döwletinde merkezleşmek güýçlenýär.Ol Halpany (Halap) eýeleýär.Şondan soňra ol 1595-nji ýylda Wawilony basyp alýar.Ýöne Hett ýurdunyň içerki ýagdaýy artgynly bolýar.Begzadalar tagt mirasdaryny öňki düzgün boýunça bellemek isläpdirler. Mursili uýasynyň adamsy tarapyndan,ol hem öz giýewi tarapynda öldürilýär.Agzalalyklar onlarça ýyla üekipdir.Daşary syýasat hem gowşaýar.

Bu bulaşyklygyň soňuna patyşa Telepin (b.e.öň 1520-1490) çykdy.Ol öz buýrugy bilen patyşa häkimiýetine mirasdarlygy öz ogluna beripdir.Eger patyşanyň ogly ýok bolsa, ýegeni mirasdar bolmaly ekeni.

Telepin aradan çylandan soň,Orta Hett patyşalygy diýlip atlandyrylýan bulaşyk döwür başlanypdyr (takmynan b.e.öňki XV asyr.)

Bu döwürde Hett döwleti umuman gowşaýar.Onuñ Gündogarynda güýçli bäsdeşi Mitanni döwleti,Kiçi Aziýanyň günortasynda Arsawa bolupdyr.Hettleriň Ortaýer deňzinden arasy üzlüpdir.Has hem kasklar howply bolupdyrlar.Olar Gara deňizden Hett döwleti- niň arasyny üzüp ýurdy ýykmak howpuny hem salypdyrlar.Paýtagt şäher Hattusany eýeläp, ony tozdurypdyrlar.

B.e.öňki XIV asyryň başlarynda Hett patyşalygynyň gaýtadan döremegi bolup geçýär.Ajaýyp Hett patyşasy Suppiluliuma ökde diplomat,başarjaň serkerde öňdengörüji,syýasatçy bolupdyr.Ol Müsüriň,Wawilonyň,Metanniniň kuwwatynyň gowşamagy bilen Alynky Aziýada emele gelen halklara ýagdaýyndan peýdalanyp,Hett patyşalygynyň harby kuwwatyny artdyrýar.Goşuny ýeňil we çalt sürülýän arabalar bilen üpjün edýär.Bu arabalar üç urşu- jy:arabany sürýän,ýaý atýan,galkan göterýän ýerleşipdir.Şäherleri galalar bilen berkidýärler. Suppiluliuma ilki Arsawany boýun egdirýär.Soňra diplomatiýanyň kömegi bilen güýçli döwlet Kissuwadnany öz gezegçiligine geçirýär.Öz gyzyny Haýasa patyşasyna çykaryň,Gündogar Pont daglarynyň günortasynda metala baý ýerlere çykalga gazanýar.Soňra Sippiluliuma Ehnotonyň döwründe Müsüriň gowşamagynda peýdalanyp,Ortaýer deňziniň gündogarynda Iordan derýasynyň deňze guýýan ýerine çenli bolan aralygy eýeläpdir.Suppiluliumanyň daşary syýasatynyň iň uly üstünligi Metanni döwletiniň boýun egdirilmegidir.Ol ilki Metannä degişli bolan Halpu,Nuhaşşe,Niýa,Karkemiş ýaly siriýa şäherlerini eýeleýär.Metanni patyşa- sy Tuşratta ölen soň,tagt dawasyna goşulýar we Tuşrattanyň ogly Şattiwasuny tagta çykaryp, öz gyzyny beripdir.Şeýdip giýewini özüne garaşly edýär.

Suppiluliumyň ikinji oruntutary Mursili II-niň döwründe Hett döwleti has-da güýçlenýär.(b.e.öň 1340-1305ý.).Ol Günorta –Gündogar Kiçi Aziýada Günorta Frigiýanyň, Likiýanyň,Miwalanda (Milet) şäheriniň hökümdarlaryny öz tarapyna çekýär we Arsawa döwletini basyp alyp,Egeý deňzine çykýar.Bu Hett döwletiniň iň ösen derejesi bolupdyr.

Mursili II-niň dolandyran söňky ýyllarynda Alynky Aziýada daşary syýasy ýag- daý üýtgäp başlaýar.Seti I-niň we Ramses II-niň döwründe Müsür Ortaýer deňziniň Gündogarynda ornaşmak üçin uruşlar alyp barýarlar.Müsür bilen Hett döwletiniň arasynda Alynky Aziýa üçin uruş turýar.Esasy söweşleriň biri b.e.öň 1296-nji ýylda Kadeşiň ýanynda bolýar. Ramses II-niň goşuny ýeňilýär we zordan galan goşuny bilen Müsüre gelýär.Şondan soň ol diplomatik serişdeler arkaly Hett döwletini Ortaýer deňziniň Gündogaryndan gysyp çykarma ga başlaýar.Şol bir wagtda Hett döwletinde hem ýagdaý çylşyrymlaşýar.Mursili II ölen soň, onuň ýerine zor bilen kiçi dogany Hattusili III geçýär.Ol özüniň gowşaklygyny duýýar.Üstesine-de,Assiriýa tarapdan howp abanypdyr.Şeýlelikde Müsür bilen Hett patyşalygynyň arasynda ýakynlaşma bolup,b.e.öň 1280-nji ýylda parahatçylyk şertnamasy baglaşylýar.Bu şertnama boýunça Siriýa we Demirgazyk Finikiýa hett täsirine,Palestina we Günorta Finikiýa müsür täsirine düşýär.Şertnama Hattusili III-niň gyzy bilen Ramses II-niň arasynda baglanyşan nika arkaly berkidilýär.

Şondan soňra Hattusili III zordan Assiriýanyň zor salmagyny saklapdyr.Onuň mirasdüşerleri gündogarda goranyş hereketlerini,günbatarda bolsa üstünlikli dasary syýasaty ýöredipdir.

Grekler Troýany ýeňensoň,hettler Troadany basyp alýarlar,Sardyny hem ýumurýarlar.B.e.öň XIII asyryň ahyrynda Egeý deňziniň kenarlaryndan we adalaryndan bolan deňiz halklary bileleşmeleri Alynky Aziýa dökülipdirler.Müsür bularyň garşysyna durup bilipdir. Ýöne Hett patyşalygy b.e.öň 1190-njy ýyl töwereginde ýaşamagyny bes edipdir.B.e.öň XII- VIII asyrlarda onuň ýerinde birnäçe ownuk döwletler emele gelipdir.

Hett patyşalygynda ykdysadyýetiň esasyny oba hojalygy tutupdyr.Maldarçylyk, aýratynam dowardarçylyk giň ýaýrapdyr.Ekerançylyk esasan düme görnüşinde bolup,emeli suwaryş kän bolmandyr.Arpa,bugdaý,alma,armyt,injir,erik,üzüm,zeýtun ekilipdir.Hünärment- çiligiň dürli görnüşleri bolupdyr.Ýaraglar esasan bürünçden ýasalypdyr.

Täze Hett patyşalygy döwründe daşarky söwda ösüp,oňa döwlet gözegçiligi ýola goýlupdyr.

Hett döwletinde ýerleriň bir bölegi patyşanyň maşgalasyna degişli bolupdyr.Baş ruhany hökmünde ybadathana ýerlerine hem patyşa ygtyýarlyk edipdir.

Döwlet we ybadathana ýerlerinden başga ýerler hususy eýeçilikde bolup,ony satyn almak,satmak bolupdyr.Ýer eýeleriniň birleşmeleri ýerli jemagatlary emele getiripdir.Olaryň kethudalary administratiw we kazyýet işlerini ýerine ýetiripdirler.Hususy we döwlet eýeçiligindäki hojalyklarda gullaryň,ýesirleriň,ýere berkidilen işgärleriň zähmetini ulanypdyrlar.

Hett hukugy boýunça salgyt töleýän we zähmet borçlaryny ýerine ýetirýän adamlar erkin däl adamlar hasaplanypdyr.

Hett döwletinde tagt mirasdaryny bellemekde patyşanyň garyndaşlaryna möhüm orun degişli bolupdyr.Tuliýa degişli begzadalar patyşanyň işine gözegçilik edip bilipdirler. Hettler basylyp alnan ýerleriň dolandyryjy toparlaryny kän bir çalyşman,salgyt almak bilen çäklenipdirler.

Täze Hett patyşalygy döwründe patyşanyň monarhiýa häkimiýeti güýçlenmäge başlapdyr.Emma oňa garşy çykýanlaryň täsiri has uly bolup,şol sebäplem b.e.öň XIII-XII asyrlaryň sepgidinde Hett döwletiniň ýykylan bolmagy-da mümkindir.

3.Hett medeniýetine Müsür we Mesopotamiýa siwilizasiýalarynyň,hurritleriň täsiri ýetipdir.

Hettleriň dini köphudaýlylyk bolup,paýtagty Hattusanyň howandary apy-tupanyň hudaýy hasaplanypdyr.Onuň bilen birlikde Hurritleriň Tesub hudaýyna-da çokunypdyrlar.Ony eli bir topbak ýyldyrymly we söweş paltaly şekillendirip,ýyldyrym hem uruş hudaýy hasaplap- dyrlar.Hattusada ýyldyrym hudaýynyň aýaly gün hudaýyna-da,dürli hasyllylyk hudaýlaryna- da,şol sanda müsürli Osirise we Şumerli Dumuzä gabat gelýän Telepine hem ynanypdyrlar. Kilikiýada ýerli hasyllylyk hudaýy Sandan bolup,onuň aýaly ene Ma hasaplanypdyr.Many akkadça Iştar diýip hem atlandyrypdyrlar.

Dürli haýwanlara we guşlara hem dini ynançlar bolupdyr.Hettlerde patyşa häkimi- ýeti güýçlenip ugran soň,ony gün hudaýyna deňäp başlapdyrlar.

Hett ýazuw ýadygärliklerinde patyşa terjimehallary ýazylan eserler,taryh baradaky eserler,şumer-hett-wawilon dilleriniň sözlügi,hett patyşasynyň baş atbakary asly mitannili Kikkuli tarapyndan düzülen atçylyk baradaky okuw kitaby ýaly işler duş gelýär.

Hett berkitmeleri iki diwarly bolupdyr.Olar daşdan salnypdyr.Heýkeller we relýef şekilleri uly we agyr bolan.Olar äpetligi bilen tomaşaçynyň sussuny basypdyrlar.